«Gül keşbiň ýaraşar güllere, bedew!»

Keramatly türkmen topragynda kemala gelen ahalteke atlarymyz halkymyzyň milli baýlygydyr, buýsanjydyr, ata-babalarymyzyň bize galdyran genji-hazynasydyr. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «Behişdi bedewler» diýlip dürlüçe atlandyrylýan nurana bedewlerimiz at tohumlarynyň iň kämili we gadymylarynyň biridir.
Şonuň üçin-de at oýnatmak, at üstünde dürli çalasyn oýunlary ýerine ýetirmek türkmen ýigitlerine gadymdan mahsus. Munuň şeýledigine Oguz han atamyzyň ýol-ýörelgesi esasynda ata Watan üçin şan-şöhrat gazanan türkmen gahrymanlary bilen baglanyşykly wakalar, rowaýatlar, şadessanlar arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Eýsem, «Görogly» şadessanyndaky Göroglynyň «at oýnadyşy», «at bökdürişi», «altyn gabak atyşy» şondan habar bermeýärmi näme?!
Taryhy maglumatlara ser salanymyzda, türkmen jigitleriniň at üstündäki oýunlarynyň, ahalteke bedewlerine ezberlik bilen erk edişleriniň dürli ýyllarda hem gyzgyn garşylanandygyny görýäris. Şu ýerde takmynan 60 ýyl mundan ozal A.S.Kalganowyň ýolbaşçylygyndaky milli eşikli 17 atly türkmen jigidinden döredilen topary ýatlamak ýakymly. Şeýle hem at üstündäki oýunlary görkezýän «Alybegiň jigitleri» ady bilen türkmen ýigitleriniň toparynyň ilkinji gezek 1924-nji ýylda döredilendigini aýtmak gerek. Soňra 1944-nji ýylda Aşgabat sirkinde türkmen jigitleriniň studiýasy açylypdyr. Ýeri gelende aýtsak, 60-njy ýyllaryň ahyrlarynda aýratyn topara ýolbaşçylyk edip, türkmen sirkine şöhrat getiren doganlar Annaýewlerdir. Şunlukda, atly jigitleriň hatary artyp, olar Finlýandiýada, Fransiýada, ABŞ-da, Kanadada, Türkiýede, GFR-de, Latyn Amerikasy ýurtlarynda çykyş edip, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrypdy.
Ajaýyp tebigatly Köpetdagyň eteginde we ýurdumyzyň welaýatlarynda iň häzirki zaman atçylyk-sport toplumlary hereket edýär. Atşynaslar diňe bir gysga aralyklara geçirilýän çapyşyklara taýýarlyk görmek bilen çäklenmän, atlary uzak aralyklara geçirilýän ýaryşlara hem taýýarlaýarlar. Şeýle-de gadymdan gelýän «Ata bukulmak we atly bukulmak», «Atly göreş», «At oýnatmak», «Çybyk kesdi», «Altyn gabak», «At agdarmak», «Syrtmak atmak», «At bökdürmek» ýaly at üstündäki milli oýunlary has-da kämilleşdirýärler. Şunlukda, türkmen atly jigitleri halkymyzyň at üstündäki oýunlaryny wagyz etmäge özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň çapyksuwarlykda, seýisçilikde, umuman alanyňda, atşynaslykda ussatlyk derejesine ýetendigi hemmelere mälimdir. Atadan ogla, oguldan agtyga, agtykdan çowluga geçip, nesil yzarlaýan jigitlik türkmene mahsus häsiýetleriň biridir. Ata-babalarymyzdan gaýdýan bu ýörelge gyşarnyksyz dowam etdirilýär. At we atçylyk türkmen halkynyň taryhynda Watany goramakda we gündeki ýaşaýyş-durmuşynda, harby hem hojalyk işlerinde iň ýakyn ýardamçysy bolup hyzmat edipdir. At adam bilen bir hatarda, sport ýaryşlaryna gatnaşýan seýrek jandarlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň hut özi at münmek we sportuň dürli görnüşleri boýunça yzygider türgenleşmek bilen, ýaş nesle uly görelde görkezýär. Bu ýagdaý, şonuň bilen bir wagtyň özünde-de, behişdi bedewlerimize goýulýan hormat-sarpanyň gün-günden artmagyna şert döredýär. Üşükliligi, duýgurlygy ynsan häsiýetlerine mahsus, köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gözel hem ýyndam bedewler hemişe adamyň ýakyn ýoldaşy, syrdaşy bolupdyr. Munuň şeýledigini nusgawy edebiýatymyzda giňden beýan edilýän Görogly begiň Gyratynyň keşbinde-de aýdyň görýäris. «Görogly» şadessanynda merdana Görogly beg şat gününde-de, gussaly gününde-de Gyratyna bil baglaýar. Oňa: «Men saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip, ynamynyň uludygyny beýan edýär.
