Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary, baý gorlara daýanýan uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri diňe bir içerki zerurlyklara däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbitlerine, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesinde 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanyşa girizilen karbamid zawody hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaponiýaly hem-de türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan bina edilen kärhananyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belentliklere göterilip, rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsine öwrüldi.
Geçen ýyly uly üstünlikler bilen jemlän karbamid kärhanasynda şu günler işler ýokary sazlaşykda alnyp barylýar. Geçen ýyl bu ýerde karbamid öndürmek baradaky meýilnama üstünlikli amal edildi. Taýýarlanylan önümiň ähli möçberiniň diýen ýaly daşarky bazarlara çykarylandygy has-da buýsançly görkezijidir. Işleriň depgini häzirki zaman kärhanasynyň ýakyn wagtda öz taslama kuwwatlylygyna çykaryljakdygyny aňladýar.
Milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýan himiýa senagatyny ösdürmekde möhüm tapgyrlaryň biri bolan bu toplum 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da, beýleki önümçilik düzümleriniň birnäçesini özünde jemleýär. Ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna daýanýan zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň 660 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenilendir. Şeýle uly önümçilik mümkinçiliklerine eýe zawod ildeşlerimiziň ýüzlerçesini iş bilen üpjün etmäge şert döretdi. Aslynda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalarda iň bir wajyp meseleleriň biri hem ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmakdan, durmuş abadançylygynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdy.Ýeri gelende aýtsak, bu döwrebap kärhananyň işe girizilmegi gazhimiýa senagatynyň geljekki uly ösüşlerine eýýämden aýgytly täsirini ýetirýär. Çünki häzirki wagtda sazlaşykly işleýän bu zawod ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler bilen milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny doly üpjün etmek, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde täze mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda bu kärhananyň öndürýän önümine daşarky bazarlarda barha köp isleg bildirilýär. Muňa Hazaryň mawy giňişliklerinden kärhananyň deňiz duralgasyna ýüzüp gelýän ýük gämilerini synlanyňda-da magat göz ýetirýärsiň.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber hemaýat-goldawlaryndan ruhlanýan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümçilik düzümleri öndürýän önümleri bilen ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň, esasan-da, oba hojalygynyň zerurlyklaryny üpjün etmegi baş maksat edinýär. Häzirki zaman dünýäsiniň ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän karbamid zawody hem bu asylly maksadyň myrat tapmagynda, eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmakda mynasyp orny eýeleýär. Umumy meýdany 60 gektara barabar zawodda ornaşdyrylan enjamlaryň daşary ýurtlaryň iň kämil enjamlary bolmagy we olaryň doly awtomatlaşdyrylmagy kärhananyň önümçilik kuwwatynyň ýokary bolmagyny üpjün edýär.
Bu gün himiýa senagaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy önümçilik pudaklarynyň birine öwrülýär. Ýerli çig mallary rejeli we netijeli ulanmak arkaly ýokary hilli önümleri öndürmäge bu pudagyň ähli mümkinçilikleri bar. Häzirki wagtda uly ösüşleri başdan geçirýän himiýa senagatynyň işgärleriniň tagallalary bilen, Diýarymyzda uglewodorod serişdeleriniň gaýtadan işlenilmegi netijesinde, mineral dökünleri öndürmek we pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu kärhanada karbamid öndürmek üçin esasy çig mallaryň biri bolan tebigy gaz “Gündogar — Günbatar” baş gaz geçirijisinden alynýar.
Has gymmatly azot dökünlerine degişli karbamid önümlerine ösüp barýan ýurtlar bilen bir hatarda, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýewropa döwletleri has köp isleg bildirýärler. Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň başynda bu önümiň dünýäde öndürilişiniň möçberi 97 million tonna barabar bolanlygyndan häzirki wagtda iki essä golaý artdy. Şunlukda, «Garabogazkarbamid» zawodynyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda möhüm ähmiýete eýedigi hem öz-özünden düşnüklidir.
Hawa, “Garabogazkarbamid” zawodynyň zähmet toparlary geçen “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyny netijeli zähmetleri bilen guwandyryjy üstünliklere besläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna şowly badalga aldylar.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.