Ýyllar we ýollar

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerindäki oýlanmalar
Deňiz — gadymy, tolkunlary — täze

Aýdylyşy ýaly, her şapak — säheriň, her pyntyk — baharyň buşlukçysy. Salam — dostlugyň, salamatlyk — bagtyň açary. Bulut ýagmyra, ýagmyr berekede toýludyr. Salmalar derýalara, derýalar deňizlere, deňizler ummanlara çykarar...
Edil şonuň ýaly, günleri aýlara, aýlary ýyllara sapyp barýan wagtyň ümzügi hemişe geljege tarap. Onuň hereketi, berekedi özünde.
Ine, sanlyja gün owal salam hem salamatlyk, ynam hem parahatlyk bilen täze ýyl — XXI asyryň 21-nji ýyly gapymyzdan ätledi.
Täze ýyl! Ýazy buşlap, ýap-ýaňyja gunçasyny açan gül ýaly, gelnaljylap-kejebeläp töre geçirilen täze gelin kimin, dünýä inen iňňä bäbejik deý, ýaňy tamdyrdan çykan gyzgyn çörek deýin, ýaňy çapdan çykan kitap dek täzelik, terlik-tereňlik bar onda.
Biz aňsak-aňşyrmasak-da, bedenimiz her on bir aýdan özüni täzeleýär.
Akar suw her ýedi ädimden özüni täzeleýär.
Ýyllaryň hem her on iki aýdan özüni täzeläp durşuny durmuşa söýgi, geljege hyjuw-hyruç bilen baglanyşdyrasyň gelýär. Diňe ýylmy täzelenýän?! Her ýyl bilen bile arzuw-hyýallarymyz, maksatlarymyz hem täzelenýär ahyry! Her çalşan ýyl olary özüçe relejeleýär, seljerýär. “Wagt deňiz deý gadymy, onuň tolkunlary deý täzedir” diýen sözüň hikmeti şunda bolsun gerek!

Täsin kitap
Her gezek ýyl tamamlananda, täsinden täsirli kitaby okap çykanyňdaky ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Özüňize belli, gowy kitaby bir okap ahyrlanyňdan soňam, ony tekjede goýup oňaýmarsyň. Ýygy-ýygydan ele alarsyň, ýüregiňe jüňk bolan setirlerini, bellik edenje ýerleriňi ýandepderçäňe göçürersiň. Wagt-wagt göz gezdirersiň, okap çykarsyň ýaňadan.
Okalyp tamamlanan 2020-nji ýyl hem hakyda tekjesinde çaň basyp durjak kitap däl, ýygy-ýygydan ýüzleniljek kitap. Biz ondan nähili sapaklary aldyk! Onuň gyzykly-gyzgalaňly wakalaryna berlip, niçiksi duýgulary başdan geçirdik?! Asyl, olaryň her biri özbaşyna söhbet.
Sungata öwrülýän ýyllar
Asyl-ha, “Ýyllar gelýär-de, geçip gidýär” diýen äheňdäki pikirler bilen hiç ylalaşyp bilmeýärin. Ýyllar gelşi ýaly geçip gidibermeýärler. Olar ýagşy işlere, tutumly binalara öwrülip, bu Diýarda hemişelik galýarlar.
Ynsan yhlasy siňende, samanyň ak kagyza, çägäniň ýüzüňi görkezip duran aýna, tokga toýnuň geňsi heýkele... öwrülişi ýaly, yhlas, azap, söýgi siňen ýyllar hem beýik taryha, gaýtalanmajak sungata öwrülip bilýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygyndaky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyllary aýan-aýdyň görkezdi.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy baýram edilen, şu senäniň hormatyna “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl babatda hem şuny gypynçsyz aýdyp bolar.
