Arkadagyň köňül sahawaty

owgan topragyna bereket eçilýär
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 8-9-njy ýanwarda türkmen wekiliýetiniň Kabul şäherine sapary bolup, onuň çäklerinde geçirilen Türkmen-owgan iş toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisinde sebitleýin howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Owganystanyň ýolbaşçy düzüminiň we degişli döwlet edaralarynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda ulag, aragatnaşyk we elektroenergetika ulgamlary boýunça birnäçe desgalaryň açylyş dabaralaryny geçirmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý demir ýol beketleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýol şahasynyň, umumy uzynlygy 153 kilometr, kuwwaty 500 kW bolan Kerki — Andhoý elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy aralygynda halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we ulag geçelgeleriniň açylyşlary bar.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda, Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär we goňşy ýurduň ykdysady taýdan galkynmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm pudaklarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň syýasy we durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna oňyn itergi berýär.
Türkmen-owgan dostluk we özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barasynda söz açylanda, 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020 — 2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Maksatnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekendigini aýratyn belläp geçmek zerurdyr. Bu resminamadan gelip çykýan netijeler we onuň ähmiýeti dogrusynda pikir öwreniňde, ozaly bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy, Akina — Andhoý demir ýollarynyň gurluşyklary, «Lapis Lazuli» adyny alan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag-üstaşyr geçelgesi, goňşy ýurda ýeňillikli şertlerde yzygiderli iberilýän suwuklandyrylan gaz we elektrik energiýasy, muzdsuz ugradylýan ynsanperwer ýükler, türkmen tarapynyň hasabyna gurulýan dürli görnüşli durmuş-medeni maksatly desgalar bilen bagly maglumatlar hakydaňa gelýär.
2018-nji ýylyň fewralynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy, şeýle-de Serhetabat — Turgundy ugry boýunça täze demir ýol açylyp, işe girizildi. 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda bolsa Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasy açyldy we Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Bu polat ýoluň taslamasy döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümini giňeltmäge hem-de doganlyk ýurduň hyzmatdaşlaryna netijeli logistiki hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir. Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygynyň türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylandygy, onda türkmen demirýolçularynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylandygy bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.
Türkmenistan özüniň baý uglewodorod serişdelerini milli bähbitleri üpjün etmek bilen bir hatarda, sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar. Asyryň iri taslamasy hasaplanylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bolsa diňe bir energiýa serişdelerini iberýän we sarp edýän taraplar üçin ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, sebitiň halklarynyň, aýratyn-da, goňşy Owganystanyň halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berjek ähmiýetli başlangyçdyr.
Häzirki döwürde Owganystanda ylalaşykly ýagdaýlara goldaw bermek meselesi has-da ähmiýetli bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystana anyk ykdysady we ynsanperwer goldawyny berip gelýär. Şeýle kömek goňşy ýurduň çäginde lukmançylyk, bilim edaralarynyň gurluşygynda, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilmeginde, owgan ýaşlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagynda, Owganystana ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli ugradylmagynda we beýleki görnüşlerdäki kömek-goldawlarda öz beýanyny tapýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalar: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk», şol ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatlardaky çykyşlarynda hem nygtady. Geçen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisindäki wideoýazgy arkaly çykyşynda bolsa milli Liderimiz: «Owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin, ilkinji nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegini Owganystanyň syýasy taýdan durnuklylaşdyrylmagynyň, ykdysady we durmuş taýdan täzeden dikeldilmeginiň, onuň dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti hasaplaýarys» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw bermek işinde halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Munuň özi sahawatly Liderimiziň goňşy Owganystandaky ýagdaýy syýasy-diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmak, netijede, owgan halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň dowamlydygyny ýene bir ýola äşgär edýär.
Geçen, 2020-nji ýylyň dekabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna bina edilen 500 orunlyk metjit açylyp, halkyň hyzmatyna berildi. Owgan topragynda täze metjidiň açylmagy Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň taryhynda möhüm waka öwrüldi. Owganystan Yslam Respublikasynyň haj we dini meseleler boýunça ministri Mohammad Kasym Halimi metjidiň açylmagy mynasybetli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bolan söhbetdeşliginde:
— Täze metjidiň açylmagy Türkmenistanyň sahawatly döwlet Baştutanynyň owgan halkyna ynsanperwer goldawynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu metjidiň açylmagy doganlyk türkmen halkynyň Owganystanyň halky bilen ysnyşykly gatnaşygyny berkitmekde mukaddes ädimdir. Täze metjit özboluşly binagärlik çözgütleri, bezeg aýratynlyklary, mukaddes ýazgylaryň ýerleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Metjidiň ýanaşyk ýerinde sadaka dessurlaryny geçirmek üçin bina we awtoduralga hem guruldy. Täze metjit Bitarap goňşy ýurdumyzyň biziň ýurdumyza durmuş-ykdysady taýdan berýän hemaýatlarynyň üstüni ýetirdi. Çuňňur hormatlanylýan türkmen Lideriniň hem-de türkmen halkynyň sogaply ynsanperwer kömekleri üçin Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň, aýratyn-da, din wekilleriniň adyndan alkyşlarymyzy aýdýarys. Şu mukaddes ýerde türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýşy üçin, çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň beýik işleriniň rowaçlygy üçin ýagşy arzuwlar we doga-dilegler ediler. Goý, owgan-türkmen doganlygy baky bolsun! — diýip belläp geçipdi.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna geçen ýyllaryň dowamynda bu ýerde medeni-durmuş maksatly birnäçe binalar gurlup, ulanylmaga berildi. Farýab welaýatynyň häkimi Nakibulla Faýyk hem 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda metjidiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda bular barada nygtady. Häkimiň bellemegine görä, Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurlan täze metjit welaýatyň ýaşaýjylarynyň, din wekilleriniň başyny göge ýetirdi. Munuň özi türkmen Lideriniň owgan halky üçin eden ynsanperwer işleriniň ýene-de biridir. Häzirki wagtda Farýab welaýatynyň Akina we Andhoý şäherçelerine demir ýol ulagynyň gatnawlary hem doly ýola goýuldy. Welaýatyň ilaty muny dost-doganlygyň we goňşuçylygyň nyşany hökmünde kabul edýär. Bu sogaply işler üçin welaýatyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden sagbolsunlaryny we hoşallyklaryny aýdýarlar.
Hawa, belli bolşy ýaly, soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky özara netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hem ösdürilýär. Türkmenistanyň we Owganystanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi sebit üçin strategik taýdan wajyp bolan täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypanyň açylmagynda aýratyn many-mazmun bardyr. Türkmenistan BMG-niň degişli Kararnamalary bilen ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, tutuş sebitde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi ugrunda ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistan goňşy ýurduň durnukly ösüşine uly ähmiýet berýär we onuň parahatçylykly ýol bilen öňe gitmegi üçin doganlyk goldawlaryny berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan işler sebit we dünýä derejesinde gyzgyn goldaw tapyp, özüniň oňyn netijelerini berýär.
Muhammet BEKGIÝEW.
«Türkmenistan».