Türkmen buýanynyň taryhy we tarypy

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň dermanlyk häsiýeti hakynda giňden durup geçdi. Adam saglygy üçin buýan köküniň diýseň peýdalydygy, köp dertleri bejermekde onuň taýsyz melhemdigi Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem giňden beýan edilýär.
Hakyň nazary düşen türkmen topragy tebigy baýlyklara diýseň baý. Şol baýlyklaryň biri-de, lukman Liderimiziň aýdyşy ýaly, köki müň bir derdiň dermany hasaplanýan meşhur buýan ösümligidir. Ol Amyderýanyň jülgelerinde, Daşoguz sebitinde, Tejende giňden ýaýran ösümlikdir. Şeýle-de ol ülkämiziň daglyk we suwarymly ýerlerinde hem ösüp ýetişýär. Aýratyn hem ol soňky ýyllarda Lebap welaýatynyň çäklerinde ýörite ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýlelikde, buýan köki sözüň doly manysynda biziň milli baýlygymyza öwrüldi.
Buýanyň dünýäde 15, GDA ýurtlarynda 7, Türkmenistanda bolsa 4 görnüşi duş gelýär. Olardan diňe iki görnüşi, ýagny süýji hem-de ural buýany senagat taýdan ähmiýetlidir. Buýan ösümligi gadymy döwürlerde hem gymmatly dermanlyk ösümlik hökmünde tanalypdyr. Onuň taryhyna ser salanymyzda gadymy Hytaý lukmançylygynda biziň eýýamymyzdan 2800 ýyl öň hem mälim bolupdyr we oňa «gans» — «süýji ösümlik» diýip, at beripdirler. Hytaý we Tibet lukmançylygynda buýan köküniň dermanlyk täsirini ady rowaýata öwrülen Ženşeniň köki bilen deňeýärler. Asla, dünýä lukmançylygy buýany we ženşeni ilkinji dermanlyk ösümlik hökmünde ykrar etdiler. Gara deňziň demirgazyk kenarlarynda, Skif sähralarynda «Süýji köki» ulanýan gadymy grek we rim lukmanlary onuň kesel bejerijilik we keselleriň öňüni alyjylyk häsiýetine aýratyn sarpa goýupdyrlar.
Biziň eýýamymyzyň birinji asyrynda ýaşap geçen grek lukmany Dioskorid buýan köküniň örän süýji tagamlydygy üçin, bu ösümlige «glissiriza» adyny beripdir. Şunlukda gadymy rimliler buýana «likwirisa», ýagny «düzümi süýjüli» diýen manyda düşünipdirler. Bu söz soňlugy bilen «lakrisa» görnüşine geçipdir. Gadymy döwrüň meşhur lukmanlary hasaplanýan grek alymy Gippokrat, rim lukmany Galen hem özleriniň lukmançylyk iş tejribesinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerinden giňden peýdalanyp, ajaýyp ylmy ýazgylaryny galdyrypdyrlar. Greklerden buýandan peýdalanmagyň tärleri araplara we Günbatar Ýewropa ýaýrapdyr. Orta asyrlarda buýan köküniň jadyly täsiri Russiýanyň lukmanlaryna-da mälim bolupdyr.
Х asyrda Merkezi Aziýada, şol sanda gadymy türkmen topragynda ýaşap geçen Abu Aly ibn Sina hem buýanyň köküni özüniň tebipçilik amalyýetinde ulanyşy hakynda «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly dünýä belli ylmy-ensiklopedik eserinde ýazýar.
Geçen asyryň aýagynda we üstümizdäki asyrda ykdysady taýdan ösen ýurtlarda ösümliklerden taýýarlanylan derman serişdelerine talabyň artmagy bilen buýana bolan isleg hem ýokarlandy. Bu derman ösümligi köpsanly ýurtlaryň milli farmakopeýasyna, şol sanda Türkmenistanyň farmakopeýasynyň sanawyna girdi. Buýan, köp ýyllyk ösümlik bolmak bilen, kökünde glýukozany, askorbin turşusyny, pektini, saponinleri, flawonoidleri, likwiritony, asparagini, efir ýaglaryny, ajylary, sakyzy we beýleki nemli hem-de aşgarlaýjy birleşmeleri saklaýar. Buýanyň düzümindäki baş alkaloid — glisirrizin turşusy onuň esasy häsiýetini üpjün ediji maddadyr. Glisirrizin arassa görnüşde gantdan 40-50 esse töweregi süýjüdir. Süýjüliginiň has ýokarylygy mynasybetli ol häzirki zaman derman senagatynda çaga kesellerini bejermekde ulanylýan şerbetleriň düzümine goşulýar.
