Bir heýkel bar — dutar

süňňi daşdan bolsa-da, ýürekleri ýumşadýar
Men ony her gün-ä diýmäýin, ýöne aýda bir, bolmanda, iki aýdan bir gezeg-ä hökman görýärin. Her gezek görenimde-de, has dogrusy, daşyndan aýlanyp geçenimde, çünki ol uly çatrygyň ortasyndaky tegelekde ýerleşdirilipdir — «Ussaňa berekella!» diýip geçýärin. Sizem şeýlesiňiz-le, ony görmezlik, görübem haýran galmazlyk mümkin däl. Sebäbi ol — dutara dikilen heýkel.
Aslynda, dutaryna, has anygy, öz saz guralyna heýkel gurup ýören halk barmyka? Ony biljek däl, ýöne bizde-hä bar. Özi-de nähili heýkel?! Hem beýik, hem-de sada. Owadandan ýaraşykly. Süňňi sowuk daşdan bolsa-da, mähir hem ýylylyk paýlaýar, edil dutaryň özi ýaly.
Paýtagtymyzyň Medeniýet şäherçesiniň ýanyndaky uly çatrygyň merkezinde, şol şäherçeden paýtagtymyzyň islendik künjegine barjak bolsaň, hökman şonuň üstünden geçmeli, diýmek, dutar bilen didarlaşyp, “salamlaşyp” geçmeli. Bu dutar — özboluşly çelgi. Şol töwerekde ýaşaýanlar öýleriniň salgysyny aýdanlarynda, hökman, dutary agzaýarlar, çünki ony hemmeler, hatda obalylar hem bilýärler. Onuň beýikligi — 18 metr.
Bu 18 metr beýiklik heýkeliň podstamenti (üstünde heýkel ýerleşdirilýän ýeri) bilen bilelikde däl, sap özüniň beýikligidir. Munuň özi heýkeliň beýikligi babatda örän jüpüne düşen çözgütdir, sebäbi 18 ýaş ynsanyň kämillige ýetýän ýaşydyr, dutar hem türkmeniň kämil çykan saz guralydyr.
Milli saz guralymyz dutarymyzyň ýaşy müňlerçe ýyl bolsa-da, ol biziň üçin baky juwandyr, edil 18 ýaşly jahyl ýalydyr. Ony eý görüp, geljegi öňünde bolan jahyl ýaly kabul etsek-de, hakykatda, türkmeniň dutarynda jahyllygyň ýelgini ýokdur, onuň owazy agrasdyr, paýhaslydyr, Magtymgulynyň şygyrlary ýalydyr. Asyl, Magtymguly Pyragynyň sözleri ýaly agras bolmasa, dutar her bir ýeňles sözi kabul hem etmeýär.
Bu heýkel türkmeniň milli saz guralynyň naýbaşysyna dikeldilen heýkeldir. Ýerli ýaşaýjylar ony hut şeýle-de atlandyrýarlar: “Dutar”. Ýogsam, onuň “Sungat monumenti” diýlip resmi ady hem bar. Ýöne biziň ýaly ýönekeý raýatlar üçin onuň “Dutar” diýen ady has ýakyn hem düşnükli. Sebäbi dutar biziň üçin ähli zat — aýdymam, sazam, tansam, nakgaşçylygam, heýkeltaraşlygam. Dutar — türkmen üçin sungat dünýäsiniň açary, hatda sungat dutardan başlanýar diýsek-de, o diýen ýalňyş bolmaz.
Dutar ýumşak agaçdan ýasalýar, onuň owazy hem ýüpek ýaly ýumşak bolýar, ondan çirkin, çakyr ses çykmaýar. Dutaryň heýkeli bolsa daşdan ýasalypdyr, emma ony synlanyňda, kalbyňa ýumşaklyk aralaşýar. Bu dutaryň tebigatyndan hem-de ony ýasan heýkeltaraşyň ussatlygyndan şeýle bolýar.