Niçikmi, täze möhüm özgertmeleriň beýanyny özünde jemlän Türkmenistanyň Konstitusiýasyny elime alanymda, hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” kitaplarynyň gatlaryny agdaranymda, tamamlanan ýylyň döwletli tutumlara, senaly sözlere siňen görnüşi bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn. Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň görnükli edara binasy bilen utgaşyp gidýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumyny, ajap diwan deý açylan “Diwan” myhmanhanasyny synlanymda, paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda «Mahabat» binasyny, göýä, başyna täç deý göteren ýerasty awtomobil we pyýada geçelgelerinden geçip barýarkam, Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň giden şäherçäni emele getirip ýaýylyp ýatan desgalarynyň deňesinden geçenimde, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň desgalaryny dür däneleri deý düzüp oturan ak ýoldan barýarkam, Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi, Estetiki merkez ýaly, il hyzmatyndaky, gör, nijeme desgalara... gözüm düşende, 2020-nji ýylyň aýan-aýdyň keşbini synlan ýaly bolýaryn. Ol görnüşler, öwüşginler, tüweleme, örän kän, olar ýurduň ähli sebitlerine ýaraşyk berip dur. Ýylyň her bir pursadyny sungata öwrüp bilýän güýç Gahryman Arkadagymyzyň “Ýurdum!” diýýän ýüregidir, mähriban halkymyzyň ýanbermez yhlasydyr.

Synagly sapaklar
Elbetde, 2020-nji ýyl öz sowallary, öz synaglary bilen geldi. Pelegiň kän-kän gerdiş-gerdanyny başdan geçiren adam ogly täze synaga — täze sökellige duçar boldy. Covid-19 pandemiýasy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar kän zatlara täzeçe garamaga, ol barada täzeden oýlanmaga mejbur etdi.
Bu ýagdaýlar adamyň öňde-soňda bolan we bolup biläýjek iň uly bagtynyň-baýlygynyň saglykdygyny görkezdi.
Saglygy goraýşyň diňe bir ulgam däldigini, ähli ulgamdyr pudaklaryň düýp çarhydygyny görkezdi.
Uç-gyraksyzdyr öýdülýän ümmülmez dünýäniň, aslynda, bitewi bir öýdügini, onuň bir ujunda öwsen şemalyň beýleki ujundaky baglary yralap-ygşyldadyp bilýändigini görkezdi.
Güýçli şemallaryň daragtlary has berkidýändigi öňden belli hakykat.
Emele gelen ýagdaýlar dünýä daragtynyň köküniň-binýadynyň bilelikdäki ählumumy tagallalardadygyny, onuň berkidilmeginiň, pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny görkezdi.
Her bir babatda bolşy ýaly, bu babatda hem Türkmenistanyň öz sözi, anyk garaýşy bar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamzadyň bähbidine gönükdirilen düýpli başlangyçlaryny halkara forumlaryň münberlerinden dünýä jemgyýetçiligine ýetirdi.
Şeýle çylşyrymly ýagdaýlarda hem Türkmenistanyň ykdysady işjeňligini saklap galandygy, öňde goýan maksatlaryna tarap okgunly hereket edendigi aýratyn nygtalmalydyr. Muny Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde getirilen maglumatlardyr, görkezijiler doly tassyklaýar.

Pursatlardan düzülýän durmuş
Haýsydyr bir ýurtda ýörite pikir soraşma gurap, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlardan özlerini örän bagtly duýan pursatlary barada gyzyklanypdyrlar. Haýran galaýmaly, olar ne gymmatbaha zatlary satyn alan wagtlaryny ýatlapdyrlar, ne-de adaty iş günlerini. Diňe tebigatda bolup, gözel ýerleri synlan, syýahat eden, ýakyn ýürekdeşleri bilen söhbet eden, bir gowy kitap okan, uzak wagt görüşmedik adamlaryna duşan pursatlaryny ýatlapdyrlar...
Ýene-de 2020-nji ýyla dolanýaryn. Elbetde, sag-salamatlygy, parahatlygy bilen aýlanyp duran günleriň her biri bagtdan nyşan. Ýöne bagtly ömrüňem aýratyn bagtly günleri, taryhyňam aýratyn taryhy pursatlary bolýar ahyry!
