Goňşa barýan ýol

2. DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAN NUR
Eýsem, deňli-derejeli ýaşaýyş üçin nämeler gerek?!
Alyslary ýakyn edýän ýol gerek, gatnaşyk gerek.
Ojaga ot, öýe röwşen nur, kalba ynam-umyt gerek.
Şu ýönekeý hem mizemez hakykaty seriňde aýlap, ýakynda, 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen gündogarynda dabaraly açylyşyna ak pata beren döwletli desgalarynyň gönüden-göni rowaç ýaşaýşyň düýp esaslary bilen baglydygyna göz ýetirýärsiň. Şol desgalaryň hatarynda Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam bu ugurda türkmen döwleti tarapyndan indi uzak ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilip gelinýän işleriň üstüni ýetirdi.

Rysgyňy satyp, röwşen al!
Täze elektroenergiýa taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mundan öň amal edilen önjeýli işleriň ençemesiniň esas berendigini aýtmaly. Şunda Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik bekediniň, kuwwaty 500 kW bolan “Kerki” podstansiýasynyň gurlup, döwrebap tehnologiýalar, zerur enjamlar bilen üpjün edilmegi aýratyn ähmiýetli boldy. Munuň özi Mary Döwlet elektrik stansiýasy bilen aralykdaky köprüdir. Soňra bolsa bu ýerden türkmen-owgan serhedine çenli kuwwaty 500 kW bolan elektrik geçirijiniň çekilmegi, owgan tarapynyň hem degişli kabul ediji desgalary gurmagy bilen, döwletli iş wysal tapdy: ýylylygyň, ýagtylygyň täze akabasy goňşy ýurda ýol saldy!
Aýdylyşy ýaly, birinji tapgyrda bu ugur boýunça elektrik energiýasy Andhoý, Şibirgan we Mazari-Şarif şäherlerine iberiler. Ikinji tapgyrda — 2022-nji ýylyň başynda bolsa Puli-Humri we Kabul şäherlerine türkmen topragynyň ýyly we ýagty mähri baryp ýeter.
Pederlerimiz “Rysgyňy satyp, röwşen al!” diýipdirler.
Röwşen ýol gutly bolsun!

Doganlyk iller, nurana ýollar
Goňşy ýurda uzaýan nurana ýollar!
Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap dowamy!
Diňe asfalt ýoluň gyrasy bilen däl, eýsem, aňňat-aňňat gum depeleriniň, beýikli-pesli baýyrlaryň arasy bilen uzap gidýän elektrik sütünleri göze ýakym berýär. Olaryň köpüsi pälwan kişiniň bili ýaly berdaşly, uçup barýan bürgüdiň ganaty ýaly ýaýylyp dur. Üstündäki simler hem ýogyn urgana meňzeş, göýä: «Biz şeýle kuwwatly geçirijidiris» diýýän ýaly, nazaryňy egleýär...
Indi uzak ýyllar bäri, parahatçylykly ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna ýeňillikli baha bilen Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ugurlary boýunça goňşy ýurda türkmen elektrik energiýasynyň millionlarça kilowatt-sagady iberildi. Tok bermek — tap bermek, gurbat bermek. Iberilen, iberilýän elektrik togunyň owgan halkynyň durmuşynyň gowulanmagynda, täze önümçilikleriň, iş orunlarynyň açylmagyna nähili uly tekge-goldawdygyny olaryň özlerinden eşitmeli! Buýsanjyny, guwanjyny gözüň bilen görmeli!
Türkmenistan elektrik energiýasyny ibermek bilen bir hatarda, öz ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurdan owganystanly ýaşlaryň ýüzlerçesine hünär-bilim hem berdi.
Goňşy ýurtda emele gelen maliýe-ykdysady kynçylyklar göz öňünde tutulyp, baryp 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Owganystanyň ABŞ-nyň 4 million dollaryna golaý bergisiniň geçilmegi, şeýle hem ABŞ-nyň 300 müňden gowrak dollaryna barabar möçberde elektrik energiýasynyň mugt berilmegi ýaly ynsanperwer çäreler birnäçe gezek amala aşyryldy.
Ýurdumyzyň Lebap we Mary welaýatlarynda gurlan täze energiýa kuwwatlyklarynyň birikdirilmegi goşmaça mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilýär. Munuň özi goňşy döwlete iberilýän elektrik energiýasynyň ugurlaryny artdyrmagyň hasabyna, onuň möçberini hem 5 esse köpeltmäge mümkinçilik berer. Türkmen Lideriniň ynsanperwerlige we hoşniýetlilige ýugrulan syýasatyna esaslanýan hyzmatdaşlyk barha rowaçlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, 2019-njy ýylyň dekabrynda güýjenmesi 220/110/10kW, kuwwatlylygy 125 MWA bolan transformatoryň, degişli enjamlar bilen bilelikde, ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz iberilendigini, olaryň gurluşyk-gurnama işleriniň ýerine ýetirilendigini-de bellän ýagşy.
Gadymy pederleriň “Ýoldan öň ýoldaş, öýden öň goňşy”, “Haý diýemde haraýym, goňşym — bazar-saraýym” diýen paýhas ýükli sözleriniň hikmeti türkmen we owgan halklarynyň häzirki gadyrly goňşuçylyk gatnaşyklarynda açylýar.

