Parahatlyk hemra her bir ynsana, ynam bilen geljegimiz nurana

Halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän bir ajaýyp adat bar. Ol hem maşgalada täze dünýä inen perzende mynasyp at goýmak. Bu babatda ýaňy dünýä inen bäbegiň ata-enesi maşgalanyň hormatly ýaşulularydyr, maşgala agzalary bilen maslahatlaşyp, saýlanan atlaryň içinden iň naýbaşysy diýlip kabul edilen ady çaga dakýarlar. Çünki perzende goýlan at onuň bütin ömrüne, ykbalyna özüniň täsirini ýetirýär diýen ynama eýerýän pederlerimiz perzendiň öz adyna mynasyp bolup ýetişmegini gazanmak üçin onuň dünýä inen ilkinji günlerinden alada edipdirler. Taryha we durmuş tejribesine ser salsak, bu köplenç babatda dogry bolup çykýar. Megerem, «Ýagşydan at galar» diýen parasatly jümle hem şondan gelip çykandyr.
Pederlerden miras galan göwün guşuňy ganatlandyryp, dideleriňe röwşen çaýýan asylly ýörelgelere uýmak, ajaýyp däplere eýermek, durmuşda ähli zady oňatlyga ýorup, ýagşylyga ýanamak biziň her birimiziň zandymyzda, ganymyzda, ruhumyzda bar.
Ynha, şeýle ajaýyp ak arzuwlar, ýagşy niýetler, belent maksatlar bilen hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ata Watanymyza gadam basan Täze — 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Bu şygar agzybir halkymyz, döwlet edaralary, iri jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalar tarapyndan öňe sürlen köpsanly teklipler esasynda göz öňünde tutulyp kabul edildi. Şu ýerde 2021-nji ýylyň manysynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen gabat gelýändigini bellemek biziň üçin has-da buýsançlydyr.
Adamzat taryhynda jemgyýetiň, döwletiň ösmeginde birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýlan syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar esasy orny eýeläpdir. Çünki ynam etmek arkaly ýerine ýetirilýän her bir işiň üstünlik hem-de zähmet ýeňşi bilen tamamlanýandygy nazaryýetde-de, durmuş tejribesinde-de subut edilen hakykat. Şeýlelikde, biz ynamyň bar ýerinde parahatçylyk we hoşniýetli gatnaşyklar bar, ynama daýanýan parahatçylygyň, asudalygyň bar ýerinde agzybirlik we ösüş bar diýip, uly ynam bilen aýdyp bileris. Ýaşaýyş filosofiýasynda maksada ýetmegiň berk sütüni hasaplanýan ynamyň ikitaraplaýyn bolmalydygy baradaky pikirler hem öňe sürülýär. Bu babatda biziň ýurdumyz baý tejribe toplady. Muny dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň goldamagynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmak, dünýäde iň abraýly gurama bolan BMG-niň we onuň halkara düzümleriniň agzasy hökmünde durnukly syýasata eýe bolmak we halkara ýörelgelerine ygrarly bolmak ýaly amala aşyrylýan asylly maksatlaryň mysalynda hem görmek bolýar. Munuň özi döwletimiziň umumadamzat jemgyýetiniň ynamyna mynasyp bolmagydyr.
Baky Bitaraplyk derejesine daýanyp, daşary syýasaty ýöredýän döwletimiz dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-durmuş ulgamyndaky gatnaşyklary saklamakda hem özara ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak daşary syýasatymyzyň esasy ugry bolmagynda galýar» diýip, nygtaýşy ýaly, parahatçylygy dörediji, hoşniýetli goňşuçylyk, giň we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hemişe hut şeýle ýörelgelere ygrarlydyr we munuň şeýledigini dünýä ýüzüne subut etmegi başaran döwlet hökmünde halkara jemgyýetçiliginde uly abraýa eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda halkymyzyň ykbalynda bagtly pursatlary, zähmet ýeňişlerini bagyş edip, taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylýan ýyllar ýetilen menziller, kabul edilen taryhy çözgütler bilen müdimilik aňymyzda galyp, kalbymyzda uly orun eýeläp, ýatdan çykmajak wakalary, toý-dabaralary bilen möhürlenýär. 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem güneşli Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy giňden baýram edilip, ýurdumyzyň taryhynda ýatdan çykmajak ýakymly, ýalkawly, sahawatly pursatlary bagyş etjek nurana ýyllaryň biri bolar.