Hormatly Prezidentimiziň iş saparlary mynasybetli, Çärjew etrabynyň “Watan”, Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiklerinde bolup, tylla Güni bugdaýly meýdanlarda garşylan säherlerimizi, Oguz han etrabynda “Adam eli — gudrat” diýdirýän ymgyr bagçylygy synlan pursatlarymyzy ýatlaýaryn. Ahal welaýatynyň “Ahalgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumyndaky pursatlar... Gahryman Arkadagymyzyň ýönekeý daýhanlar, işçiler bilen ýürekdeş söhbetlerini, öwüt-ündewlerini ýakyndan diňlemek biziň üçinem mekdep bolupdy. Olaryň ählisi, bugdaý çöregi ýaly, hümmeti-gymmaty bilen hakydada galdy.
Kär-kesbimiz bilen baglylykda, Hazary jähekläp oturan “Guwlyduz” kärhanasynda, “Hazar” döwlet tebigy goraghanasynda, Garabogaz aýlagynyň kenarlarynda, ol ýerdäki karbamid zawodynda, Ahal welaýatynyň täze merkezi şäheriniň binalarynyň gurluşygynda, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň bereketli meýdanlarynda, “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetinde, Garagumuň jümmüşinde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda, Ak bugdaý, Gökdepe etraplarynyň “ak altynly” atyzlarynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň köp sanly önümçilik kärhanalaryny jemlän Senagat zolagynda, “Daýhan sarpasy” hojalyk jemgyýetinde, “Elin balyk” hususy kärhanasynda, Bamydaky behişdi bagzarlyklarda, “Arçman” şypahanasynda, “Abiwerd” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda... bolup, alnyp barylýan işler bilen tanşylan, olaryň waspyny-wagzyny ildeşlerimiz bilen paýlaşmak miýesser eden pursatlar tereň täsiri bilen hakyda dolýar.
Pursatlar diňe başdan geçirilmeýär. Olar ýürekden geçirilýär. Ýürekden geçirilýän pursatlara bolsa könelme ýok. Elbetde, biz göwne ornan bu pursatlary diňe bir şahsy täsirlerimiz bilen baglylykda ýatlamadyk. Eýsem, Diýar giňişliklerinde gyzygy-gyzgalaňy gowzamaýan işleriň jeminden döwletli döwranyň wysal tapýandygy, döwrüň keşbiniň ýollarda, anyk işlerde açylýandygy, bilen baglylykda ýatladyk. Agzaw eden pursatlarymyz heniz deňizden damja kysmy.
Şahyr: “Iň gymmatly gaznanyň didardygyna düşündim” diýýär. Balkan daglaryndan Köýten daglaryna çenli, Jeýhun kenarlaryndan Hazar kenarlaryna çenli ýurduň dürli künjeklerinde dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlar bilen görşüp-gürleşip, biziň ählimizi bir bitewi maksadyň birleşdirip durandygyna, rowaçlygyň binýadynyň hem şundadygyna göz ýetirýärsiň. Ine, onsoň, şeýle pursatlary aňyňda aýlap, derejeli döwrüňdenem, şu döwre gabat gelen ömrüňdenem, döwrüň jümmüşinde bolmak bilen dahylly käriňdenem müň mertebe razy bolýarsyň.
Dostlarymyň biri şeýle gürrüň berdi: “Bir daýhany tanaýaryn. Ol ýaran garpyzynyň, kesen gawunynyň, käselän zamçasynyň iň süýjüleriniň çigidini aýryp goýýar. Onuň näme üçin beýdýändigini soramazdan hem bilýärin. Ol geljek ýyl süýji gawun iýmek üçin şu günki gawunlarynyň tohumyny ýygnaýar...”.
Bize-de bu ýagdaýdan mysal alara zatlar bar...

