Sözüň gadamy

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda dünýäde «Halkara parahatçylyk hem ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň gelmegi mynasybetli türkmen sözüniň gadamy hakda oýlanma
Eýsem, sözde gadam bolup bilermi?! Türkmenistanyň tejribesi sözde gadamyň bardygyny, üstesine, onuň tizlige-de eýedigini görkezýär. Özi-de şunda olary adaty ölçeg birlikleri bilen ölçäp bolmaýar. Dogrudan-da, sözüň (biz şu gürrüňimizde diňe ýagşy sözi göz öňünde tutýarys) agramyny nädip ölçejek, tizligini nädip kesgitlejek?! Munda başgaça ölçegleri ulanmaly bolýar. Ölçeg diýýänimiz sözüň adamlara täsiri hem-de onuň ilden-ile geçip, dünýä ýaýraýşy.
Söz — pikiriň, hyýalyň, garaýşyň, isleg-arzuwyň beýany, aňlatmasy. Ony başarnygyň hem mümkinçiligiň, gündelik işiň hem geljekki etsem-goýsamlaryň beýany hökmünde-de kesgitläp bolar. Sözi adamlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda, döwletleriň hem yklymlaryň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlykda özara düşünişmegiň serişdesi hökmünde-de häsiýetlendirip bolar.
Söz zybandan çykandan soň, eşidilýär. Aň onuň ýagşydygyny ykrar edenden soň, sözüň hereketi başlanýar. Şu pursatdanam onuň gudraty ýüze çykyp ugraýar: ol hem-ä özi hereketde bolýar, hem-de başgalary (adamlary, döwletleri, halkara guramalary) hereket etmäge höweslendirýär. Türkmeniň sözi — Türkmenistanyň halkara başlangyçlary munuň şeýledigini ähli gözelligi bilen görkezýär.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň BMG-niň belent münberinden beýan eden başlangyçlary bir hakykaty güberçekledip, öňe çykarýar: özüniň Bitaraplyk halkara hukuk derejesini ulanyp hem-de elbetde, halkynyň ýürek emrine-islegine daýanyp, Türkmenistan adamzat ähmiýetli meseleleri çözmäge barha işeňňir gatnaşýar hem-de bu işde zerur bolan şertleri döredýär. Özi-de şunda Türkmenistanyň hereketleriniň yzygiderlidigini hem-de döredijiliklidigini aýratyn bellemelidiris.
Türkmen sözüniň gadamlydygy hem-de batlydygy baradaky gürrüňimizi Türkmenistanyň başlangyçlarynyň mysalynda dowam edeliň! Şunda okyjylarymyza has düşnükli bolmagy üçin syýasy adalgalary-düşünjeleri sadalaşdyrdyk hem-de gadymy kitaplaryň biriniň beýan ediş usulyny ulandyk.
Türkmenistan bitarap boljak diýdi we şeýle-de boldy.
Türkmenistan halkara gaz geçirijilerini çekeliň hem-de olaryň howpsuzlygyny üpjün edeliň diýdi we şeýle-de boldy.
Türkmenistan halkara demir ýollary guralyň diýdi we şeýle-de boldy.
Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini döredeliň diýdi we şeýle-de boldy.
Türkmenistan Aral babatda güýçlerimizi birleşdireliň diýdi we şeýle-de boldy.
Türkmenistan halklaryň saglygyny berkideliň diýdi we şeýle-de boldy.
Türkmenistan özüniň Bitaraplyk halkara hukuk derejesini alan senesini müdimileşdireliň diýdi we şeýle-de boldy.
Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisindäki wideoýazgy çykyşyndan şu jümlä üns bereliň: “Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi parahatçylyk döredijilikli ýokary wezipedir, parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly ýurdumyzyň dünýä we sebit derejelerinde ýüze çykýan ähli meseleleriň çözülmegine gatnaşmaga taýýardygydyr”.
