Hazar: taryhyň täze sahypasy

XXI asyryň 21-nji ýylynyň 21-nji güni!
Utgaşygy, sazlaşygy bilen asyrda bir gezek gaýtalanýan täsin sene diýýärler şu güne. Biziň üçin bolsa bu sene diňe bir daşky sazlaşygy bilen däl, eýsem, taryhy ähmiýeti bilen hem geldi. 21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
Ine, Hazaryň hazynasy!
Ine, heňňamyň hakydasy!
Ine, taryhyň täze sahypasy!
Bu dabara wideoköpri arkaly gatnaşan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew täze Ähtnama gol çekilmegine köpugurly hyzmatdaşlygyň täze tapgyry hökmünde baha berdiler.
...Magtymguly Pyragy: “Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy” diýýär. Biz sanlyja gün ozal, 14-nji ýanwarda Jeýhun ýakasynda — Amyderýa kenarlarynda goňşy Owganystan bilen dahylly döwletli desgalaryň birbada dördüsiniň — Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisiniň, Serhetabat — Turgundy, Ymamnazar — Akina optiki-süýümli geçiriji ulgamlarynyň ulanmaga berlişiniň şaýady bolduk. Şol günüň ertesi, 15-nji ýanwarda “Malaý” gaz ýatagynda açylan täze gysyjy desga bolsa türkmen döwletiniň Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň täze sahypasyny alamatlandyrdy, ol Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryna gönükdirilendir.
Döwrüň wakalarynyň, göýä, Hazaryň möwçli tolkunlary deýin, biri-birini tiz-tizden täzeläp barşyny diýsene! Gözlerde galyp, göwünlere ornan şeýle tutumly işleriň täsirinden çykmankak, onuň tereň söhbetlerini doly paýlaşyp ýetişmänkäk, Hazar arkaly duldegşir goňşymyz Azerbaýjan Respublikasy bilen energetika hyzmatdaşlygynda taryhy ädim ädildi.
Munuň özi nämäni görkezýär?! “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň rejesini-derejesini görkezýär. Onuň tüýs adyna muwapyk ruhda gelendigini tassyklaýar. Türkmen döwletiniň, onuň parasatly Lideriniň hemişe haýryň, dostlugyň tarapyndadygyny subut edýär.
                                            ***
Häzirki ýaly ýadymda, azerbaýjanly sungat ussady, görnükli syýasy-jemgyýetçilik işgäri Polat Bilbil ogluna “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň berilmegi mynasybetli, söhbetdeş bolanymyzda, ol gürrüň arasynda: “Hazar — bütewilik sallançagy. Onuň bir kenarynda mukam, bir kenarynda mugam ýaňlanýar. Aslynda, olaryň ikisi-de bir zatdyr, Hazaryň parahatçylyk, dostluk owazydyr” diýipdi.
Hawa, Hazar — parahatçylygyň deňzi. Ol ýurtlaryň bölünýän däl-de, birleşýän ýeri. Bähbitleriň galtaşýan nokady. Hazar diňe bir deňiz däl, ol kenarlarynda mesgen tutan 250 million çemesi ilatyň ykbalydyr.
Hawa, Hazar sebiti — strategik ähmiýete eýe. Munuň özi, ilkinji nobatda, Hazar deňziniň energiýa deňzidigi, Pars aýlagy bilen bilelikde bir guşaklygy emele getirip, onda dünýä nebitiniň 70 göteriminiň, tebigy gazyň gorlarynyň 40 göteriminiň jemlenendigi bilen baglanyşdyrylýar. Şeýle hem bu sebit geçmişden şu güne Aziýany we Ýewropany birleşdirýän möhüm köprüdir, halkara bazarlara möhüm çykalgadyr. Hazar deňziniň dünýäniň täsin ekoulgamy bolup durýandygy bolsa onuň strategik jähetleriniň ýene-de biridir.
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda, Aktau sammitinde Hazaryň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilmegi bu sebitde köpugurly hyzmatdaşlygyň möhüm esaslaryny döretdi.
Ine, şeýlelikde, Türkmenistan we Azerbaýjan ilkinji gezek Hazaryň energiýa baýlyklaryny bilelikde özleşdirmäge girişýärler.
Elbetde, Hazar — ymgyr hazynalar mekany. Onuň iň uly, iň gymmatly baýlygy bolsa kenarlaryndaky halklaryň abadançylygydyr, ýürekdeş gatnaşyklarydyr. 2019-njy ýylyň awgustynda biziň döwletimiziň başlangyjy bilen geçirilip, sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze taryhyny başlan birinji Hazar ykdysady forumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazar strategiýasynyň şu uly hakykatdan ugur alýandygyna ünsi çekmek bilen, şeýle diýdi: “Men esasy zady belläp geçmek isleýärin. Şonsuz hiç bir taslama-da, iň gowy we oňyn başlangyç-da amala aşyrylyp bilinmez. Munuň özi kenarýaka ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk we özara düşünişmegi bilen baglanyşykly meseledir”.
                                            ***
Soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynda bolup geçen möhüm wakalary, şaýat bolan pursatlarymy sanamaga çalyşdym öz ýanymdan. Iki elimiň barmaklary ýetmedi. Olar kän, yzygiderli we toplumlaýyn. Hormatly Prezidentimiziň saparlary mynasybetli, bize dürli ýyllarda azerbaýjan topragynda bolmak miýesser etdi. Her gezegem özümizi dost öýünde, dogan öýünde ýaly duýanymyz çyn.