Meniň ilim dost ilidir
Ýogsa-da, “şygyr” sözi bilen “şygar” sözüniň düýbi-dünýäsi birmikä?! Elbetde, her bir gowy şygyr, aslynda, gowy şygardyr, ýagşylyga çagyryşdyr. Ýöne gowy şygar hem şygra berimsiz kämillige eýedir. Asyl-ha, ol nijeme şygyrdyr aýdymlara gözbaş bolup bilýär...
Milli Liderimiziň döwletli başlangyjy bilen, 2021-nji ýyla nurana at, belent şygar berildi: “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”! Bu sözler ganatly aýdym, sünnä şygyr ýaly, gör, nähili owazly ýaňlanýar! Çünki ol ýöne bir şygar däl. Dagyň mumyýasy, süýdüň gaýmagy deýin, döwrüň beýik işlerinden syzylyp-süzülip çykan hakykat. Heňňam hakydasyna hemsyrdaş hakykat. Onuň aňyrsynda, gör, näçe anyk esaslar, hormatly Prezidentimiziň öňe süren, durmuşa geçirýän, ýurtlary, sebitleri ýakynlaşdyrýan, parahatçylygyň berkemegine şert döredýän anyk taslamalary bar! Hut şu hakykatdan ugur alyp hem, türkmen Lideriniň gymmatly ideýasy esasynda Milletler Bileleşigi 2021-nji ýyly dünýä derejesinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, ussat şahyr Annaberdi Agabaýew bir gürrüňdeşlikde şeýle diýipdi: “Elde ýasalan Ýer togalagyny — bir ýana eňňit atyp duran globusy göz öňüne getiriň. Indi onuň ýüzündäki serhetleri çekilip, atlary ýazylan döwletleriň atlaryna göz aýlaň-da, şu günki Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň paýtagtlarynyň görkezilen ýerine kindiwanja ýaşyl baýdajyk dikip çykyň. Özüm-ä şeýdip gördüm welin, tas tutuş Ýer şary maýsaly meýdany ýatladyp, ýaşyl öwüsdi duruberdi. Aperin, bu baýdajyklary! Sanasaň, sogaby bar diýleni-dä...”.
Şahyr aýtmyşlaýyn, “Meniň ilim dost ilidir”. Parahatçylyk, ynanyşmak sözleri-de dostluk bilen bir kökden, bir gözbaşdan suw içýär.
Ýeke ýöräp tiz gidip bolýar, emma uzaga gidip bolmaýar. Heňňamyň uzyn ýollarynda ýoldaş gerek, dost gerek, hyzmatdaş gerek. Ynanyşyp, dost bolunýar. Ynam, dostluk bilen parahatçylyk saklanylýar.
Parahatçylygy we ynanyşmagy zamananyň baş çelgisi hökmünde öňe sürmek adamzat ýaşaýşynyň dürli-dümenliginiň içinde häzirki döwür üçin iň gerekli ýoluň nämedigini ýalňyşsyz kesgitläp bilmekdir.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen sözlerde ymgyr many bar. Ol parahatçylyk, ynanyşmak ýaly düşünjeleriň kök uran, ýaýran asyl mekanynyň şu toprakdygyny hem tekrarlaýar. Muňa bolsa taryhdan mysal näçe diýseň bar.
Türkmen Lideri dünýä ynam we parahatçylyk ýaýýar.
Adamyň özgelere bolan ynamy onuň özüne bolan ynamyndan başlanýar.
Biz özümize ynanýarys!
Öz mümkinçiliklerimize, röwşen geljegimize ynanýarys!
Şol ynam hem çyrag bolup, ýolumyzy ýagtyldýar.

Günüň gelşi — säherinden, ýylyň gelşi — äheňinden!
2021-nji ýylyň şanly toýuň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ruhunda gelendigini Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde edilen gürrüňler, garalan meseleler hem aýan-oraşan görkezdi. 8-nji ýanwarda geçirilen bu mejlisde ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesini baýram etmek, ony derejeli-döwletli desgalaryň açylyşy bilen şöhratlandyrmak barada çynlakaý gürrüňler edildi, anyk çözgütler kabul edildi.
