Goňşa barýan ýol

Taryh taryhy wakalardan döreýär.
Beýik döwür beýik işlerden hasyl bolýar.
Beýik işleri beýik adamlar amala aşyrýarlar.
Sanlyja gün ozal, 14-nji ýanwarda türkmen gündogary taryhy wakalaryň merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgünde teleköpri arkaly döwletli-derejeli tutumlaryň birbada üçüsine — Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisiniň, Serhetabat — Turgundy, Ymamnazar — Akina ugurlary boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegine ak pata berdi. Dabara wideoaragatnaşyk arkaly Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hem gatnaşdy.
Munuň özi şol bir wagtyň özünde türkmen Lideriniň başlangyjy bilen dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, biziň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary berlen 2021-nji ýylyň şan-şöhratly wakalarynyň hem badalgasyna öwrüldi. Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý kerweni ýola düşdi.
Eýsem, taryha ýazylan bu wakalar diňe demir ýol, elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk düzümleriniň işe girizilmeginden ybaratmy?! Aslynda, bu desgalar bitirilen we bitirilýän işiň diňe göze görünýän bölegi ahyry — göýä uzyn hem möwçli derýanyň ýaplary, berdaşly daragtyň şahalary ýaly! Bu wakalaryň düýp gözbaşlary, asyl kökleri barada pikir öwreniňde, has düýpli esaslar bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň.
Munuň özi «Ýakyn goňşuçylyk — alys geljek» ýörelgesine daýanyp, doganlyk ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermek we bu ösüşi üpjün etmek ýaly umumy maksadyň amala aşyrylmagydyr.
Türkmen döwletiniň Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek, şeýdibem häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak, netijeli sebitara we yklymara hyzmatdaşlyga badalga bermek strategiýasynyň rowaçlanmagydyr.
«Biz Owganystany parahat we gülläp ösýän ýurt, sebitiň ähli döwletleriniň hoşniýetli goňşusy we hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýäris» diýýän hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky anykdan aýgytly tagallalarynyň dowam etdirilmegidir.
Bu taslamalaryň owgan halkynda öz güýçlerine ynam, bitewi hem abadan geljege umyt döretmekdäki ähmiýetiniň özi nämä degmeýär?!
Bularyň ählisi bolsa gelip-gelip, bir akabada — milli Liderimiziň jahan degresinde, dünýä derejesinde ykrar tapan PARAHATÇYLYK we YNANYŞMAK taglymatynda jemlenýär. Bu sözler biziň üçin diňe bir şygar däl, onda döwrüň çyragyny, belent maksatlaryň myradyny görýäris.
Taryhy wakalar şol günüň ertesi, 15-nji ýanwarda Çärjew etrabynda, Garagumuň altyn öwüşginli alaňlarynyň arasynda «mawy altynyň» berekedini özünde jemläp ýatan «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň açylmagy bilen dowam etdi.
Gadymy kitaplarda: “Iki halkyň arasyndaky bir sözde müň kelamyň güýji bardyr” diýilýär. Diýmek, halklaryň durmuşy bilen dahylly her bir wakanyň söhbedi-de ömürlere, ykballara barabardyr.

1. DEMIR ÝOLUM — ÖMÜR ÝOLUM
Ine, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Akina menzilinden Andhoý şäherine tarap ilkinji otly ýola düşýär. Özi-de ýük wagonlarynyňdyr ýurdumyzyň eksport önümleriniň — dizel ýangyjydyr mineral dökünler, ösümlik önümleri guýlan çelekleriň 20-sini hatarlan otly Beýik Ýüpek ýolunyň mas ýüklenen kerwenlerini ýada salýar. Onuň belent zogy-da hyýalyňda kerwen jaňynyň düňňürdisi bilen utgaşýar. Kerwen jaňynyň sesi bolsa hemişe-de parahatçylygyň owazy, berekediň buşlugy hasaplanypdyr.
Ýol bolsun, täze kerwen!
Dost-dogan illere bereket elt!
Kerkiden ugran kerwen Andhoýa ýetdi
Asyl-ha, şatlykly wakalaryň bir häsiýetli aýratynlygy bar: olar öň başdan geçirilen, özleri bilen ruhdaş pursatlaryň ählisini şol tereň täsiri bilen gaýtalap bilýär. Ruhyýet köşgünde äpet monitorlar arkaly Akina — Andhoý demir ýolunyň dabaraly açylyşyny, owgan doganlarymyzyň ony uly şatlyk hem joşgun bilen garşylaýşyny synlap oturyşymyza, 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň düýbüniň tutulyşyna gatnaşan, soňra 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda onuň dabaraly açylyşyna şaýat bolan, dostlukly Akinada owgan gardaşlarymyzyň guwanjyny paýlaşmak miýesser eden pursatlary ýatlaýarys. Olar gyzykly kinofilmiň görnüşleri deýin, birin-birin aňyňda aýlanyp, bitewi sazlaşygy döredýär.
