Arkalydyr, goldawlydyr daýhanlar

Täze ýylyň ilkinji, ak gara bürenen günleri!
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly!
Arkadag Prezidentimiziň döwranly eýýamy, taryhy zamanasy!
Uly maksatlarymyz, giň gerimli tutumlarymyz bilen Täze ýyla gadam basdyk. Bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynyň ilkinji duşenbesi. Iş stolumda ýurdumyzyň ösüşini dabaralandyrýan täze-täze makalalary ýazaýyn diýip, pikire çümüp otyryn. Milli Liderimiziň halkymyz üçin amala aşyrýan beýik işleri göz öňümde birin-birin janlanýar...

Daýhan sarpasy
Durmuş gämisinde her kesiň jemgyýetde öz mynasyp orny, öz ýoly bolýar. Ýoly saýlamak bolsa, ynsanyň göwün islegine bagly. Anyk aýdanyňda, gazanç etmekde, maşgala eklemekde ömür örküň baglanylýan belli bir kär, hünär saýlanylýar. Şol kesp-kär bilen halal zähmet çekilip, maşgalanyň rysgyna rysk, berekedine bereket goşulýar. Şeýlelikde, jemgyýetimiziň her bir raýaty yhlasyny halallyga ýugrup, günde agzybirlikde daşyna jemlenilýän suprasyny nazu-nygmatdan doldurýar. Päklik, halallyk, göwnaçyklyk bilen girilip çykylýan hojalykda döwletlilik döreýär. Maşgaladan başlanýan döwletlilik bolsa, ýurtda agzybirligiň, jebisligiň, dost-doganlygyň, ösüşiň dabaralanmagyna getirýär.
Ine, şeýdip döwletli ojagyň eýesi bolan watandaşlarymyz «Durmuş» atly gämide giňden ýaýylyp barýan ýelkenleri bilen arzuwlarynyň hasyl bolýan kenaryna ýetýärler. Sebäbi olaryň päk maksatlaryna gowuşmagyna ähli şertleri döredýän Arkasy, goldawy-hemaýaty — Arkadag Lideri bar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin döredip beren mümkinçiliklerini bu günki gün beýleki ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalygynyň mysalynda hem görmek bolýar.

Tiz, bökdençsiz, ýitgisiz
Makalada syn edýän suratyňyz çelegi 5 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny goýnuna almaga ukyply «John Deere» tehnikasydyr. Milli Liderimiziň oba hojalygyny ösdürmek, kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, şeýle tehnikalaryň her ýyl satyn alynmagy netijesinde, häzirki wagtda şular ýaly tehnikalaryň müňlerçesi daýhanlaryň ýakyn ýardamçylaryna öwrüldiler. Onsoň oturyp, oýlanyp görýäň, şeýle kuwwatly tehnikalaryň her biri ekiniň bir ujundan ýygyma girişseler, köp yhlas siňdirilip ýetişdirilen hasyly hem-ä ýitgisiz, hem-de bökdençsiz, üstesine-de, çalt ýygnamakda uly üstünlik gazanyp bolýar. Sebäbi bu kombaýnlar el güýjüniň işini öz üstüne alýar. «Tehnika daýhanyň ygtybarly daýanjy» diýip, ýöne ýerden aýdylýan däldir. Biz diňe galla orýan kombaýnyň gürrüňini edýäris. Aslynda, ekiş işlerini geçirmek, suwy tygşytly ulanmak, ýerleri dökünlemek, sürmek, ýumşatmak, joýa çekmek, däne ekmek, bularyň ählisine ýöriteleşen tehnikalar eziz Diýarymyzyň mele topragyny berekede besläp ýörler.

