Günüň gelşi säherinden maglumdyr, ýylyň gelşi äheňinden

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir günümiz, aýymyz, ýylymyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda ajaýyp üstünlikler gazanyldy. Mähriban halkymyz geçen şanly ýylymyzda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçdi. Şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp ak şäherimiz Aşgabatda, edil şonuň ýaly-da, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde il-ýurt bähbitli beýik işler amala aşyryldy, birgiden möhüm desgalar ulanylmaga berildi. Has takygy, hormatly Arkadagymyzyň 30-njy dekabrda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Diýarymyzda il-ýurt bähbitli umumy bahasy 7 milliard manada deň bolan 45 sany döwrebap desga açyldy. Bu açylan desgalardyr binalar häzirki döwürde mähriban halkymyzyň, döwletimiziň, umumadamzadyň bähbidine hyzmat edýär. Umuman, 2020-nji ýyl hem beýik ösüşleriň, döretmegiň we gurmagyň şöhratly ýyly bolup, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, berkarar Diýarymyzyň täze taryhynyň röwşen sahypalaryna girdi. Halkymyzda «Günüň gelşi säherinden maglumdyr, ýylyň gelşi äheňinden» diýlişi ýaly, eziz Watanymyzyň durmuşynda Täze, 2021-nji ýyl şatlykly hoş habarlar, şanly wakalar bilen badalga aldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 12-nji dekabrda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň resminamasy BMG-niň alty sany resmi dilinde dünýäniň çar künjüne ýaýradyldy.
Hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň umumadamzat bähbitli oňyn netijeleri bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär, türkmen döwletiniň abraý-mertebesini belende galdyryp, jahana ýaň salýar. Türkmen döwletiniň teklibi esasynda 2021-nji ýylyň tutuş dünýäde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, parahatçylygy abadançylygy baş ýörelge edinýän mähriban halkymyzyň hormatly Arkadagymyzyň amal edýän beýik işlerine bolan buýsanjyny, guwanjyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumadamzat bähbitli möhüm başlangyçlarynyň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalary biragyzdan kabul etmegi hem, olaryň dünýäniň umumy ösüşinde möhümdigine hem-de zerurdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Arkadagymyz 2021-nji ýyly ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyryp berdi.
Şu ýyl mähriban halkymyz pederlerimiziň uzak asyrlaryň dowamynda arzuwlan mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly dabaralara, bitirilen we bitirilýän beýik işlere besläp, uludan tutar.
Golaýda hemmämize mälim bolşy ýaly, diňe bir Watanymyzyň däl, tutuş sebitiň täze taryhyna şanly sahypa bolup girýän, möhüm ähmiýetli bäş sany desganyň açylyş dabarasy boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp açyljak binalaryň ilkinjileriniň ýurdumyzyň gündogar welaýatynda açylmagynyň hem çuň manysy bar. Garaşsyzlyk türkmen döwletiniň, halkynyň alnyndan Gün bolup dogdy. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy, nesip bolsa, ata Watanymyzda açyljak möhüm ähmiýetli onlarça binalardyr ägirt uly desgalaryň dabaralary bilen utgaşar.
14-nji ýanwarda Lebap welaýatynda tutuş sebitiň durmuşyna oňyn täsir edýän möhüm desgalaryň açylmagy, ýagny, Akina — Andhoý beketlerini birleşdirýän 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki — Şibirgan aralygynda çekilen 150 kilometrden gowrak elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň oňyn netijelerini tutuş jahana äşgär etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Watanymyz häzirki taryhy döwürde döwletleri we yklymlary birleşdirýän, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlary bolan howa menzillerini, awtomobil we demir ýollary, gaz we elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamlary gurmak, döretmek bilen halkara derejesindäki ornuny has-da pugtalandyrýar.
Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen bu gün Türkmenistan Demirgazygyň we Günortanyň, Günbataryň we Gündogaryň, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda «altyn derwezä» öwrülýär. Bu möhüm ähmiýetli taslamalar halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek we giňeltmek, şol beýik işlere dostlukly ýurtlary, halkara ykdysady birleşmeleri we maliýe guramalaryny, işewür bileleşiklerini çekmek üçin hem täze mümkinçilikleri açýar, ösüşleriň köpugurly şertlerini döredýär. Ýurdumyzda halkara derejesindäki iri taslamalaryň çalt we netijeli usulda durmuşa ornaşdyrylmagy kämil ykdysady ulgamyň kemala gelmegini we şonuň bilen bir hatarda, beýik ösüşleri üpjün edýän derwaýys wezipeleriň hem oňyn çözgüdini şertlendirýär. Halkymyz köpri gurmagy, ýol çekmegi, guýy gazmagy, bag ekmegi, döretmegi we gurmagy sogap iş hasaplapdyrlar. Şeýle asylly işleri amal edýän şahsyýetleriň atlarynyň Watanyň gursagynda baky ýaşaýandygyny taryh subut edýär. Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň döreden däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri hormatly Arkadagymyz tarapyndan has-da kämilleşdirilip, döwre görä ösdürilip, dünýäniň çar künjünde dabaralandyrylýar. Akina — Andhoý beketlerini birleşdirýän 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi hem, mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt, umumadamzat bähbitli belent maksatlaryndan gözbaş alýandygy hemmämize mälimdir. Hormatly Arkadagymyzyň dost-doganlyga uzaýan ak ýollary barada gürrüň edeniňde 2013-nji ýylda Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň düýbüniň tutulyş dabaralary hakydaňa gelýär. 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda bolsa bu möhüm taslamanyň açylyş dabarasy uludan tutulypdy. Uzynlygy 88 kilometr bolan ýoluň 85 kilometri ýurdumyzyň içinden geçýär. 3 kilometri goňşy Owganystan döwletiniň Ymamnazar — Akina serhetýaka nokatlaryny birleşdirýär.
14-nji ýanwarda ulanmaga berlen Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda badalga berlipdi. Hormatly Arkadagymyzyň beýik ösüşlere uzaýan täze gurulýan dost-doganlyk ýollary diňe bir owgan döwletine däl, goňşy Eýrana-da, alysdaky döwletlere-de uzaýar. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen amal edildi. Hut şu demir ýol bilen Hytaýdan gelýän ýük otlusy ýurdumyzyň içinden Eýrana geçirildi. 8 müň 352 kilometr uzynlykdaky ýol 13 günüň dowamynda geçildi. Bu bolsa ozalky geçilýän ýoluň wagtyny iki essä golaý azaltdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen owgan döwleti türkmen elektrik energiýasyny birnäçe ýyl bäri ýeňillikli şertlerde halk hojalygynyň möhüm ugurlaryna sarp edýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, mundan öň hem türkmen tarapynyň ýardam etmeginde 2018-njy ýylyň iýul aýynda Rabatkaşan — Kalaýnau aralygyna elektrik geçirijisi çekilipdi. Geçirijilik ukyby sagatda 100 megawatta barabar bolan 112 kilometrlik elektrik geçirijisi häzirki wagtda owgan halkyna hyzmat edýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömegi hem ugradylýar.
Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna 20 orunlyk döwrebap hassahananyň, 400 orunlyk mekdebiň gurulmagy, geçen ýylyň dekabr aýynda 500 orunlyk metjidiň gurlup ulanmaga berilmegi hormatly Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup, jahana ýaň saldy. 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň Buýrugy esasynda owgan döwletine bir sany transformator ynsanperwer kömek hökmünde berildi. Halkymyzda «Goňşy-goňşa hemaýat» diýlen pähim bar. Ata-babalarymyzam uzak asyrlaryň dowamynda goňşy halklar bilen ylalaşykly, parahatçylyk söýüjilikli, ýygjam gatnaşykly syýasaty ýöredipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýyl halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda goňşuçylyk, dost-doganlyk dogrusynda çuň mana eýe bolan rowaýatlar we tymsallar getirilýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň kitapda agzaýan bir tymsalyna ýüzlensek maksadalaýyk bolar. «...Gyşyň garly günleriniň birinde, ýer-ýodany saýgarar ýaly bolmandyr. Şeýle günlerde, adatça, adamlar giç oýanýarlar, sowuk howada hiç kimiň daşary çykasy gelmeýär. Bir adam hemmeden ir oýanypdyr, öz howlusyny we goňşusyna gidýän ýoly arassalapdyr. Onuň goňşusy birsalymdan turup görse, goňşusyna barýan ýoluň gary syrylypdyr. Ol muňa begenýär we öz howlusynyň galan ýeriniň garlaryny syryşdyrýar. Töwereklerindäki beýleki goňşulary hem olaryň howlularyna hiç bir kynçylyksyz gelip bilýärler. Şondan soň ýene-de gar ýagypdyr. Ol ýene-de ilden öňürti oýanyp, ilki öz howlusyny, soňra goňşularynyň, aýratyn-da, özüniň köp ýyllaryň dowamynda dostlaşyp giden gadyrdan goňşusynyň gapysyndan özlerine tarap gelýän ýodany arassalapdyr. Üçülenji gün agşam hem gar ýagypdyr-da, bu ýagdaý ýene gaýtalanypdyr. Onsoň onuň dostlaşan şol gadyrdan goňşusy:
