Arassaçylyk — saglygyň girewi

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Keseller howa-damja ýoly bilen köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar.
Biz her gün otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly.
Hemişe arassa howada gezelenç etmekligi öz durmuşymyza ornaşdyralyň.
Şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmaly, howpsuz 2 metr araçägi saklamaly.
Haçanda köçeden we köpçülik ýerlerinden geleniňde, elleriňi sabyn bilen gowy ýuwmaly. Bu düzgünler nahar iýmezden öň we soň, çagalar bolsa oýnawaç oýnanlaryndan we okuw esbaplaryny ulananlaryndan soň berjaý edilmelidir.
Diş çotgalary hiç wagt şärikli ulanylmaly däl. Her bir ene-ata arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändiklerine garamazdan, bu barada çagalara ýatladyp durmalydyr.
Gök-bakja önümleri we miweleri iýmezden öň gowy edip akar suwda ýuwmaly.
Iýmit taýýarlanylýan ýer hemişe arassa bolmaly.
Hassalygyň öňüni almak we öz saglygyny gorap saklamak her bir adamyň borjudyr. Ynsan saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!