Durnukly ösüşe goşant
Elektrik energiýasy — öndürip, geregini ulanyp, artykmajyny aňryňda goýup-ýygnap bolýan önüm däl. Onda önümçilik we sarp ediş bir wagtyň özünde bolup geçýär. Şoňa görä-de, önümi zerurlyga görä öndürmek, ony ýerlemek işi möhüm orna eýe. Elektrik energetikasynyň ösüşinde ýurduň içindäki isleglerden we daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiliklerinden ugur alynýar. Türkmen elektrik energiýasyna bolsa halkara bazarda isleg uly.
Eýsem näme?! Elektroenergiýanyň adamzat durmuşyndaky ornuny nygtap-magtap oturasy iş barmy?! Öý-ojagyň ýylysy-ýagtysy, çaý-suwuň, nahar-şoruň taýýarlygy, egin-eşigiň tämizligidir ykjamlygy ýaly gündeki durmuş hysyrdylaryndan başlap, ykdysadyýetiň iri-iri pudaklaryna çenli ähli ugruň rowaçlygy, rowanalygy gönüden-göni elektrik energiýasyna bagly. Asyl, onuň galtaşmaýan ugry ýok diýerlikdir.
Statistiki maglumatlar dünýäde elektrik energiýasynyň öndürilişiniň soňky on ýylda ençe esse artandygyny görkezýär. Şonuň bilen birlikde, onuň sarp edilişidir zerurlygy hem birsydyrgyn artmak bilen. Elektrik energiýasynyň ählumumy sarp edilişiniň 2035-nji ýyla çenli 40 — 50 göterime çenli artjakdygy çaklanylýar. Şeýle-de bolsa, dünýäde entegem 2,5 milliard çemesi adama elektrik energiýasynyň hyzmatlary elýeterli däldir. Şoňa görä-de, energiýa bilen üpjünçilik Durnukly ösüş maksatlarynyň hatarynda hem uly orna eýe. Türkmenistan bu ählumumy maksadyň amala aşmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