— Dostum, sen öz howlyňy däl, eýsem, meniň howlyma gelýän ýodanyň hem garyny syryp çykypsyň. Beýdip azara galmaly däl ekeniň. Meniň özüm hem arassalardym — diýip ynjalyksyzlanypdyr. Şonda ýaňky adam mylakatlylyk bilen:
— Ýok, dostum, sen ýalňyşdyň. Dosta barýan ýol hemişe aýna ýaly arassa hem tekiz bolmalydyr. Men seniň haçan ukudan oýanaryňa garaşyp oturyp bilmen ahyry, görşüň ýaly ýolumyz açykdyr, ertirden bäri ondan sen näçe gezek gatnalandygyňy bir bilsediň?!» — diýipdir. Bu gün hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen dünýäniň, tutuş sebitiň ösüşine uly ýardam etjek dost-doganlyga uzaýan ajap demir ýollary, awtomobil ýollaryny, köprüleri gurup, howa ýollaryny döredip, jahanyň çar künjüni dostlukly, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ýygjam gatnaşyklara çagyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyryp bermeginiň aňyrsynda-da uly many bar. Türkmen halky mydama-da islendik meseläni parahatçylykly ýol bilen çözmäge çalşypdyr. Taryha ser salanymyzda, Hindistanda Beýik Mogollar imperiýasyny esaslandyrmaga saldamly goşant goşan, «Hanlar hany» diýen belent ada, sarpa mynasyp bolan Baýram han Türkmen: «Ýeňmek başarnygy, parahat we ylalaşykly ýaşaşmak başarnygyna garanyňda hiç zatdyr» diýip, parahatçylyga, ylalaşyklylyga aýratyn ähmiýet beripdir.
Eziz Arkadagymyzyň halkymyza sowgat beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «...Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!» diýip belleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwleti «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklara gol berip, beýik işleriň amal edilmegi bilen başlady. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen açylan möhüm ähmiýetli 5 sany desga hem bu aýdylanlaryň nobatdaky subutnamasydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ata Watanymyzda, ak şäherimiz Aşgabatda-da, nesip bolsa, ýene-de ençeme binalaryň ulanylmaga berilmegine garaşylýar.
18-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz ak şäherimize täze ýylda ilkinji gezek iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalarda işleriň alnyp barlyşy bilen gyzyklandy. Aslynda-da hormatly Prezidentimiz Aşgabatda alnyp barylýan işleri ýerinde görmek maksady bilen yzygiderli iş saparlaryny amala aşyrýar. Milli Liderimiziň geçen ýylyň dowamynda paýtagtymyza 15 gezek iş saparyny amala aşyryp, baş şäherimiziň has-da ösdürilmegi babatda degişli ýolbaşçylara öz gymmatly tekliplerini berdi. Golaýda döwlet Baştutanymyzyň baran ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek üçin meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy. Bu toplumyň gurluşygyny «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasy alyp barýar. Täze gurulýan binada halkara maslahatlary, mejlisleri we duşuşyklary ýokary derejede geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen tanşyp, gurluşykda ulanylýan timarlaýyş we gurluşyk serişdeleriniň häsiýetnamalaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şol serişdeler daşky keşbi, mäkämligi we dowamlylygy, ýokary hili bilen tapawutlanmalydyr. Milli Liderimiz Maslahatlar merkezi binasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolar diýip, geçirilýän işleriň ýokary hilli bolmagyny hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň ölçeglerine we milli binagärligiň däplerine doly kybap gelmeginiň möhümligine ünsi çekdi. Milli Liderimiz saparyň barşynda «Arkadag» myhmanhanasyna, Hökümet münberiniň binasyna baryp gördi. Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk-ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, myhmanlar üçin 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar. Bu ýerden Aşgabady synlamaga-da giň mümkinçilikler açylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak şäherimize amala aşyran şu iş saparynyň dowamynda baryp gören ajaýyp desgalary nesip bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly toý-dabaralarynda ulanmaga berler, halkymyz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady bolar.
Goý, ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy dost-doganlygyň, rowaçlygyň, parahatçylygyň röwşen ýoly bilen ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Annamyrat MÄMMEDOW,
«Aşgabat».