Uzynlygy 88 kilometr bolup, 85 kilometri ýurdumyzyň çäginde, galan 3 kilometri Ymamnazar — Akina serhetýaka nokatlarynyň arasynda ýerleşýän bu polat ýoluň açylyşy Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ilkinji tapgyrynyň üstünlikli durmuşa geçirilmesi hökmünde taryha ýazyldy. Şeýlelikde, iki gadymy goňşy el-ele berip, hyzmatdaşlygyň täze dünýäsine derwezesini açdy.
Ýollara uzamak mahsus. Birleşmek, birleşdirmek mahsus. 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda goňşy ýurduň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylmagy, şeýle hem Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi, bu gün bolsa onuň ulanyşa girizilmegi şol döwletli işleriň mynasyp dowamyna öwrüldi.
Şeýlelikde, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý demir ýoly bu gün ýurtlaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulmagy, täze bazarlara çykmagy üçin täze giňişlikleri açýar. Ol Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmeginde, şäherleri, kärhanalary gurmagynda, iş orunlaryny döretmeginde hem juda ähmiýetlidir. Bulardan hem başga, ol Owganystan üçin Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykmak mümkinçiligini döredýär. Bu ýurdy sebitiň ulag ulgamynyň möhüm düzüm bölegine öwürýär. Netijede, Owganystan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmek mümkinçiligine eýe bolýar.
Dabarada bellenilişi ýaly, Owganystanyň demir ýol müdirliginiň geçiren seljermesine laýyklykda, bu ýol boýunça daşalýan ýükleriň möçberi birinji ýylda 20 göterim hem-de ikinji ýylda 50 göterim artar. Munuň özi ýük daşamalarynyň tizliginiň artmagyna getirer, iş orunlary peýda bolar.
Demir ýol diýmek diňe bir relslerden ybarat däl. Ol köp serişdedir adam güýjüni, irginsiz zähmeti talap edýän iş. Täze taslamanyň üstünlikli amal edilmeginde ýol gurluşykçylarymyzyň zähmetidir olaryň döwrebap tehnikalary, enjamlary, işleriň sowatly, göwnejaý guralmagy möhüm orny eýeledi. Demir ýoly çekmekden başga-da, 30 kilometrlik ýoluň ugrunda ätiýaçlyk we gapdal ýollary guruldy, konteýner terminallary hem-de beýleki kömekçi desgalar bina edildi we enjamlaşdyryldy.
Bu ýoluň gurluşygy geljekde hem dowam etdiriler.
                                        ***
“XVII asyrda döräp, XIX asyrda bolsa doly aýaga galan polat relsler bu gün dünýäniň ýüküni çekýär” diýen jümle Zeminiň ähli künjegi üçin mahsusdyr. Şol bir wagtda dünýäniň senagat öwrülişiginiň demir ýollaryň çekilmegi bilen baglylykda bolup geçendigi-de hakykatdyr. Munuň şeýledigine häzirki wagtda tutuş dünýädäki umumy ýük dolanyşygynyň 60 göteriminden gowragynyň demir ýoluň paýyna düşýändigi hem anyk delildir. Rahatlygy, ykjamlygy, ygtybarlylygy bilen demir ýollar ýolagçy gatnawynda hem möhüm ähmiýete eýe.
Türkmenistanyň demir ýol babatdaky hyzmatdaşlygy giň gerimlidir, dowamlydyr. Muny Owganystan bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalar hem aýdyň görkezýär.

Serhetabat — Turgundy — Hyrat: ýol gurluşygy dowam edýär
Ýatlamalar 2017-nji ýylyň 29-njy noýabryna alyp gidýär. Şol gün bereketli Pendi sähralary bilen gadymy Hindiguş daglarynyň aralygynda — türkmen-owgan serhet ýakasynda ýene-de bir döwletli tutumyň şaýady bolupdyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iň günorta künjeginde Serhetabat — Turgundy demir ýol şahasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, has anygy, gaýtadan gurulmagyna badalga bermek bilen, tyllaýy güýz gününi taryhyň altyn sahypasyna öwürdi.
Owgan topragynda demir ýoly çekjek türkmen gurluşykçylaryny, ýörite niýetlenen ýol gurujy maşynlary, ýük göterijileri, soňra bolsa dürli tehnikalary we gurluşyk serişdelerini, rels-şypally gözenekleri we beýlekileri özünde jemlän wagonlaryň 42-si hatar gurap, goňşy ýurda tarap geçip gitdi...
Şondan soňra üç aýa ýetirmän, zor-zeberdest türkmen gurluşykçylary eltiji ýollar bilen birlikde, onuň düzümlerini hem gurnadylar. Ýoluň umumy uzynlygy 13 kilometrdir. Ol gapdal ýollaryň 6-syny, ýük ýüklemek, düşürmek üçin niýetlenen ýollaryň hem 7-sini öz içine alýar.
Ýeri gelende aýtsak, 2007-nji ýylyň iýunynda hem Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna türkmen hünärmenleri Serhetabat — Turgundy demir ýolunda umumy bahasy 550 müň amerikan dollaryna deň bolan düýpli abatlaýyş işini geçiripdiler.
