Ýuwuş suwunyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullary

Şorlaşan toprakda ýuwuş suwuny ýeriň gowy tekizlenen ýagdaýynda geçirmek akar suwlary tygşytly ulanmagyň we ýuwuş suwunyň hiliniň ýokary bolmagynyň esasy şertleridir. Gowy tekizlenen ýerde ýuwuş suwy geçirilende, ekinler üçin zyýanly duzlaryň ýuwulmagy 1,5-2 esse çaltlanýar we berilmeli suwuň möçberi hem tygşytlanýar.
Şonuň bilen birlikde ýerleri gurplandyrmak üçin organiki hem-de mineral dökünleri ýeterlik derejede bermeli. Organiki we fosfor, kaliý dökünleriniň bir bölegi ýuwuş suwunyň öňüsyrasynda sürümiň aşagyna berlende, gowy netije berýär. Sürümiň aşagyna özünde çig tebigy fosfory, kükürdi we köp mukdarda mikroelementleri saklaýan dökünleýji meliorantlar berlende, ýuwuş suwunyň hiline oňaýly täsir edýär.
Topraga organiki we mineral dökünler berlenden soň, sürüm geçirilip, endigan tekizlenip, ýuwuş suwuny tutmaga taýýar edilýär. Suw tutuljak atyzlaryň ululygy ýapgytsyz, tekiz we mehaniki düzümi boýunça ýeňil toprakly meýdanlarda 0,15 — 0,25, orta we agyr toprakly meýdanlarda bolsa 0,25-0,35 gektar bolmaly. Ýansalmalar we çiller çekilip, her atyzy aýratynlykda suwarmaly.
Ýapgytly meýdanlarda ýuwuş suwuny tutmak kyn, sebäbi ony keşler boýunça geçirmeli bolýar. Ýuwuş suwy berlende, keşleriň üstüni basdyryp suwarmaly bolýar. Şeýle edilmese, keşleriň gerşinde şorlaşan toprak gowy ýuwulmaýar, şonuň üçin ýuwuş suwy keşler bilen geçirilende, olaryň uzynlygy näçe gysga boldugyça, şonça-da onuň üstüni basdyryp suwarmaga amatly şert döreýär we gerşiň üstüniň şory gowy ýuwulýar.
Kärendeçiler, mülkdarlar özlerine berkidilen ýerleriň şorluk ýagdaýyny gowy bilmelidirler. Şonda güýz-gyş aýlarynda haçan we näçe möçberde suw tutmalydygyny kesgitläp bolýar. Eger toprak şor bolmasa, fewral aýynyň ortasyndan mart aýynyň ahyryna çenli diňe tagt suwuny bermek ýeterlikdir.
Ýuwuş suwy ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ýerasty suwuň 2-2,5 metr çuňlukda ýerleşen we zeýkeş ulgamlary bilen ýeterlik üpjün edilen meýdanlarynda gowy netije berýär.
Ýokarda aýdylanlardan ugur alnyp, gowaça ekiljek ýerlerde sürümden soňky tekizleme işleri 20-nji dekabra çenli geçirilip, şorlaşan ýerlerde ýuwuş we tagt suwuny tutmaly. Sebäbi ýuwuş suwy wagtynda berilmän gijä galdyrylyp, soňra uly möçberde suwarylanda, ýerasty suw ýokary galyp, topragyň gaýtadan şorlaşmagyna getirýär.
Saýara BALTAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.