TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda
1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny döretmeli.
2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 16-njy ýanwary.