Buýan köküniň külkesi, ekstrakty (gerdejigi, süýri dänesi) üsgülewüge garşy we gakylyk gopduryjy şerbetleriň esasyny düzýär. Şonuň ýaly-da buýan şerbedi dünýä ýurtlarynyň lukmançylygynda giňden ulanylýar. Onuň ylmy lukmançylykda ykrar edilen immun güýji ýokarlandyryjy häsiýeti bolsa bedeniň dürli ýokançlara garşy durmagyna ýardam edýär. Buýan kökünden taýýarlanylan derman serişdeleriniň ýaşyň ýokarlanmagy bilen bagly bedende döreýän madda çalşygynyň bozulmalarynda, çişe garşy, dürli zäherlenmelere garşy täsiriniň bardygy bu ösümligiň aýratyn tarapy hasaplanýar. Buýan kökünden öndürilýän serişdeler aşgazanyň ýara-baş keselinde, öýken inçekeselinde, bronhitde, pnewmoniýada, ekzemada, käbir allergiki ýagdaýlary bejermekde hem haýyrlydyr.
Buýan ösümliginiň önümleriniň ýüzüňi nurlandyryp, gözellik berijilik häsiýeti hem bardyr. Turuwbaşdan bellenmeli ýagdaý, ol hem buýan köküniň düzüminde köpsanly biologiki işjeň maddalaryň saklanýandygyny, hiliniň ýokarydygyny nygtamalydyrys. Farmakopeýasynyň talaplaryna laýyklykda buýan kökündäki ekstraktiw maddalaryň mukdary 25 göterimden, glisirrizin 6 göterimden az bolmaly däldir. Türkmen buýanynyň kökünde bolsa bu görkezijiler degişlilikde 45 we 12 göterime ýetýär. Düzüminde işjeň maddalaryň köplügi üçin ýurdumyzyň çäginden ýygnalan buýan köki dünýä bazarynda ýokary islege eýedir.
Taryha ser salanymyzda ýurdumyzda buýan önümçiliginiň başlananyna 100 ýyldan hem köpräk wagt geçipdir. Geçen asyryň başynda Türkmenistana «Mak-Andrýus» atly iňlis-amerikan firmasynyň hünärmenleri Amyderýa sebitiniň florasyny öwrenip, buýanyň köküni köpçülikleýin taýýarlamaklygy ýola goýýarlar. 1906-njy ýylda häzirki Türkmenabat şäherinde buýan köküni presleýji kärhana açylýar. 1910 — 1915-nji ýyllarda bu önümiň el bilen ýygnalýandygyna seretmezden oňa isleg artyp, ýylda onlarça tonna buýan köküni eksport edipdirler. 1963-nji ýylda ýurdumyzdaky bu kärhana «Soýuzlakrisa» adyny alýar. Ol häzirki GDA döwletleriniň çäginde ýeke-täk buýan öndüriji iri derman kärhanasy hasaplanýar. 1969-njy ýylda kärhana giňeldilip, ýylda 500 tonna buýan köküniň goýy toşabyny öndürmäge mümkinçilik gazanýar.
Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen, 1991-nji ýylda ol «Buýan» agrosenagat birleşigine öwrüldi. Häzirki wagtda «Buýan» kärhanasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» önümçilik toplumynyň düzümine girýär. Soňky ýyllarda buýan ekilýän meýdanlar giňäp, ol Köýtendagdan başlap, demirgazykda Darganata etrabyna çenli uzalyp gidýär. Her ýylda ýygylýan hasyl 13-15 müň tonna çenli baryp ýetýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen buýan köküniň gury (külke görnüşli) toşabyny öndürýän zawod gurlup, «Türkmenderman» senagat birleşigine ulanmaga berildi. Ol zawodyň ýylda 1000 tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bolup, ýurdumyzyň eksport ukybynyň artmagyna saldamly goşant goşýar.
«Buýan» kärhanasy diňe içki bazaryň talabyny ödemek bilen çäklenmän, eýsem, Amerika, Ýaponiýa, Hytaý ýaly döwletlere hem dermanlyk önümlerini eksport edýär. Diýarymyzda diňe buýan dermanlyk ösümligimiz däl, eýsem, çopantelpek, dyrnaklyja, narpyz, çerbiýe, itburun, ýakymlyja, adaty arpabadyýan, boýbodran, sarygül, bidenek, melissa ýaly dermanlyk ösümlikleriň hem köpçülikleýin ösdürilip başlanmagy we olardan innowasion usullar arkaly dürli derman görnüşleriniň taýýarlanmagy we lukmançylykda ulanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň doly derejede durmuşa geçýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň üçin biz lukman Liderimize tüýs ýürekden öz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Jumadurdy SOPYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik 
üpjünçiligi kafedrasynyň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.