“Bagabat”: sagdynlygyň we tebigat gözelliginiň sazlaşygy

Şu günler, ýagny täze, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen «Bagabat» şypahanasyna baryp, ol ýerde halkymyza hödürlenýän hyzmatlar bilen tanyşýar. Düýn, 3-nji ýanwarda bu ýerde Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we gazet-žurnallaryň redaktorlary hem bolup, şypahananyň köpugurly mümkinçiliklerinden peýdalandylar. Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde bu ýeriň özboluşly tebigaty has-da ajaýyp görnüşe girdi.
Türkmen topragy gudratly, şypaly ýerlere baý mekan hasaplanýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak işinde şypahana ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu günki gün şypahanalarda saglygyny dikeldýänleriň sany barha artýar. Ýylyň dört paslynda-da ol ýerler köp adamly.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän “Awaza”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Berzeňňi”, “Mollagara”, “Farap”, “Baýramaly”, “Daşoguz” ýaly şypahanalar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen tanalmaz derejede özgerdi. Olar häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, öz saglyklaryny dikeltmäge gelýänlere ýokary derejede, dünýä ülňülerine laýyk hyzmat edýär.
“Bagabat” şypahanasy barada aýdylanda bolsa, ol 2020-nji ýylyň saglygy goraýyş ugurly iri açylyşlarynyň biri bolup, bu künjegiň adybir jülgesinde bina edildi. Şypahananyň açylyş dabarasynda milli Liderimiz ýurdumyzyň alymlarynyň geçiren ylmy barlaglarynyň arassa dag howasynyň, gezelenç etmegiň adamyň saglygyna, keýpiçaglygyna we ruhy ýagdaýyna oňyn täsirini tassyklaýandygyny belledi. Arassa dag howasy, onuň özboluşly tebigatynyň gözelligi göwnüňi göterýär. Bu ýerde zähmet çekýän ýokary hünär taýýarlykly lukmanlar bolsa raýatlaryň saglygyny goramakda, ilkinji nobatda, dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň we beýlekileriň bejergisi babatda ýokary derejeli hyzmatlary ýerine ýetirýärler.
Şypahananyň bölümleri barada durup geçsek, anyklaýyş-maslahat beriş bölümi UZI, EKG, rentgen otaglaryny, pulmonolog, stomatolog, newrolog, kardiolog, gulak-burun-bokurdak we oftalmolog lukmanlaryň, şeýle hem beýleki hünärmenleriň otaglaryny öz içine alýar.
Mundan başga-da, mineral suwlar we daýanç-hereket ediş ulgamynda näsazlygy bolan adamlar üçin niýetlenen ýörite enjamlar bilen üpjün edilen gidroterapiýa bölümi bar. Belli bolşy ýaly, gidrokinezoterapiýa dürli ýaşdaky adamlaryň saglygyny dikeltmek üçin bejeriş gimnastika usullarynyň biri bolup durýar. Bu usul näsaglaryň saglyk ýagdaýyna, beden ulgamynyň işine ýumşaklyk bilen oňyn hem-de netijeli täsir edýär. Modul howzunda gidroterapiýa bilen meşgullanmak agyr näsaglaryň aýak üstüne galmagyna ýardam berýär. Bu ýerde geçirilýän ýokary netijeli türgenleşikler bogunlara we ýürege düşýän agramy peseldýär, şeýlelikde, näsag bedenine agram bermezden güýç toplap bilýär.
Şypahana gelýänler SPA bölüminde gury akwaowkalama, krioterapiýa otaglarynda, infragyzyl şöhleli, gury, bugly saunalardan peýdalanyp bilýärler. Şeýle hem bu ýerde galoterapiýa, aromaterapiýa, bejeriş owkalama, stounoterapiýa üçin niýetlenen otaglar ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Galyberse-de, bu bölümde tutuş dünýäde şypahana-bejeriş görnüşli düzümlerde we spa-salonlarda uly meşhurlyga eýe bolan SPA kapsulasy bar.
Hünärmenleriň belleýşi ýaly, şular ýaly bejeriş çäreleri bogunlary berkitmek, onuň hereketini we çeýeligini artdyrmak, bedenden zyýanly serişdeleri çykarmak, bogunlara düşýän agramy hem-de agyryny peseltmek, horlanmak, ýadawlygy aýyrmak we adamyň özüni duýşuny gowulandyrmak üçin ulanylýar.
Belläp geçmeli zatlaryň biri, şypahanada ýörite otagda Köýtendag gowaklaryndaky ýerli tebigatyň duzly gowaklarynyň emeli mikrohowasy döredildi. Galoterapiýa bejerişi üçin niýetlenen bu otag dem alyş ýollarynyň gorag işini kämilleşdirýär, demgysmany bejermekde netijeli hasaplanylýar. Şeýle-de sowuklama we beýleki kesellere garşy ulanylýar hem-de kesellere garşy durmakda adam bedeniniň durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Bulardan başga-da, merkeziň fizioterapiýa, balneoterapiýa bölümlerinde häzirki zaman bejeriş usullaryny ulanmak üçin ähli zerur şertler bar.
Şypahanadaky näsaglar üçin niýetlenen dynç alyş otaglary barada aýdylanda, merkez üç gatly binalaryň ikisinden ybarat bolup, olaryň her birinde bir orunlyk otaglaryň 25-si, iki orunlyk otaglaryň 35-si we lýuks otaglaryň 5-si ýerleşýär. Şypahananyň çäginde kitaphana, internet kafe, restoran, dükanlar, amfiteatr, gözellik salony we beýleki durmuş-medeni maksatly ýerler adamlara ýokary derejede hyzmat edýär.
Şeýle ajaýyp şypahanany gurduryp beren hormatly Prezidentimize halkymyzyň alkyşlary bimöçberdir.
Aýsenem NURLYÝEWA.
“Türkmenistan”.