Harby gullukçylarymyz azyk bolçulygyna önjeýli goşant goşýarlar

Ýakynda biziň döredijilik toparymyz gadymy Merw topragynda boldy. Bizi Türkmenistanyň döwlet serhet gullugyna degişli bolan harby bölümiň serkerdeleri mähirli garşyladylar. Şol pursat özümiň serhetçidigime bolan söýgim has-da artdy.
Biziň esasy maksadymyz harby bölümiň oba hojalyk pudagy boýunça alyp barýan işlerini içgin öwrenip, bu hakda degerli maglumat toplamak we ony serhetçilere, galyberse-de, halk köpçüligine ýetirmekdi. Bu babatda ilki özüne çeken zat, harby bölümiň kömekçi hojalygynyň düzüminde hereket edýän ýyladyşhanalarda serhetçi harby gullukçylarymyzyň alyp barýan işleri boldy. Harby gullukçylarymyz tarapyndan gurlan ýyladyşhanalarda gök-bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler döredilipdir. Pomidorlaryň, hyýarlaryň, limonlaryň we beýleki gök önümleriň düzüm-düzüm bolup duranyny göreniňde, serhetçi harby gullukçylarymyzyň zähmetiniň ýerine düşendigine şaýat bolýarsyň.
Yhlasly işler bilen ýüzbe-ýüz
Harby bölümleriň ýyladyşhanalarynyň gurluşygyna, serhetçi harby gullukçylarymyzyň ösdürip ýetişdirýän gök-bakja we miwe önümleriniň bol hasylynyň ýygnalyşyna öň telim gezek şaýat bolupdym. Bu gezegem şeýle boldy, gullugymyzyň düzüminde ençeme ýyl bäri hereket edýän ýyladyşhanalaryň ýene-de biriniň işleri bilen ýüzbe-ýüz bolduk.
Bu ýyladyşhanada iş alyp barýan serhetçilerimize dürli gök önümleri ekmäge, olary idetmäge, bol hasyl almaga ähli mümkinçilikler bar. Gök önümlere yzygiderli suwaryş işlerini geçirmek üçin hem bu ýerde birkemsiz şertler göz öňünde tutulypdyr.
Ýyladyşhanalar güýz aýlarynda ekişe taýýar edilip başlanýar. Toprak agdarylýar, suwarylýar, dökün berilýär. Ýyladyşhananyň ýylylygy ortaça 18 — 20 gradus derejä çenli ýetirilýär. Ekiljek gök önümleriň şitilleri ekilmezinden bir aý öňünden aýratyn gutujyklara ekilip, gögeren şitilleri tehnikanyň kömegi bilen belli bir ölçegde kesilýär. Gök önümleriň şitilleri gullukçylarymyz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär. Oktýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde taýýar bolan şitiller ekilip başlanýar hem-de olar yzygiderli suwarylyp, belli bir möçberde mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. şeýlelikde, ideg işleri ýerine ýetirilýär. Boýy ýeten şitiller uzyn sapaklar bilen berkidilip daňylýar.
Ekileninden 40 — 50 gün geçenden soň, şol şitiller hasyl berip başlaýar. Ýygnalan hasyllar gullugymyzyň düzüminde hereket edýän harby bölümlere, harby gullukçylarymyzyň maşgalalaryna, ilata elýeterli bahadan hödürlenilýär. Mart aýynyň ortalarynda ýygym işleri tamamlanandan soň, ýyladyşhana indiki ekiş möwsümine doly derejede taýýarlanýar.
Hyýaryň bol hasyly
Ine-de, Goşunymyzyň düzüminde ýerleşýän ýene-de bir harby bölümiň ýyladyşhanasy. Bu ýerde hyýarlaryň 2 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Her ýylda bu ýyladyşhanada hyýaryň bereketli hasyly yrýa edilmän ýygnalýar. Şu ýyl hem bu ýyladyşhanada hyýaryň bol hasyly ýygnalýar. Oňa ýyladyşhananyň bosagasyndan giren pursadyň hem magat göz ýetirýärsiň. Häzirki wagtda bu çaklaňja ýyladyşhanada tapgyr boýunça ýygym işleri gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.
Pomidorly ýyladyşhana
Gürrüňini edip oturan harby bölümimiziň ýyladyşhanasy owadanlygy bilen özüne «Botanika bagymyka» diýdirýär. Ýyladyşhananyň içi al-ýaşyl öwsüp otyr. Mes toprakda oturdylan şitillerde eýýäm pomidorlar düwüp, gyzaryp başlapdyr. Bu ýere şitiller oktýabr aýynda ekildi. Häzirki günlerde ýyladyşhanada ýygym döwri başlanypdyr. Munda serhetçi hünärmenler öz yhlasdyr zähmetlerini birjik-de gaýgyranoklar. Bu ýyl harby bölümiň hünärmenleri göz öňünde tutulan meýilnamany artygy bilen dolmagy maksat edinýärler.
Düzüm-düzüm limonlar
Ynha, ençeme ýyldan bäri gullugymyzyň düzüminde ösdürilip ýetişdirilýän limon agaçlarynyň bol hasyly! Bu limon agaçlary aprel aýynda gülläp, dekabr aýynda hasyl berip başlaýar. Limon agaçlary pyntyklap başlanyndan tä hasyla durýança, suwaryş işleri geçirilýär hem-de olara kada görä dökün berilýär. Limon gyzgyn howany halaýar. Ýyladyşhanada 30 düýpden gowrak limon agajy ösdürilýär.
— Şu ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde ýyladyşhanamyzda 400 kilograma golaý limon hasyly alyndy. Häzirki wagtda ýyladyşhanada indiki hasyla doly derejede taýýarlyk işleri geçirilýär — diýip, gullugymyzyň harby gullukçysy, maýor Merdan Pirnepesow gürrüň berdi.
Keremli ene topragymyzda ýetişdirilýän gök önümleriň, miweli baglaryň bol hasylyny göreniňde, ýurdumyzyň bolçulygyň Watanydygyna magat göz ýetirýärsiň. Şeýle bereketli hasyla gözli şaýat bolanyňda, harby gullukçylarymyza hem gök önümleri ösdürip ýetişdirmekde ýyladyşhanalary gurmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarsyň.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň ilkinji aýynda Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilmegi biz — harby gullukçylar üçin has-da buýsandyryjy. Biz hem parahatçylygy dabaralandyrmakda dünýä nusga görkezýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, ähli harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys!
Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant.