Parahatçylyk — köňülleriň aýdymy

Parahatçylyk ynsanlara bagyşlanan eşretleriň iň belendidir.
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde täze, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen maslahat Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek ýylyna badalga boldy.
Türkmen halky «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýýär. At dakmak — ýüregiňdäki ýagşy niýetiňi beýan etmek. Adyny ata-babalarymyzyň ýüreklerinde göterip gelen arzuwlaryndan, şu günki nesilleriň we külli adamzadyň ýagşy niýetlerinden alan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna uly ynam, aýdyň maksatlar, belent joşgun bilen gadam basdyk. Parahatçylyk barada söz açylanda, Gurbannazar şahyryň şu setirleri kalbyňa dolýar:
Neneň oňat! Täze güller açylsa,
Güle yhlas eden türkmen düzünde.
Hüwdi bolsa, çörek bolsa, Gün bolsa,
Senem ýaşap ýörseň ýeriň ýüzünde.

Ussat şahyryň şu çogdam setirlerinde, göýä, türkmeniň, külli adamzadyň parahat durmuşy jemlenen ýaly. Hakykatdan-da, diňe parahat durmuşda täze güller açylýar. Ýer ýüzünde bir-birege ene hüwdüsi ýaly mähirli, mylaýym sözleri aýdyp, ýagşy niýete, rysgal-berekede beslenip, abadan-asuda durmuşa buýsanyp ýaşamakdan uly bagt barmy näme?!
Türkmenistanyň Gahrymany, halypa şahyr Gözel Şagulyýewanyň şygrynda: «Taryh gatyn hem bezedi, hem zerledi bu zaman» diýşi ýaly, ajaýyp zamanamyzyň belent ösüşleri ýylsaýyn taryhymyzyň gatyny bezäp hem zerläp gidip otyr. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şöhratly senesi bellenilen 2020-nji ýylda taryha şan beren tutumly wakalaryň, beýik işleriň ençemesiniň şaýady bolduk. Ýurduň her ýaşdaky, her kärdäki raýaty döwletiň özi üçin edýän aladasynyň bimöçberdigine öz durmuşynda anyk göz ýetirdi.
Öňde-de bir danadan: «Gözellik näme?» diýip sorapdyrlar. Ol sähelçejigem säginmän: «Men-ä gözelligi parahatçylykda görýärin» diýip jogap beripdir. «Göz bilen görüp, lezzet alyp bolmajak bolsa, o nähili gözellik bolýar? Seniň aýdýan zadyňy görüp bolanog-a» diýenlerinde, akyldar: «Gözellik — parahatçylygyň özünde-dä — diýip, pikirini dowam etdiripdir. — Parahatçylygyň ýok ýerinde gözelligem bolmaýar. Parahatçylygyň bar ýerinde welin, daglaram, baglaram taýsyz sungat eseri, ajaýyp bir surat... ýaly bolup görünýär. Ähli zadyň manysyny özüne siňdiren bolsa, onsoň parahatçylyga iň uly gözellik diýmän bolarmy?! — diýip, dana jogap beripdir.
Parahatçylyk — ynamlaryň, arzuwlaryň miwe bermeginiň ygtybarly ýoly. Dünýä edebiýatynda bu babatda: «Parahatçylyk ynsanlara bagyşlanan eşretleriň iň belendidir» diýen paýhas bar. Gadymy halkymyz parahatçylygyň gadyr-gymmatyna gaty ir döwürlerde göz ýetirensoň, her günde, her säherde, her toý-baýramda bir-birege edýän iň gowy arzuwlarynyň biri parahatçylyk bolupdyr. Muny «salam» sözüniň «Günüň parahat bolsun» diýen manyny aňladýandygy hem aýdyň görkezýär. Bütin dünýä parahatçylyga ymtylýar. Adamlar söýgüsini, ynamyny bir-birege berk baglan halatynda parahatçylygyň ömri uzak bolýar.
Biz ajaýyp zamanamyzda uly bir hakykata göz ýetirdik: Gahryman Arkadagymyzyň her bir tutumynyň, başlangyjynyň özeninde, ýagny şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan edilmeginiň aňyrsynda-da şu iki düşünjäniň — parahatçylygyň we ynanyşmagyň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly güýç bolup, olaryň adamzadyň ykbalynyň gülzarlyga öwrülmeginde ähmiýetiniň bimöçberdigi baradaky çuňňur pelsepe bar. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň şu topragy mekan edinendigini bolsa, geçen ýyl Türkmenistanyň dünýäniň iň howpsuz ýurdy hökmünde hasaba alynmagy-da, hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň dünýäde giň goldaw tapmagy-da doly tassyklaýar.