«Ýyl gelşinden bellidir» diýlişi ýaly, eýýäm Täze ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synp mekdep okuwçylarynyň ählisine öz ýurdumyzda öndürilen, ýörite okuw programmalary bilen üpjün edilen döwrebap kompýuterleriň sowgat berilmegi hem kalplary şatlykdan pürepür doly çagalaryň we ata-eneleriň, bilim işgärleriniň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly wakalaryň birine öwrüldi.
Sebitde we bütin dünýäde pandemiýa sebäpli howsalaly ýagdaýlaryň ýüze çykandygyna garamazdan, merdana halkymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» bolan geçen — 2020-nji ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemledi. Ýurdumyzda jemgyýetiň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň saglygy bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegini gazanmakda milli Liderimiziň paýhasly çözgütleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde uly goldawa eýe boldy.
Döwlet Baştutanymyz onlaýn görnüşinde ýokary derejede geçirilen ençeme köptaraplaýyn duşuşyklara — Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň «COVID-19» pandemiýasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk we raýdaşlyk» atly mowzuk bilen geçirilen ýokary derejedäki wideoduşuşygyna, Goşulyşmazlyk hereketiniň Gatnaşyk toparynyň «Bilelikde COVID-19-a garşy» atly mowzuk bilen geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyga, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde hem-de Halkara Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy. Şol duşuşyklarda Arkadag Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen teklipleriň dünýäniň halkara guramalary tarapyndan biragyzdan goldanylandygyny ýatlamak has-da ýakymly.
Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň saglyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň has-da göwnejaý we döwrebap ýola goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş we Estetiki merkezleri, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda häzirki zaman «Bagabat» şypahanasy, Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda Ýokanç keseller hassahanasy işe girizildi.
Şu ýerde oba hojalyk pudagynda sahawatly toprakdan bereket öndürýän merdana oba hojalykçylarymyzyň 2020-nji oba hojalyk ýylynda gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny, «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnadan gowragyny ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrandyklaryny hem buýsanç bilen bellemelidiris.
Hawa, Täze — 2021-nji ýyl özi bilen tebigatyň gaýtalanmajak gözelligi bolan ak gary hem alyp geldi. «Ak zat —alnyňa ýagşy» diýýän ildeşlerimiz, hususan-da, tejribeli ekerançylarymyz gyşyň bu döwründe ýagan garyň Täze ýylda bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasyla beslenjekdiginiň nyşanydygyny guwanç bilen dile getirýärler. Şundan ugur alsak, bize 2021-nji ýylda uly tutumlar, beýik maksatlar garaşýar. Çünki gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, durmuşda her bir işi täze zähmet ýeňişleri bilen berkitmek merdana halkymyza muwapyk asylly häsiýetleriň biridir.
2021-nji ýylyň nyşanynda ýerleşdirilen, parahatçylygyň mizemezliginiň beýany bolan ak laçynyň ýaşyl öwüşginli ganatynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, göge göterilýän beýleki ganatynyň baky Bitaraplygymyzy aňladýandygyny höwes bilen synlap, ata Watanymyzyň ösüşleriniň şol goşa ganatda jemlenýändigine göz ýetirmek kyn däl. Türkmen halkynyň mertebesi bolup parlaýan ýaşyl baýdagymyz, dostluk daragty bolsa kalbyňa egsilmejek joşguny, ylahy ylhamy peşgeş edýär. Onsoň şeýle nyşany döşüne dakynyp gelen 2021-nji ýyly neneň bagra basyp, ak arzuwlara berilmejek, päk maksatlara atarylmajak?!
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen at bilen adyna mynasyp bolup gelen 2021-nji ýylymyz hem ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanýan, ynamyň, dost-doganlygyň berkeýän ýyly bolsun! Mundan beýläk-de halkymyzyň we döwletimiziň abraýy has-da artsyn! Halkymyz bilen bir jan, bir ten bolup, ata Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlary rowaçlyga beslenip, dowamat-dowam bolsun!
Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».