Gerçek ýigit, goç ýigit Watan daýanjy, halkyň guwanjy

27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni
Taryhdan mälim bolşy ýaly, döwletleriň berkligi, belentligi, beýikligi şol döwletiň erkek göbeklisiniň sagdyn, ylymly-bilimli, watansöýüji, merdi-merdana, dogumly, gerçek ýigit bolup ýetişmegine baglydyr. Ata-babalarymyz ogul perzentlerini çagalykdan terbiýeläp, olaryň geljekde maşgalasyny, ata Watanyny gözüniň göreji dek gorap biljek är ýigitler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edipdirler.
Goşun serkerdelerini ýetişdirmek — döwlet üçin esasy we mukaddes borç bolup, nesilbaşymyz Oguz han döwründen başlap, geljekki serkerdeler atabegler tarapyndan okadylyp, terbiýe alypdyrlar. Atabegler olara dünýä dillerini, ähli ylymlary, aýratyn hem söweş we serkerdelik tilsimlerini öwredipdirler. Dünýäniň köp dillerinden, dünýä ylymlaryndan, edebiýatyndan, söweş tilsimatlaryndan habarly bolan türkmen serkerdeleriniň taýsyz ýeňişleri gazanmaklarynda atabegleriň öwreden bilimleriniň örän uly orny bolupdyr.
Kowusnamanyň «Söweşmek hakynda» diýen fasylynda gerçeklik barada «Oglum, eger söweş meýdanynyň ortasyna düşseň, özüňi ýitirip janyňy aýajak bolmagyn, çünki görde ýatmak maňlaýyna ýazylan adam hiç bir jähetden öýünde ýatyp bilmez» ýa-da «Söweşde bir ädim ileri süýşüp bilýärkäň, bir ädim gaýra basmagyn. Hiç wagt ýöwsellik etmegin, mert bolgun. Gerçekleriň elindäki gysgajyk gylyçlar hem nägehana uzyn bolup görner. Uruşda ahmallyk etmek bolýan däldir, sähelçe namartlyk ýa ýöwsellik etdigiň, müň janyňdan birini saklap bilmersiň. Iň züwwetdin adam senden rüstem geler» ýaly maslahatlar getirilýär.
Hiç haçan ýagynyň öňünde müzzermän, Watanyny gözüniň göreji ýaly gorap saklan türkmen ýigitleri ýagy sesini eşideninden hiç hili çakylyksyz ýygnanyşmaly ýere az salym içinde jemlenişip bilipdirler.
Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça, dönmenem, begler!
Dikdir serim, düşmen duşman astyna,
Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler!
diýýän watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň şu hyjuwly jümlelerini okanyňda hem, halkymyzyň Watanyň başlanýan ýeri bolan maşgala ojagyna-da wepa-ygrarlydygyna, ony näderejede eziz görýändigine göz ýetirmek mümkin.
Biz türkmeniň täze taryhynyň dörän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mynasyp ýeňişleriň gazanylýan zamanasynda ýaşaýarys. Köňlünde mert pederleriň ruhy bolan milli goşunymyzyň harby gullukçylary merdana ata-babalarymyzyň şöhratly, söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna uly sarpa goýýar we olaryň hyzmatyna ýokary baha berýär. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde: «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gulluk edýän harby gullukçylaryň, ýaş esgerleriň ata-baba merdanalyk mekdebine ygrarlydyklaryna ynanýaryn hem-de olara bimöçber guwanjym bar. Çärýek asyrlyk menzili aşan bu kuwwatly güýjüň kemala gelmeginde ata-babalarymyzdan miras galan gerçeklik tälim-terbiýesiniň ähmiýetlidigini aýratyn nygtasym gelýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri — watançy, mertebeli, gaýratly, asylzada, edermen türkmen ýigitleriniň, algyr laçynlaryň — merdanalaryň mekdebidir. Bu halkymyzyň namys-arly, il-gününe ygrarly nesilleriň öňündäki borjuna wepalylygydyr» diýip beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiziň Watan goragçylarynyň gününi döretmek we ony her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýokary derejede guramaçylykly bellemek hakynda gol çeken Permanyna örän hoşal bolan Watan goragçylary özleriniň asylly gulluklary bilen jogap hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň özygtyýarlygynyň, agzybir halkymyzyň abadançylygynyň goragynda gije-gündiz berk durýarlar. Çünki Watany hemişe mertler goraýarlar. Merdana pederlerimiziň bu asylly däp-dessurlary hem-de ýörelgeleri biziň bagtyýar döwrümizde-de dowam etdirilýär. Döwlet ähmiýetli, halk bähbitli we jogapkärli wezipäniň ak ýürek bilen ýerine ýetirilmegine goşant goşmak, Watan goragçylarynyň her biri üçin hormatdyr.
Biz — mugallymlar hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň watançylyk taglymatyndan ugur alyp, okadýan harby talyplarymyzy ata Watana wepaly, ylymly-bilimli ýaşlar edip ýetişdireris!
Goý, ata Watanymyzy, il-gününi jandan söýýän, göbek gany daman dogduk mekanyny gaýa dek gorap bilýän gerçek ýigitlerimiz mydama halkyň guwanjy, Watanyň daýanjy bolup, mukaddes borja wepalylygyň nusgasyny görkezip, ýurduň abraýyna abraý goşsun!
Hydyrguly WOHANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.