Zehin zehinden zyýada

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi. Bu baýrak 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara gowşurylyp gelinýär. Şu ýyl bu baýraga çagalaryň 64-si, çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si mynasyp boldy.
Baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda döredijilikde, aýdym-sazda, sportda, ylymda, bilimde tapawutlanan çagalaryň has köp bolmagy ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşjak bagtyýar nesilleriň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.
Dabaralarda çykyş edenler çagalar hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe körpe nesilleriň ukyp-başarnygyny açyp görkezmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada buýsanç bilen belläp geçdiler.
— Täze ýylyň ilkinji günlerinde «Galkynyş» birleşen deprekçiler toparymyza-da Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Bu biziň buýsançly başymyzy göge ýetirip, döwrebap sazlary döretmäge ruhlandyrdy.
2004-nji ýylda döredilen toparymyz ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine, festiwallara, şeýle hem Medeniýet günlerine işjeň gatnaşyp gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň hem birnäçe gezek ýeňijisi bolmak miýesser etdi. Toparymyza welaýatymyzyň orta mekdeplerinden saza üşükli çagalar kabul edilýär. Geçen ýyllarda «Bagtyýarlyk nagmalary», «Ýürek joşguny», «Bitaraplyk waspy» «Şadyýan owazlar», «Dost-doganlyk kakuwlary» ýaly sazlaryň ençemesini halk köpçüligine hödürledik. Şu ýyl ýurdumyzda uludan toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna toparymyz hem täze sazlar çemenini sowgat eder — diýip, Daşoguz welaýatynyň Medeniýet müdirliginiň birleşen «Galkynyş» deprekçiler toparynyň ýolbaşçysy Batyr Haljanow gürrüň berdi.
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.