TOPH we TOP taslamalary: halklaryň bähbidine
Dünýäniň syýasy kartasyna göz aýlaýaryn. Bir tarapda dünýäde energiýa serişdeleriniň iri ojagy — Merkezi Aziýa, beýleki tarapda bolsa energiýa çeşmelerine ýiti zerurlyk duýýan Günorta Aziýa. Goja Aziýanyň şu iki sebitiniň aralygynda bolsa doganlyk Owganystan ýerleşýär. Häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy möhüm artykmaçlygymyzy, geografik taýdan amatly ýerleşişimizi ýene bir ýola subut etmek bilen, doganlyk Owganystany häzirki zamanyň ykdysady halkasyna goşmakda, tutuş sebiti ösdürmekde ägirt uly ähmiýete eýedir.
Türkmen gazynyň täze eksport ugry bütin dünýä boýunça ykdysadyýetiň ýokary derejede ösýän sebitleriniň biridir. Munuň özi diňe bir sebitiň ilat taýdan gürlügi — bu giňişlikde ýurt tutan ilatyň umumy sanynyň 1,5 milliardy töwerekleýändigi bilen däl, eýsem, şol bir wagtyň özünde Pakistan, Hindistan ýaly iri döwletleriň ykdysadyýetiniň senagat taýdan ýokary derejede ösýändigi bilen hem baglanyşykly. Bu bolsa, öz gezeginde, sebitde ýangyç-energiýa serişdelerine bolan islegiň hem barha artmagyna getirýär.
Belli bolşy ýaly, häzirki wagtda bu iri taslama bilen bir hatarda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy hem alnyp barylýar. TOP taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi has-da artar, bu bolsa ynsanperwer energetika syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, Türkmenistanyň Günorta — Gündogar Aziýanyň energiýa bazarlaryndaky ornuny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.
14-nji ýanwarda bolan dabaralara teleköpri arkaly gatnaşan Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani: “Biz TOPH we TOP taslamalaryny Owganystanda 2021-nji ýylyň awgustynda açmaga taýýardyrys” diýip belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, TOP 500 kW taslamasy üçin elektrik energiýasynyň bahasynyň 6 sentden 3 ýarym sente düşürilendigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirdi.

Rabatkaşan — Kalaýnau: gadymy ýoluň täze ugry
Elektrik energiýasy babatda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň aýdyň sahypalaryna ser salanyňda, ýatlamalar 2018-nji ýylyň 26-njy iýulyna alyp gidýär. Ol gün — türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugrunyň açylan güni. Şol gün geçirijilik kuwwaty sagatda 100 megawata barabar bolan Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Bu taslamany amala aşyrmagyň çäginde türkmen hünärmenleri tarapyndan elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesiniň, şol sanda elektrik bekediniňdir umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurlandygyny aýtmaly.
Bu döwletli iş iki ýurduň arasynda öňki hereket edýän Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ugurlaryndan daşgary, energiýanyň goşmaça iberilmegi meýilleşdirilýän Kerki — Hamýap — Garkyn, Marçak (Türkmenistan) — Marçak (Owganystan) we Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlarynyň başyny başlady. Onuň geçirijilik ukyby sagatda 100 megawata deňdir.
Gör-le, muny! Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçirijisiniň ugry hakyt gadymy Merwiň çäklerinden günorta — şöhratly Balha, Hyrada tarap uzap gidýär. Muňa Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi diýmän, näme diýersiň! Hawa, elektrik geçirijiler häzirki zamanyň täsin söwda hem hyzmatdaşlyk kerwenleridir. Olar arkaly ýurtlara iň gymmatly baýlyklar bolan ýagtylyk, ýylylyk, ýaşaýyş, ösüş hem abadançylyk barýar.
                                        ***
Elektrik energiýasy diýlende, näme üçindir, ähli zatdan ilki, ol ýagtylyk hökmünde göz öňüňe gelýär. Ýagtylygyň tizligi — iň ýokary tizlik. Has anygy, ol sekuntda 300 müň kilometr çemesi aralyga ýaýrap-ýaýylyp bilýär. Munuň özi bir demde bu ymgyr jahanyň daşyndan ýedi mertebe aýlanan ýalydyr.
Ýagşylygyň, ýagty-aýdyň maksat-niýetleriň, şol niýetlerden gözbaş alýan işleriň tizliginiň hem ýagtylyk tizliginden kem däldigi, aýdyň maksatlaryň ähli ýüreklere ýol salyp, dünýäde ykrar tapýandygy baradaky oýlar sere dolýar. Şoňa görä-de, biz bu ýazgylarymyza «Dünýä ýaýylýan nur» diýip sözbaşy goýanymyzda, ony diňe elektrik energiýasynyň ýalkymyna däl, iň esasy, uly taslamalar, beýik işler bilen halklaryň ykbalyny, geljegini ýagtyldýan Gahryman Arkadagymyzyň köňül nuruna ýanadyk.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.