Ezizowdan Pyraga çenli

...Bu setirleriň ýazylmagyna irden işe gitmek üçin münen ýolagçy awtobusymdaky waka sebäp boldy. Ir säheriň ümri gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak şähere gonak bolupdy: köçelerdir binalar, daragtlardyr ýan ýodalar... ýukajyk çal ýapynja ýapynypdy.
Beýle pursatlarda, elbetde, goýazy pikirler seriňe dolýar. Emma onýança awtobusyň radiosyndan aýdym ýaňlanmaga başlady:
— Keýpine, keýpine, ýöne keýpine...
Bu şahyr Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen meşhur aýdymdy. Onuň liriki gahrymany şähere keýpine gezelenje çykypdy, ol ýolugra oýnap ýören çagany egnine mündürýärdi, öňünden çykan nätanyş gözel gyza keýpine salam berýärdi. Her näme etse-de, ol muny kireňsiz şatlyk, keýpiniň çaglygy, durmuşa bolan çäksiz söýgüsi bilen edýärdi.
Aýdymyň sözlerini diňledigimçe, kalbymda täsin-täsin pikirler oýanýardy, durmuşyň bize berlen bibaha serpaýdygy, onuň her bir pursadyndan lezzet alyp ýaşamalydygy barada oýlar barha ynamlylyk bilen kalbyma ornaýardy, men kaddym hem biraz dikelýän ýaly, göýä, süňňüme aýdymyň sözlerinden güýç, ylham gelýän ýaly duýgyny başdan geçirýärdim. Durmuş, geljege dahylly meýilnamalardyr indiki ýazmaly zatlarym, kärim-hünärim, özümi gurşap alan ýagşy adamlar barada oýlanmaga başladym.
Awtobus döwrebap ötükleridir ýol ulgamy bolan, bütin şäheri zowwam kesip geçýän giň şaýoldan aşak inipdi, tanyş aýdymçy ýigit bolsa barha joşýan owazy bilen şadyýan aýdymyny dowam edýärdi. Men aýdymyň uzagrak dowam ederini isleýärdim, emma bu mümkin däl, sebäbi ol radioda ýaňlanýardy.
Ine-de, aýdym tamamlandy, alypbaryjy hem indiki eşitdiriljek gepleşigiň adyny yglan etdi. Men adaty ahwalyma dolanyp geldim, öz pikirlerime berildim...
Men iş ýerime ýetmek üçin duralgada düşüp, ýene bir awtobusa münmelidim. Şeýle-de etdim.
Mus-musuň mustapasyny diňläň!
Täze münen awtobusymda radioda däl-de, magnitofondan eşitdirilýän aýdymda durmuşyň tukat taraplaryndan söhbet edilýärdi.
Gapma-garşylykly duýgulary diýsene! Hälki ruhubelentligimden nam-nyşan galmady, men indi göwnüçökgünlige uçrapdym. Emma...
Hernä, paýhas kömege ýetişäýdi, köňlümi büräp alan umytsyzlyk buludy birdenkä bir ýana el bilen syrylan ýaly etdi, misli ýagyşdan soň ýalbyrap Gün çykan ýaly boldy. Men aýdymyň gamgyn sözleriniň içinden bu ötegçi ömürde yz galdyrmaga çalyşmalydygy, ömri manyly, ile-güne peýdaly ýaşamaga jan etmelidigi, durmuşyň synag meýdanydygy, şonuň üçin islendik pursatda-da ruhdan düşmän, sowukganlylyk bilen, paýhas bilen geljege umytly garamalydygy baradaky manyny tapdym.
Meniň üçin, göräýmäge, içgysgynç bolup görnen bu aýdymyň täsiri ilkinji diňlän aýdymymyň eçilen täsirinden birjigem pes däldi, gaýta bu ruhubelentlik duýgynyň däl-de, eýýäm paýhasyň emri bilen kemala gelipdi.
...Iş ýerime gelenimde, eýýäm başga adamdym, mende: keýpine şähere gezelenje çykyp, ýolugra gabat gelen çagany egnine mündürýän, pete-pet gelen gyza: “Salam, keýgim!” diýip keýpine salam berýän, her günüň, her sagadyň gymmatyny bilmegi ündeýän Ezizowyň ruhubelentligi, dünýäniň synag meýdanydygy, şonuň üçin ýagşy işleri köpräk bitirip, sogap gazanmagy, özüň barada oňat ýatlama galdyrmagy öwüt edýän Pyragynyň peşgeş eden paýhasy jemlenipdi.
Hemra HUDAÝGULYÝEW.
“Türkmenistan”.