Öýüm ýyly — göwnüm ýyly

Birtekiz timarlanan gül-pudaklaryň gülpam keşbi, şaýollaryň iki gyrasyny jähekläp, elmydama ýaşyl öwsüp oturan syrdam daragtlaryň uzyn hatary şäheriň görküne görk goşýar. Daşoguz welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň işçileri görkana şäheriň hemişe göze ýakymly, tämiz hem gözel bolmagy üçin ýagşy işleri alyp barýarlar. Baglaryň içini, ýol eteklerini, ýanýodalary, binalaryň, köp gatly jaýlaryň daş-töweregini arassalaýarlar, şäheriň owadan giňişligini abadanlaşdyryp, gül pürkülen ýaly edýärler.
Birleşigiň düzümleri jemagat hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, olaryň görnüşlerini artdyrmak, gündelik geçirilýän arassaçylyk, abadanlaşdyryş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň işçi-hünärmenleri “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny täze zähmet üstünliklerine beslemek, öňde goýlan wezipeleri abraý bilen berjaý etmek üçin döredijilikli işlemegiň asylly nusgasyny görkezýärler.
Gyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde birleşik boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň gerimi has-da artdy. Birleşigiň hasabynda bar bolan jemagat ýaşaýyş jaýlaryny ýylylyk bilen üpjün etmek we beýleki zerur bolan amatlyklary döretmek meselesi guramaçylykly çözüldi. Häzirki wagtda birleşigiň hasabynda bar bolan 1 müň 523 sany jemagat ýaşaýyş jaýlaryndaky 18 müň 398 öýi ýylatmak işleri amal edilýär. Munuň üçin düýpli abatlanan merkezleşdirilen ýyladyş desgalarynyň 159-sy, ýyladyş gazanlarynyň hem 408-si bökdençsiz işledilýär. Möwsümde ilata edilýän hyzmatlarda ýüze çykýan kemçilikleri gaýragoýulmasyz düzetmek maksady bilen, birleşigiň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýörite dispetçer gulluklary döredildi. Ýöriteleşdirilen tehnikalar hem enjamlar bilen üpjün edilen bu gulluklarda jogapkär işgärleriň nobatçylygy ýola goýuldy. Birleşigiň ýyladyş desgalary arkaly edara jaýlaryna, saglyk öýlerine, başlangyç hünär okuw mekdeplerine, başga-da durmuş maksatly binalaryň birnäçesine ýylylyk berilýär. Birleşigiň ýylylyk geçiriji ulgamlarynyň gurşawynda orta mekdepleriň 103 sanysy, çagalar baglarynyň hem 57-si ýerleşýär. Orta mekdepleriň synp otaglaryny, çagalar baglaryny kadaly ýylylyk bilen üpjün etmek meselesi aýratyn gözegçilikde saklanylýar. Jemagat hojalygy birleşiginiň hasabyndaky ýylylyk geçiriji ulgamlaryň umumy uzynlygy 66,1 kilometre barabar bolup, olaryň tutuş möwsümde üznüksiz işledilmegi üçin degişli çäreler geçirildi, ýyladyş gazanlary bolsa zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Bu çäreler her bir adamyň öz döwletli ojagynda ähli eşretleriň hözirini görüp, abadan ýaşamagyna mümkinçilik berýär.
Birleşigiň sazlaşykly hereket edýän düzümlerinde işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Önümçilik-hojalyk täzelikleriniň ornaşdyrylmagy, işleriň göwnejaý guralmagy birleşik boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Iň esasysy-da, bu ýerde edilýän hyzmatlar görnüş hem gerim taýdan artýar. Ilatyň iň gelim-gidimli ýerlerinde, uly baglarda, seýilgählerde ýylyň bütin dowamynda arassaçylyk we abadanlaşdyryş çäreleri geçirilýär, täze baglary ekmek, gül oturtmak işleri alnyp barylýar. Adamlaryň medeniýetli dynç alýan ýerlerinde, welaýat merkezindäki şaýollaryň ugrunda oturdylýan agaç nahallarynyň, dürli görnüşli bezeg gülleriniň birleşigiň öz ýyladyşhanasynda ýetişdirilýändigi has-da guwandyrýar. Ýyladyşhanalaryň biri welaýat merkezini etekläp oturan S.Nyýazow adyndaky etrabyň “Nowruz” daýhan birleşiginiň, beýlekisi hem şu etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýär.
Üstümizdäki ýylyň dowamynda dürli görnüşli nahallaryň 10 müň düýpden gowragyny, elwan gülleriň 650 müňden gowragyny ekmek göz öňünde tutulýar. Munuň üçin zerur çäreler görülýär.
— Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda täze ýylymyz belent sepgitleri nazarlaýan täze maksatnamalar, uly tutumlar bilen başlandy — diýip, welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň başlygy Nurýagdy Arazgeldiýew aýdýar. — Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary adam hakdaky aladanyň iň ajaýyp nusgasydyr. Durmuş şertlerimize ösen tehnologiýalaryň çuňňur aralaşýan häzirki döwründe adamlaryň gündelik hajatlara islegleri hem artýar. Şol islegleriň çözgüdi bilen bagly işlerde hemmeler jemagat hojalygynyň düzüm böleklerine ýüz tutýarlar. Sebäbi biziň işimiziň aglaba bölegi ilatyň durmuş hajatlary bilen baglanyşykly.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen jemagat hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli pugtalandyrylýar, döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada bimäçber tagalla edýän milli Liderimize hoşallyk bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».