Millilige söýgi hem-de işiňe yhlas gudrat döredýär. Heýkeli synlap, onuň awtory hökman dutar çalýandyr diýip oýlanýarsyň. Sebäbi tokga daşdan mahmal owazy almagy başaran ussat hökman goşa tardan hem owaz almagy başarýan bolmaly. Maňa aýdyşlaryna görä, bu ajaýyp heýkeliň awtory, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew ýaşlygynda, entek institutda okap ýören mahaly dutar çalýan eken. Diýmek, dutaryň jadyly dünýäsi Saragt aga ýaşlykdan tanyş eken.
Dutaryň owazy pessaýdan goýazydyr. Dutara ýanalyp aýdylýan aýdymlaryň-a gürrüňi-de ýok, hatda käbir aýdymlarda ulanylýan jukguldylar bar, ana, şolar hem manydan doýgundyrlar, sen olaryňam hut şol pursat aňladýan “manysyna” düşünip oturansyň. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilýän jukguldyny aýyrsaň, şol aýdyma bir zatlar ýetmeýän ýaly, bärden gaýdýan ýaly bolýar. Göräýmäge, hiç bir many aňlatmaýan jukguldy hem milli bolup biljek eken!
Men “Dutary” ýasan heýkeltaraş Saragt Babaýewiň ussatlygyna telpek goýýaryn. Saragt aga bu heýkeli ýasamak aňsat düşen däldir diýip oýlanýaryn, sebäbi millilik hakynda milli eser döredäýmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Men muny özümiň žurnalistik tejribäme daýanyp aýdýaryn. Saragt aga-ha milli saz guralymyz dutara heýkel ýasap, ony bakylaşdyrypdyr, şol heýkel barada gazet makalasyny ýazaýmagam aňsat däl. Sebäbi gürrüň milli gymmatlyk hakda barýar. Milli gymmatlyklar bolsa hemmelere degişli we her kim olara dahylly. Köpüň belet hem sarpa goýýan zady hakda eser (makala, heýkel, surat, aýdym-saz we ş.m.) döretmegiň nähili hupbatlydygyna hem jogapkärlidigine düşünmegimiz gerek. Meşhur heýkeltaraşymyz Saragt aga bolsa şuny başarypdyr.
Eserde dört sany dutar birleşip, bir bitewülige öwrülipdir. Haýsy tarapdan seretseň-de, gözüň dutara düşýär. Biziň pikirimizçe, bu diýseň şowly bolupdyr. Dutar — türkmeniň sözi, sazy, köňlüniň owazy. Ol özüne çekiji, oňa düşünmegi başarsaň — bu kyn hem däl, sebäbi ol seniňem ýüregiňdäkini söýleýär, seni derrew bendi edýär. Şeýle bolansoň, dutar, başgaça, türkmeniň sözi seniň öňüňde dünýäni açýar, geljege ýol görkezýär. Şu babatda dutar hormatly Prezidentimiziň dünýäniň iň belent münberinden aýdýan başlangyçlaryna çalym edýär. Ol başlangyçlar hemmeler üçin arzyly, islegli, gerekli.
Saragt Babaýew heýkeliň açylyş pursadynda özüni haýrana goýan bir wakanyň bolandygyny ýaş kärdeşlerimiziň birine tolgunma bilen gürrüň beripdir. Şol şatlykly-şagalaňly pursatda asmanda durnalar görnüpdir. Bir, iki, üç... jemi on sekiz sany durna! Olar heýkeliň dik ýokarsynda ilki bir, soň iki, soňam üç gezek aýlaw edipdirler-de, ýollaryna rowana bolupdyrlar. Durnalaryň bu hereketini Saragt aga gowulyga ýorandygyny gürrüň beripdir. Beýikligi 18 metr bolan “dutaryň” üstünde 18 durna — isleseň-islemeseň, özüňem munda bir hikmetiň bardygy barasynda oýlanarsyň!
Durna — türkmen üçin ýöne bir guş däl, ol hemişe sarpalanyp gelnen guş. Ol — aklyk hem arzuw, hyýal hem barlyk. Olaryň heýkeliň üstünde üç öwre aýlanyp, soňam uzak ülkelere uçup gitmesine dutaryň owazyny — türkmeniň sözüni beýleki ülkelere, halklara eşitdirmek üçin alyp gidipdirler diýesiň gelýär.