Elmydama ter we elýeterli
Arada, ýagny Täze ýylyň öňüsyrasynda maşgala baýramçylygynyň saçagyny bezemek üçin bazara bardym. Bazaryň girelgesinden girenimden, ilki bilen, nazaryma ilen gök-bakja önümler boldy. Elimdäki kagyzyň sanawyna görä, satyn almaly harytlarymyň içinde gök önümler iň soňunda görkezilen bolsa-da, olaryň gözüňi dokundyrýan görnüşlerinden birbada sowlup geçip bilmedim.
Önümleriň tekjelerine golaýlanymdan, ýüz-gözünde baýramçylyk şatlygy duýulýan satyjy: «Gel, oglum, tüýs üstünden geläýdiň, ýaňy ýygyp getirdik, täzeje pomidor, hyýar, ine, bärde gök otlaram bar» diýip, meni güler ýüz bilen garşylady.
Meniň «Agam, ýyladyşhanaňyz barmy?» diýen sowalyma-da ol:
«Hawa, birnäçe gektary öz içine alýan «Ter önüm» hojalyk jemgyýetimiziň döwrebap ýyladyşhanasy bar» diýip, buýsançly aýtdy. Dogrudanam, bu ýerdäki önümler hil taýdan örän gowy. Ýurdumyzda gyş paslynyň dowam edýändigine garamazdan, bolçulygyň güwäsine, berekediň naýbaşysyna öwrülen gök önümler ter hem-de elýeterli bahadan alyjylara hödürlenýär. Muny diýmek bilen, hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul eden taryhy çözgüdiniň netijesinde şäherlerdir etraplaryň golaýynda iň kämil enjamlary özünde jemleýän ýyladyşhanalar gurulýar. Ýyladyşhanalaryň önümleri bolsa, gyşyn-ýazyn bereketli ak bazarlarymyzda dolup-daşyp dur.

«Türkmenistanda öndürildi»
Ynha, şu ýazgy bilen dünýä bazaryna çykýan «Elin», «Ak çeşme» hususy kärhanalarynyň süýt, gatyk, gaýmak, dorag, peýnir ýaly senagat taýdan gaýtadan işlenen önümleri uly islege eýe bolýar. Diýarymyzda hereket edýän önümçilik desgalarynyň döwrebap işledilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümiň möçberi artýar, çalt depginler bilen ýokary ösüşler gazanylýar. Munuň düýp özeni döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda maldarçylyga berýän ünsüniň örän uludygyndan habar berýär.
Ýogsa-da, bellemeli zatlaryň biri häzir sygyr ýyly. Hormatly Prezidentimiz: «Sygyr «Malym — janym» diýýän türkmeniň gowy görýän mallarynyň biri, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgaly» diýip belleýär. Hawa, maşgalanyň ekleýjisi hasaplanylýan sygyr malynyň eti, süýdi, mesge ýagy gündelik azyk önümleriniň içinde iň zerurlary hasaplanylýar. Derisi bolsa, gön önümçiliginde gymmatly çig maldyr.
Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda «Oty köpüň, maly dok» diýen düşünjä eýerip, maldarçylygyňam, dowardarçylygyňam, düýedarçylygyňam azyk bolçulygyndaky ornuny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, önjeýli işler alnyp barylýar. Şeýle işleriň biri hem häzirki wagtda dowam edýän gyş paslynda mallary dok we ýyly gyşlatmak bolup durýar.