Türkmenistanyň meseleleriň çözgüdine işeňňir gatnaşyp gelýändigini, bu gatnaşygyň bolsa yzygiderlidigini we dowamlydygyny hem-de hiç bir meseläni ünsden düşürmeýändigini aýtdyk. Ynha, oňa mysallar, biz olary özümizçe, bir sapaga düzdük:
1. СOVID-19 pandemiýasy babatda. Arkadag Prezidentimiz döwrüň adamzada howp salýan bu wehiminden diňe köpleşip, ýagny ähli döwletleriň raýdaşlygy we jebisligi arkaly üstün çykyp boljakdygyny aýdyp, şulary teklip etdi:
— koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmeli;
— pnewmoniýa garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly işläp taýýarlamaly;
— ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Usulyýet merkezini döretmeli.
Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatda eden çykyşynda dünýä halklaryna wehim salýan ýiti ýokanç kesel barada gürrüň gozgap, şeýle diýdi: “Türkmenistan 2021-nji ýylda Aşgabatda täze görnüşli ýokanç kesellere garşy göreş meseleleri boýunça Alym-lukmanlaryň forumyny geçirmegi teklip edýär”.
2. Dünýä ykdysadyýeti. Koronawirus pandemiýasy dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýär. Ählumumy ykdysadyýeti durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin Türkmenistan:
— ykdysadyýetiň “jany bolan” energiýanyň iberilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň halkara hukuk guralyny döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi maksat edinýär hem-de garaýyşlaryny öňe sürýär;
— adatdan daşary ýagdaýlar döwründe halkara ýük daşalyşynyň durnuklylygyny üpjün etmek meselelerini çözmeli. Şunda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini ünsden düşürmeli däl. Bu babatda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlap, ony dünýä döwletleriniň garamagyna iberendigini aýtmaly;
— söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek işlerini Bütindünýä söwda guramasy öz üstüne almaly.
3. Aral meselesi. Merkezi Aziýanyň halklary we döwletleri üçin örän wajyp bolan Aral deňziniň gurşawy üçin Türkmenistan tarapyndan teklip edilen BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek işini çaltlandyrmaly.
4. Owgan meselesi. Merkezi Aziýada parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meseleleri diňe bir sebitiň öz içindäki halklar we döwletler däl-de, bütin dünýä üçin örän wajypdyr. Sebäbi dünýäni uly bir gämä meňzetseň, hiç bir halk ýa döwlet onuň daşynda özbaşdak ýaşap bilmez. Owgan meselesi babatda-da şuny aýdyp bolar. Owganystandaky parahatçylykly durmuş hemmeler üçin örän ähmiýetlidir. Türkmenistan, hormatly Prezidentimiziň sözlerini ulanyp aýdanymyzda, owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin, ilkinji nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegini Owganystanyň syýasy taýdan durnuklylaşdyrylmagynyň, ykdysady we durmuş taýdan täzeden dikeldilmeginiň, onuň dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti hasaplaýar.
Bu garaýyş diýseň wajypdyr, örän ähmiýetlidir hem-de juda döwrebapdyr. Şonuň üçinem bu hakda, gysga-da bolsa, iki agyz aýtmagy ýerlikli hasaplaýarys. Uzak ýyllaryň dowamynda çözülmesi örän kyn bolup gelen owgan meselesini çözmegiň hormatly Prezidentimiz tarapyndan teklip edilýän usuly eýýäm özüniň netijesini berip başlady. Iri taslamalara owgan tarapynyň döwlet ýa-da (ylaýta-da) şahsy eýeçiligiň toparlarynyň gatnaşdyrylmagynyň olaryň ahyrky netijä bolan gyzyklanmasyny artdyrjakdygy görnüp duran hakykat. Sebäbi iň lezzetli iş — özüň bolup, öz mümkinçiligiňi, başarnygyňy, pikir-garaýşyňy ulanyp edilen iş. Halkymyz şeýle diýýär: “Öz ekeniň doýumlyk, kişi bereni dadymlyk”. Biz öz zähmetimiz bilen gazananymyzyň doýumlykdygyny hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşymyzda göre-göre gelýäris.