Ahalteke atlary beýleki atlardan özleriniň güýçlüligi, çydamlylygy, üşükliligi bilen tapawutlanýar. Atlarda syzgyrlyk, duýgudaşlyk ýaly häsiýetler kemala gelipdir. Olaryň reňkleri hem tebigat bilen sazlaşypdyr. Ak, mele, gyr, altynsow atlar özleriniň owadanlygy, görki bilen dünýäniň atşynaslaryny haýrana goýupdyrlar. Käwagt türkmen atynyň altyn öwüsýän reňkine şübhelenip, ony ýuwup hem görüpdirler. Garagum sährasyndan gözbaş alan tebigy reňk has hem öwşün atypdyr. Atşynaslar bu barada öz buýsançlaryny şeýle beýan edipdirler: «Ahalteke atlary ýaly ýüwrük, dogumly, çydamly, endamlary ýakymly, edil säher şapagynyň şuglasy ýaly ýalkym saçyp duran atlar dünýäniň başga ýerinde ýokdur».
Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eserinde türkmen atlarynyň tohumyny ýitirmän, saýlama ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň, atlar bilen baglanyşykly gadymy milli oýunlara aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtalýar: «At — türkmen üçin ähli zat. Ol halk dabaralarynyň ählisinde: toýlarda, ogul perzendiniň dogulmagy bilen baglanyşykly dabaralarda, sünnet toýlarynda möhüm orun eýeläpdir. At çapyşygy, at üstündäki oýunlar geçirilipdir».
Alymlar at münmegiň, at çapmagyň saglyk üçin uly täsiniň bardygyny nygtaýarlar. Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynda atçylyk sporty bilen meşgullanmak köpçülikleýin çärä öwrüldi. At münmegiň köp keselleri bejerýändigi anyklanyldy. Lukmançylykda muňa «ippoterapiýa» diýilýär. Bu barada gadymy grek lukmany Gippokrat: «At münüň, at ýaly sagdyn bolarsyňyz!» diýip ündäpdir. Atçylyk sporty bilen meşgullanmak diňe bir bäsleşmegi aňlatman, eýsem, ol gujurly, sagdyn, gaýratly adam bolup ýetişmegiňe-de kömek edýär. Atçylyk sporty jemi ýedi görnüşden ybaratdyr. Şolaryň konkur görnüşi hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen Aziada — 2017-niň oýun görnüşleriniň sanawyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport institutynda atçylyk fakultetleriniň bolmagy guwandyryjydyr. Häzirki döwürde bu ýokary okuw mekdeplerinde tanymal atşynaslaryň, seýisleriň ýolbaşçylygynda talyplara ata baş öwretmegiň, aty duruzmagyň, ony çylşyrymly öwrümlerden, päsgelçiliklerden bökdürmegiň inçe syrlary öwredilýär.
Türkmen bedewi diňe bir gözellikde ýa-da ýyndamlykda şan-şöhrata eýe bolman, sport äleminde-de meşhurlyga eýedir. Halkymyz ähli döwürlerde-de ýigitlerimizde çakganlygy, çeýeligi, güýçlüligi, maksada okgunlylygy, ýyndamlygy terbiýelemek maksady bilen, «At bökdürme», «Altyn gabak», «Ýüp çolama», «Gamçyny ber», «At süsňetme» ýaly at üstündäki oýunlary gurapdyrlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň bedew atynyň alnyndan ak Gün şugla saçdy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylygy we atly sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere galýar. Döredijilikli we yhlasly zähmetleri bilen türkmen atşynaslary behişdi ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça işleri alyp barýarlar.
Taryhyň müňýyllyklara uzaýan sahypalarynda sarpasy belentde tutulan bedewlerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary, şahsy göreldesi netijesinde täzeden şan-şöhrata eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz türkmen bedewine bolan çäksiz söýgüsini olara bagyşlap ýazan eserlerinde has anyk beýan edýär. Şonuň üçin hem türkmen durmuşynda bedewleriň ornuny öwrenmekde milli Liderimiziň eserleri gymmatly çeşmedir.
Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri barada şeýle diýýär: «Biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň döwlet Tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr».
Amangeldi HOMMAKOW,
Baýramaly etrap hassahanasynyň bölüm müdiri, 
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.