Demir ýol şahasynyň täzeden gurulmagy bolsa bu geçelgäniň mümkinçiliklerini iki esseden-de agdyk ýokarlandyrdy. Anyk aýdylanda, ýoluň geçirijilik kuwwatlylygy, gurluşyk işleri geçirilmezden öň, her günde 25 sany wagon bolan bolsa, täze ýol işe girizilenden soň, bu görkeziji her günde 50 — 75 sany wagona çenli baryp ýetdi. Ýükler, esasan hem Russiýa, Baltika ýurtlary, Gazagystan, Täjigistan we beýleki döwletlerden gelip, üstaşyr geçýär.
Häzirki wagtda Hyrat — Turgundy demir ýolunyň gurluşygy hem alnyp barylýar. Onuň uzynlygy 173 kilometre deň bolar. Demir ýoluň ugrunda menzilleriň 4-sini, kommunikasiýa we duýduryş ulgamlaryny, perrony gurmak meýilleşdirilýär. Diýmek, Serhetabat — Turgundy demir ýoly doganlyk ýurduň jümmüşine ümzük atýar. «Aňry tarapdan hem Eýranyň demir ýolunyň Hyrada birleşdirilip, demir ýol halkasynyň döredilmegi ýeneki ösüş-özgerişleriň badalgasyna öwrüler» diýip, owganystanly hünärmenler guwançly gürrüň berýärler.
                                        ***
“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň, ugurdaş optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy bilen bagly taryhy dabaralar boldy. Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylyşy-da şu senä gabatlanypdy. Taryhy wakalar mynasybetli, doganlyk ýurduň ady dessanlara ýaraşyk beren gadymy Hyrat şäherinde bolmak miýesser edipdi.
Hyradyň «Möwlana Jelaletdin Balh» kongresler merkezinde guralan tutumly dabarada görkezilen wideogörnüşler täsirliligi bilen ýatda galdy. Onda ylma teşne owgan ýigidiniň gazetleriň birinde degişli bildirişi gören dessine, mähetdel etmän, Aşgabatdaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine okuwa girmek üçin synag tabşyryşy, nesibesi duşup, yhlasy gowşup, bu ýokary okuw mekdebinde türkmen deň-duşlary bilen el-ele, egin-egne berip, hünär öwrenişi beýan edilýär. Ol okuwyny tamamlandan soňra, paýtagtyň demir ýol menzilinden “polat kerwene” goşulyp, Serhetabat — Turgundy ugry bilen, göni dogduk mekanyna — Hyrada dolanyp barýar. Uly joşgun, uly hyjuw bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynda işe başlaýar...
Sanlyja minuda sygdyrylan şu pursatlardan görnüşi ýaly, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan ägirt uly taslamalar goňşy ýurtda ýaş nesliň bagtly ykbaly, arzuw-umytlary, röwşen geljegi bilen baglanyşdyrylýar.
“Lapis Lazuli” geçelgesi: Beýik Ýüpek ýoluny yzlap
Biziň Bitaraplyk syýasatymyz adamzadyň geljegi üçin ýokary jogapkärçilik ýörelgelerine daýanýar. Ol umumadamzat bähbitlerini ileri tutýar. Bu hakykat Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen yzygiderli amala aşyrýan ýol-ulag taslamalarynda hem aýdyňlygy bilen açylýar.
2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda paýtagtymyzda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahaty (RECCA VII) geçirilip, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (“Lapis Lazuli”) gol çekildi. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, Owganystany Merkezi Aziýadan aýratyn sebit hökmünde göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu sebitiň üsti bilen bolsa onuň Hazarýaka we Kawkaz, Ýakyn Gündogar, Ýewropa sebitlerine çykalga edinmäge mümkinçiligi bar. Diýmek, deňze çykalgasy bolmadyk Owganystan üçin bu bäştaraplaýyn halkara ulag geçelgesiniň ähmiýeti örän uludyr.
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Lazurit geçelgesiniň ulag taslamasynyň mümkinçiliklerini ulanmak meseleleri boýunça geçirilen wideomaslahatyň barşynda milli Liderimiz täze teklipleri öňe sürdi.
Ine, onsoň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 14-nji ýanwarda täze desgalaryň işe giriziliş dabarasynda sözlän sözünde bir asyrdan gowrak wagtdan soň, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen öňden gelýän gatnaşyklaryny dikeltmegiň Owganystan üçin uly hormatdygy, şunda hem Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigi barada aýdanlaryna düşünmek kyn däldir.
                                        ***
Dünýäde ýol goýanlar taryha girýär.
Dünýäde diwar däl-de, köpri guranlar at-abraýa eýe bolýar.
Halkymyz «Müň içitden bir geçit» diýýär.
Sebitden sebite, yklymdan yklyma möhüm geçelgeleri, ýollary gurmak babatynda alnyp barylýan uly-uly işler, müňlerçe ýyl mundan ozal bolşy ýaly, şu günki günde hem Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidigini aýan-aýdyň tassyklaýar. Bu gadymy ýoly Gahryman Arkadagymyz anyk taslamalar bilen gaýtadan dikeldýär.

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.