Dutaryň owazy bolsa eşidilmezçe owaz däldir. Bilermenler dutarda bozuk perdäniň — ýasama owazyň ýokdugyny aýdýarlar. Onuň owazy näzik, goýazy, ýakymly, edil türkmeniň sözi — başlangyçlary ýaly. Üns beren bolsaňyz, türkmeniň başlangyçlary näzikdir, diňe parahatçylygy ündeýändir, sebäbi onda güýç ulanmaly diýilýän ýeri ýokdur, goýazydyr, sebäbi olar manyly-maňyzlydyr, ýakymlydyr, sebäbi olar köpüň bähbidini araýandyr. Şonuň üçin türkmeniň sözi, heýkeldäki dört dutaryň görkezip duran dört tarapynda — gündogarda hem günbatarda, günortada hem demirgazykda günübirin eşidilýär we ykrar edilýär.
Dutary parahatçylykly döwrüň, asuda günleriň toý-märekesinde çalsaň, diňleseň, täsiri başga bolýar. Ol göwünleri galkyndyrýar. Dutar şatlykly günüň şatlygyňa düşünýän ýaly, şol pursatdan her kimiň täsirlenmegini isleýän ýaly, gümmürdäp-gümmürdäp owaz çykarýar. Ýogsa-da, dutar — jansyz närse, ýöne oňa “jansyz” diýýäne gabat gelmedim.
Dutarda bir hikmet bar, şeýle bolmasa, il içindäki gürrüňlere görä, onuň owazyna melul bolup, asmandaky guşlar ýere gonmazdy. Türkmeniň dutarynyň owazyna guşlar hem, bedewler hem — hemmeler melul.
Türkmen aga dutaryny hemişe öýüniň töründe saklap gelipdir. Sebäbi ony diňläniňde, ýüregiň ýumşap, durmuşda haýyr işleri edesiň gelýär. Dutar ýagşy işlere höwes döredýär. Türkmen aga paýtagt şäherinde dutaryna uly heýkel gurup, daşary ýurtly dostlaryna ýüreginiň açykdygyny, mähirlidigini, hemişe parahatçylygyň tarapdarydygyny, sungatynyň üsti bilen dünýäniň çar tarapyndaky ýurtlar bilen birek-birege ynanyşmak esasynda özara hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bildirýär. Dutaryň dili — diplomatiýanyň dili.
Dutaryň owazynyň islendik halkyň saz guralynyň owazy bilen garylyp-gatylyp gidýändigine üns berdiňizmi? Halypa kärdeşlerimiň biri: “Dutar ýasalanok-da, döredilýär” diýdi. Özüm-ä ylalaşýaryn. Dutar zawodda-fabrikde ýasalmaýar, ol diňe elde ýasalýar. Ussanyň söýgüsi, yhlasy bilen döreýär, şonuň üçinem ol arzyly.
Siziň: “Bu heýkeliň gurlanyna ençe ýyl geçdi. Indiden soň onuň gürrüňini etmek gerekmikä?!” diýmegiňiz mümkin. Özümiz-ä gerek hasap etdik. Gowy zatlaryň gerek bolşy ýaly, gowy zatlaryň gürrüňini etmegem zerur.
Häzirki zaman dünýäsinde ykrar edilmek diýilýän zat, düşünseň, örän uly işdir. Hormatly Prezidentimiz şuny başardy — türkmeniň sözüni dünýä ýetirdi we onuň ykrar edilmegini gazandy. Dünýämize gadam urup başlan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly aýdýanlarymyzy subut edýär. Bu ýylda türkmeniň parahatçylygy ündeýän milli gymmatlygy hakynda gürrüň etmegiň öz lezzeti hem ähmiýeti bar. Dutar ýürekleri ýumşadýar.
...Ana, gyzyl kürte ýaly bezelen gelnalyjy gelýär. Hemmeleriň ünsi şonda. Ol welin, gelin ýörişini edip gelşine, Dutaryň daşyndan öwrüm edip gidýär. Uly söýgüden başlanýan maşgalanyň ilkinji gadamy halkymyzyň milli gymmatlygyna togap etmekden başlanýar. Nähili gowy!
Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.