Türkmende “Goňşy — iň ýakyn aralykdaky il” diýilýär. Diýmek, dünýä uzaýan ýol goňşy öýünden başlanýar. Türkmen döwletiniň dünýä parahatçylyk ýaýýan ýagşy niýetdir tutumlary duldegşir goňşusy Owganystan bilen dahylly işlerinde hem açylýar.
Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Owganystanyň Kabul şäherine gulluk iş sapary, meýilleşdirilen gepleşiklerdir hyzmatdaşlygy ilerletjek täze ikitaraplaýyn resminamalar barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, ýakyn günlerde Owganystanyň çäklerinde Akina — Andhoý demir ýolunyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.
Lebap welaýatynyň Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli güýjenmesi 500 kW bolan täze elektrik geçiriji ulgamynyň ulanyşa girizilmegi bolsa Türkmenistandan goňşy Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde alnyp barylýan işleriň hatarynda goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine Türkmenistanyň geljekde-de uly üns berjekdigini aýratyn nygtady.
Milli Liderimiz parahatçylygy, ynanyşmagy, şeýdip, anyk işler bilen berkidýär.

Täze belentlikler çagyrýar
Täze ýylyň ilkinji günlerinde “Bagabat” şypahanasynda bolmak miýesser etdi. Görseň, göwnüň dokunýar, ine, daglary etekläp oturan döwrebap şypahana! Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýylyň güýzünde açylan, hem döwrüň, hem tebigatyň gözelligini özünde jemlän şypahana! Soňky günlerde küregenläp-boraganlap ýagan gar bu ýeri täsin ertekä öwräýipdir. Niräňe seretseň, aklyk!
Daglar bir mysaly hakyda saldy...
Haçan-da alpinistler topary Ewerestiň çürbaş belentligine ilkinji gezek çykmagy başaranda, toparbaşy Edmund Hillariden sorapdyrlar:
— Siz nädip beýle töwekgellige baş goşup bildiňiz? Aňryçäk belentligiň howalasy howuňyzy basmadymy?
— Ýaýdandyrman durmady. Ýöne barybir heniz ýetilmedik, aýak basylmadyk belentlik barka, adam ogly Zeminde arkaýyn ýaşap bilmezdi.
Durmuş hem uçursyz belentlikler kysmy. Bir belentlik täze belentligi açýar. Şahyr diýgeç: “Daglaň aňyrsyndan daglar görünýär”. Şondan ötri adam hemişe geljege telwasly, öňegidişlige hyjuw-hyruçly.
Halkymyz 2021-nji ýylyň ösüşiň täze belentlikleriniň ýyly boljagyna tüýs ýürekden ynanýar. Bu ynam diňe bir göwün ýüwürtmelere däl, eýsem, öňde goýlan, ähli ulus-ili birleşdirip duran belent maksatlara, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, çuňňur oýlanyşykly syýasatyna, halk bolup çekilýän yhlasly zähmete esaslanýar.
Adatça, Zemin halklarynyň aglabasynda täze ýyly neneňsi garşylasaň, ýyl şoňa görä bolýar diýen ynanç bar. Biz bu ýyly hem jebis il bolup, Gahryman Arkadagymyzyň Täze ýyl Gutlagyny diňlemek, onuň göwün joşduryjy duýgularyny kalba siňdirmek bilen garşyladyk. Milli Liderimiz öz Gutlagynda şeýle diýdi: “Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris”.
Onki süňňüň abatlygy — bagtyň baş ölçegi. Ýylyň onki aýy onuň onki süňňüne barabar. Goý, ýylymyza-da, ilimize-de saglyk-salamatlyk, onki süňňi abatlyk, dokuzy düzüwlik hemra bolsun! Ýyllar rowaç, ýollar rowana bolsun!
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.