Eýse näme?! Bizi taryhy kökler, umumylyklar birleşdirýär. Türkmen hem azerbaýjan halklary — gadymy Oguz daragtynyň goşa şahasy, bir deňziň iki kenary. Azerbaýjan ülkesindäki ýer-ýurt atlarynyň köpüsi biziň nusgawy edebiýatymyzdan, dessanlarymyzdan, «Görogly» eposymyzdan gözümizde galan, gulagymyz ganan atlar. Bu ýurtda 60-dan gowrak şäher, şonça-da şäherçe bar, şolaryň köpüsinde türkmenler bilen baglanyşykly atlar saklanyp galypdyr. Aňyňda bolsa «Saýatly-Hemra» dessanyndaky:
Göwnüm istär Häzirbegjan ilini,
Mugan daglarynyň gary bar, gary
— diýen setirler ýaňlanyp durandyr...
Ine, şu taryhy umumylyklar hem bu gün iki Garaşsyz döwletiň — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň geosyýasy we geoykdysady taýdan dünýäniň wajyp künjeginde ýerleşmegi, ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky giň mümkinçilikleri bilen utgaşyp, dostlukly gatnaşyklary täze derejä çykarýar. Şunda iki ýurduň Liderleriniň birek-birege ýürekdeş, gadyrly garaýyşlarynyň kesgitleýji ornuny aýratyn bellemek gerek.
Üns edensiňiz, 21-nji ýanwarda bolan wideoduşuşykda iki ýurduň Baştutanlary birek-birege gardaş diýip, doganym diýip ýüzlendiler. Iki dilde-de düşnükli bolan “Ýaşasyn Türkmenistan — Azerbaýjan dostlugy!” diýen sözler aýdyldy. “Şu gün gol çekmek çäresini synlap otyrkam, biziň pederlerimiziň bu günki dabarany görmek mümkinçiligi bolan bolsa, olar muňa örän şatlanardylar diýip oýlandym. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, “olaryň ruhy şat bolardy” diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti belledi.
Bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda ýeten sepgitlerine nazar aýlamagyň hem möhüm pursady boldy. Bellenilişi ýaly, özara gatnaşyklarymyzyň tutuş taryhynda resminamalaryň 100-den gowragyna gol çekilen bolsa, şolaryň ýarysyndan gowragy soňky üç ýyla degişli. Olar ähli ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
                                            ***
Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar kenarlaryny yzlap geçendigini taryh gür berýär. Beýik Hytaý diwarlaryndan gaýdan bu gadymy ýol Gündogardan gaýdyp, soň Amulyň, Merwiň, Nusaýyň içinden geçip gaýdýan şahasy Hazaryň bäri kenaryndan Gürgene, Mazenderana, ondan aňryk, arap ýarym adalaryna, beýleki ujy Ýewropa tarap gidipdir. Ýene bir şahasy bolsa Garagumuň içindäki Gyzylgaýa, Çagyl, Tüwer ýaýlalarynyň içinden Hazar deňzini ýakalap, Üstýurt gyrlarynyň üstünden aşyp, gazak sähralaryna, ondanam Ural, Wolga derýalarynyň kenarlaryna aralaşypdyr...
Halkyň durmuş menzillerine ýugrulan taryhy tejribe, taryhy hakyda hiç haçan ýitip gitmeýär. Aýdylyşy ýaly, ol diňe bir görnüşden beýleki bir görnüşe geçýär. Hawa, birmahallar goja Hazary okkessirme geçen taýmylly-gämili gatnawlar bu gün kuwwatly halkara söwda gämi-parom gatnawlary, ymgyr Aziýadan Ýewropa uzan Beýik Ýüpek ýolunyň menzilleri ählumumy abadançylyga gönükdirilen täze, döwrebap taslamalar görnüşinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejesini orta çykarýar.
21-nji ýanwarda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ulag düzümini döretmek boýunça taslamalarynda umumylyklaryň bardygy bellenildi. Munuň özi häzirki zaman halkara deňiz portlarynyň işinde has-da äşgär duýulýar.
Owgan, gruzin we türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan we Azerbaýjan bu gün Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm yklymara ugur bolan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň netijeli hereketini üpjün etmek ugrunda iş alyp barýarlar. Şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça ulag gatnawlar ulgamyny döretmegiň başyny başladylar.
                                            ***
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen dünýä bileleşiginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl Türkmenistan üçin hem, Azerbaýjan Respublikasy üçin hem taryhy ähmiýetli sene. Dostlukly ýurtlaryň ikisi-de bu ýylda Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram eder. Täze Ähtnama hem mukaddes Garaşsyzlygyň miwesi bolup, ol iki iri energetika döwletiniň özbaşdak ösüş ýyllarynda nähili kuwwatly, jebis ýurtlara öwrülendiginiň ýene-de bir delilidir.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasy bileleşip, bu gün täze taryhy döredýärler. Ol — dostlugyň, doganlygyň hem ynanyşmagyň taryhy. Şu gymmatlyklaryň bar ýerinde parahatçylyk bar.
«Deňiz deňizdir, onuň bir damjasy-da deňizdir» diýilýär. Edil şonuň ýaly, taryh taryhdyr, onuň bir pursady-da taryhdyr. Bir pursadyň mysalynda taryhyň uly hakykaty açylýar.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.