5. BMG bilen gatnaşyklar. “Biziň ýurdumyz üçin BMG möhüm, ileri tutulýan hyzmatdaş bolupdy we şeýle bolmagynda galar”. Bu — hormatly Prezidentimiziň sözi. Türkmenistan BMG-niň dünýädäki at-abraýynyň has berkemegine, onuň mümkinçilikleriniň artmagyna uly ähmiýet berýär. Munuňam bir sebäbi, ynamdar hyzmatdaş bolup durmagyndan daşary, BMG Türkmenistan üçin öz sözüni aýtmak, garaýşyny delillendirmek we umumadamzat bähbitli başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek we beýleki halklaryň pikirini diňlemek üçin iň amatly münberdir.
Indi şu makalany ýazmakda esasy göz öňünde tutýan gürrüňimize geçeliň! Ony Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli meselelere içgin gatnaşýandygynyň, wakalaryň içinde bolýandygynyň, şeýdibem ählumumy hereketi gönükdirýändiginiň ýene bir delili hökmünde häsiýetlendiresimiz gelýär. Şeýlelikde:
6. Ynanyşmagy dikeltmek. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde şeýle diýdi: “Soňky wagtlarda halkara hukuga biperwaý garamak ýaly ýüze çykýan ýagdaýlar aýratyn alada döredýär. Emele gelen ýagdaýlarda, halkara hukugyň eýeleýän ornuny, ählumumy howpsuzlygyň bar bolan ulgamynyň köptaraply hukuk gurallaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň birleşdirilmegi, ähli ýurtlar tarapyndan BMG-niň Tertipnamasyndan gelip çykýan umumy ykrar edilen kadalaryň yzygiderli berjaý edilmegi zerurdyr. Diňe şeýle etmek bilen, dünýä syýasatyndaky durnuklylygy we geljege bolan ynamy saklap bolar, dawalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini azaldyp bolar”.
Şu maksada ýetmekde iň zerur zatlaryň biriniň halkara syýasatda ynanyşmakdygyny hormatly Prezidentimiz nygtaýar hem-de özara hormat goýmak medeniýetini berkarar etmekdigini aýdýar.
Ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýeti. Bular hakda içgin oýlanyberseň, hormatly Prezidentimiziň şeýle diýmek bilen, halkara syýasaty täze, has kämil basgançaga çykarýandygyna göz ýetirip bolýar. Göwün parahatçylygy, asudalygy, döredijilikli zähmeti, has gowy ýaşaýyş-durmuş şertlerini küýseýär. Gowulyk — dünýäniň ähli halklarynyň islegi. Şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek dogrusynda kabul eden Kararnamasyny ýatlalyň! Munuň özi ýagşy sözüň ýüreklere ornaýandygynyň buýsandyryjy görkezijisidir.
«Sözde gudrat bar» diýilýän pelsepewi gürrüňimize dolanalyň we Gudraty Güýçli Allatagalanyň saýlany, külli musulmanlaryň söýgüli pygamberi Muhammet aleýhyssalama Jebraýyl perişdäniň üsti bilen ýetirilen ilkinji Buýrugy ýatlalyň! Ol: “Oka!” diýen söz bilen başlanýar. Okamak — sözüň owazlanmasy. Söz bolsa adamy hereketlendiriji güýje eýedir. Ilkinji Buýrukdan soň, adamzadyň hereket ede-ede, bu günki gün nähili ýokary derejelere ýetendigini aýdyp-düşündirip oturmagyň hajaty ýok.
Türkmenistan şu ýylda bu Kararnamanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek babatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Nesip bolsa, ýurdumyzda döwletli maslahat ediler.
Türkmeniň ýagşy söz dogrusynda ata-babadan gelýän filosofiýasy dowamyny tapýar.
Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.