Bir hakykat bar: Nirede nämedir bir zat kemterlik edýän bolsa, şol ýerde şonuň gadyry has güýçli bilinýär. Ine, bu aýdanlarymyzyň durmuşy subutnamasyny Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde goňşy Owganystan döwletiniň doganlyk halkyna edýän ynsanperwerlik kömeginiň mysalynda-da aýdyň görýäris. Owgan topragynda gurlan mekdepdir saglyk öýi, 500 orunlyk metjit, ýeňillikli şertlerde berilýän elektrik energiýasy — bularyň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny ýyllaryň dowamynda şol zatlara mätäç bolup ýaşanlary diňläniňde, has aýdyň göz ýetirýärsiň hem-de tutuş adamzadyň adyndan milli Liderimize alkyşly sözleriňi dünýäni ýaňlandyryp gaýtalasyň gelýär. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyz bütin dünýä halklaryny el-ele berip, parahatçylyk söýüji, ynsanperwer, dost-doganlyk ýol-ýörelgelerden ýöremäge çagyrýar. Bu başlangyçlary, ýörelgeleri bolsa dünýä döwletleri tarapyndan goldaw tapýar. Şeýle milli Liderli — Gahryman Arkadagly Watanyň raýaty bolmak her birimiz üçin uly bagtdyr.
«Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy», «Kyýamat güni goňşudan» ýaly nakyllarymyzda-da, gadymy «Görogly» eposymyzda Jygaly begiň agtygyna: «Il-halkyň bir iş tutsa, Sen ondan galyjy bolma» diýýän öwütlerinde-de, ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň: «Barar ýere kesek atyjy bolma» ýa-da nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň: «Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,...» diýen öwüt-pentlerinde-de bir-birege ynanyşmak, ylalaşykly bolmak, ynsanperwerlik, dogry sözli bolmak ýaly ýörelgeler ündelýär. Hut şonuň üçin hem bu dokdäne setirler asyrlarboýy halkymyzyň kalbynda ýaşap gelýär. Keýmir serdar, halkyň söýgüli sazandasy Şükür bagşy hem söz bilen, saz bilen çözüp bolýan meselede ýarag ulanmazlygyň beýik nusgasyny görkezipdirler. Şularyň aňyrsynda-da türkmeniň ata-baba ylalaşykly, düşünişmek ýoly bilen, dost-doganlykly ýaşamak ýörelgelerine uýandygy aýdyň görünýär. Gahryman şahyrymyz Gözel Şagulyýewanyň: «Bu ýol bilen Şükür bagşy halas edendir ilin, Dogasyny dutaryna dagdan edip dakany» diýşi ýaly, 2021-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň girizilmegi meýilleşdirilýän ýylynyň bütin dowamynda halkymyzyň kalby bolan dutaryň owazy dünýäni parahatçylygyň belent hem şirin mukamyndan gandyrar.
Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik tutumlary bilen başlanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly joşgun bilen dowam edýär. Biz bu ýylda-da hormatly Prezidentimiziň: «Ata Watany goramakdan, halkyňa wepaly gulluk etmekden belent bagt, borç ýokdur. Şu topragyň güllemegi üçin işlemelidiris» diýýän dürdäne sözlerini ýörelge edinip, halal hem gujurly zähmetimizi mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyşlarys. Çünki parahatçylyk diýmek — milli Liderimiziň ýoly bilen ösüşli menzillere tarap öňe, diňe öňe gitmek diýmek. Ynanyşmak diýmek — birek-biregi goldap, halal zähmet çekmek diýmek. Bu rowaç ýollarda hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Watanymyza bolan söýgi bize ägirt uly güýç-gaýrat, joşgunly ylham berýär.
Eziz Watanymyzy söýmekde ählimize nusgalyk görelde görkezýän, halkymyzy külli adamzadyň köňül aýdymy bolan parahatçylygyň ak ýoly bilen aýdyň geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.
Surata düşüren Ahmet Taňrygulyýew.
Ogulmaýsa ALLABERDIÝEWA,
«Edebiýat we sungat».