Täze jaýlarda — Täze ýyl!

Täze öý, täze jaý düşünjesi durmuşymyzdaky iň gowy arzuwlary özünde jemleýär. Hut şonuň üçin hem täze jaýa göçüp gelmek, onda ilkinji Täze ýyl baýramyny ajaýyp arzuwlar bilen garşylamak ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar. Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — her bir bagtyýar maşgalada uludan bellenildi.
Täze taryhymyza köp sanly şanly seneler bilen ýazylan 2020-nji ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabatda, şeýle-de ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşamak üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi açylyp, ulanylmaga berildi. Şol jaýlardan paýly bolan watandaşlarymyz ilkinji gezek täze jaýlarynda süýji arzuwlar, ýagşy niýetler bilen täze ýyly garşyladylar. Biz hem ildeşimiz Jumakulyýewleriň maşgalasyny Täze ýyl baýramy bilen gutlamak üçin olara myhmançylyga bardyk. Baýramçylyk desterhany giňden ýazylypdyr. Bizi döwletli ojagyň ýaşulusy Bäşim aga güler ýüz bilen garşylady. Tüweleme, bu bagtyýar maşgala lukmanlar maşgalasy diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek. Döwletli ojagyň käbesi Ýazgül gelneje stomatolog, gyzy Ogulnar bolsa reanimatolog lukmany bolup zähmet çekýär.
— Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda köp işleri amala aşyrýar. Şeýle işler netijesinde ýokary amatlykly, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak bagtyna eýe bolýan raýatlaryň sany günsaýyn artýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramynyň uly joşgun bilen bellenilen günlerinde paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze, döwrebap ýaşaýyş jaýyndan paýly bolmak biziň maşgalamyza-da miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň sowgady bolan täze jaýymyzda Täze ýyl baýramyny garşyladyk.
Goý, garşylanan täze, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly her bir öý-ojaga bagt getirsin! — diýip, Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň reanimasiýa bölüminiň lukmany Ogulnar Jumakulyýewa baýramçylyk şatlygyny biziň bilen paýlaşdy.
Täze ýylyň ilkinji günlerinde birek-birege ýakymly arzuwlary, ýagşy niýetleri aýtmak gowulykdan nyşan hasaplanýar. Häzir adamzadyň tehnologiýa babatda ýokary derejelere ýeten döwründe öz arzuwlaryňy arzylylaryňa ýetirmegiň onlarça ýoly bar. Öýjükli telefonyňdan jaň etseňem, SMS habarnamasyny ugratsaňam bolup dur. Arzuwlaryňy birek-birege ýetirmegiň müşgili ýok. Biz hem öz kalbymyzdaky ajaýyp arzuwlary aýtmak üçin täze, 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny täze jaýda, döwletli ojagynda garşylan Daşoguz welaýatynyň S.Nyýazow adyndaky etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 63-nji orta mekdebiň mugallymy Güljahan Sapaýewa jaň edip, onuň agzybir hem bagtly maşgalasyny Täze ýyl mynasybetli gutladyk. Bu bagtyýar maşgala mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguz şäheriniň Türkmenistan köçesiniň ugrunda açylyp, ulanylmaga berlen 16 öýli täze ýaşaýyş jaýynyň üç otagly öýünden paýly bolup, jaý toýuny toýlan mugallym şeýle belledi:
— Maşgala agzalarymyz bolup, köşk ýaly täze jaýymyzda saçaklarymyzy giňden ýazyp, täze, 2021-nji ýyly garşyladyk. Ýurdumyzda işleseň, halal zähmet çekseň, onuň rehnetini-de görýärsiň. Gahryman Arkadagymyz halal hem yhlasly işleýänleriň gadyryny bilip, sowgat-serpaýlaryny ýapýar. 2020-nji ýylyň biziň agzybir maşgalamyz üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolandygyny buýsanç bilen belläsim gelýär. Halkymyzyň eşretli durmuşy barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde ýerli gurluşykçylar tarapyndan bina edilen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýyndan paýly bolmak bagty bize-de nesip etdi. Bizi şeýle bagta ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
— Arkadagly ýurdumyzda ýyllarymyz biri-birinden zyýada. Her ýyl beýik ösüşlere beslenip, raýatlaryň kalbyna egsilmejek şatlyk bagyşlaýar. Tamamlanan, 2020-nji ýyl hem biziň maşgalamyza bagt getiren ýyllaryň biri boldy. Çünki 2020-nji ýylda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günleri Türkmenabat şäherinde açylyp, ulanylmaga berlen täze jaýlardan biziň maşgalamyza hem iki otagly öý almak miýesser etdi.
Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, «Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz». Her bir ynsanyň kalbynda beslän ajaýyp arzuwynyň hasyl bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz zähmet çekmäge, döretmäge, şonuň bilen birlikde, çeken halal zähmetiň rehnetini görmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. Maşgala bolup döwrebap ýaşaýyş jaýynda ilkinji gezek, ak arzuwlar bilen täze ýyla gadam basmak geljek ýyldaky kalpda beslän arzuwlaryň rowaçlanjakdygyna bolan ynamyňy artdyrýar. Ýagşy arzuwlar bilen gadam basylan täze, 2021-nji ýylyň hem düşümli ýyllaryň biri bolup, milli Liderimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň has-da rowaç almagyny arzuw edýäris — diýip, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Berdi Wepaýew özüniň baýramçylyk buýsanjyny beýan etdi.
Hawa, Täze ýyly täze jaýda garşylaýan ildeşlerimiziň ýürek arzuwlaryny, şeýle-de bize bagtyýar döwri peşgeş beren döwlet Baştutanymyzyň adyna aýdýan ajaýyp arzuwly kelamlaryny eşideniňde, bu günki gün «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni dabaralandyrýan Gahryman Arkadagly ýurtda ýaşaýandygyňa buýsanjyň goşalanýar. Berkarar döwletimiziň bahasyz bagtyna şärik, agzybir il-günümize abadanlyk, ruhubelentlik ýar bolsun!
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.