Berekediň başy
Günüň dowamynda üç gezek iýmitlenmek kada hasaplanylýar. Biz saçagyň başyna geçenimizde, bir owurt gyzgyn çaýdan soň, iýýän tagamlarymyzyň başyny, ilki bilen, bir döwüm çörek iýmekden başlaýarys. Tagam kändir, ýöne rowaýatda aýdylyşy ýaly, «bala dönýän» çöregiň ornuny tutup biljegi ýokdur. Halkymyz çöregi-nany mukaddeslige deňeýär. Iň bärkisi, kiçijek owuntygyndan başlap, berekediň gadyr-gymmatyna uly sarpa goýýar.
Daýhan yhlasy bilen dökünlenip, suwarylyp, mahlasy agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirilensoň, altynsow dona bürenen hasylly bugdaý meýdanlaryny synlanymyzda, «Bereket» diýip şuňa diýäýseň!» diýeniňi duýman galýarsyň. Biz bu sözleri buýsanç bilen ençeme gezek zybana getirdik. Hawa, geçen ýylyň ýurt boýunça galla tabşyrmak baradaky şertnamasyndan hem artyk hasyl ýygnan gallaçylar dag deý harmany 1 million 400 müň tonna ýetirdiler. Eýsem, bu uly görkeziji, azyk bolçulygyny döretmekdäki taryhy üstünlik, berekediň başy hasaplanýan mukaddesligiň belent sarpasynyň müdimiligi dälmi?!...

Jana ýakymly
Biziň baş halypamyz, ýol görkezijimiz — hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň iýun aýynda Lebap, Mary welaýatlaryna amala aşyran iş saparynda şeýle diýipdi: «Syn edýän bolsaňyz, bu gün biziň geýýän köýnegimiz, aýakgabymyz, umuman, ähli geýimlerimiz özümiziňki, özümizde öndürilýär». Bu sözleriň ildeşlerimiziň islendiginde buýsanç duýgularyny oýarandygy şübhesiz.
Gezelenje çykanyňda, toý-dabara baranyňda ýüzünde ýurdumyzda ady belli «Ýeňiş» fabriginiň nyşanjygy ýerleşdirilen dürli reňkdäki köýnekli, «Gala», «Nusaý» ýazgysy bolan penjekli ildeşlerimizi görüp, ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň söýlüp geýilýändigine magat göz ýetirýärsiň. Bu dokma önümleri diňe bir biziň ildeşlerimiziň söýgüsine mynasyp bolman, eýsem ýurdumyzda öndürilýän dokma önümlerine bütin dünýäde isleg ýokary bolmagynda galýar.
Türkmeniň ýene bir önümi hakda söhbet açalyň. Ýolda-yzda islendik adamdan «Röwşen» aýakgaby diýip sorasaň, bilmeýäni ýokdur. Ýöräniňde rahatlygy döredýän, aýagyňa ykjam oturýan bu aýakgaplar ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa, sap deri önümlerinden taýýarlanylýar. Biz muňa «Röwşen» aýakgap kärhanasynda iş saparynda bolanymyzda-da anyk göz ýetirdik. Ol ýerde aýakgaplary tikmek üçin ýörite stanoklary, gönleriň ülňüler boýunça kesilişini, tikilişini başdan-aýak synlamak bize miýesser edipdi. Şonuň üçin bu aýakgaplaryň ýokary derejede taýýarlanýandygyny buýsanç bilen aýtmagymyza doly esas bar.
Şeýle jana ýakymly, endamyňa rahatlyk beriji egin-eşiklerimizdir lybaslarymyz biziň her birimizde milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna goşant goşýan, oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýän ildeşlerimizde egsilmez guwanç duýgularyny oýarýar. Şeýle belent ösüşleriň gözli şaýady hökmünde biz hormatly Prezidentimiziň saýasynda ykdysady kuwwata eýe bolýan döwletimize, bagtyýar döwrümize guwanyp, buýsanyp ýaşaýarys.
Oba hojalygy örän köpugurly önümleri senagat taýdan işlemekde giň gerime eýe bolýan pudak.
Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary netijesinde bu pudakda ýetilen belent menzilleriň, gazanylan üstünlikleriň halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagynyň hatyrasynadygyny bellemek has-da ýakymly.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde geçen ýylyň özünde oba hojalyk ulgamynda gazanylan zähmet ýeňişleriniň netijesinde ösüşiň täze sahypalary açyldy.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ösüşde has hem öňegidişlikleriň boljakdygyna ynanýarys. Şeýle ynam bilen parasatly milli Liderimiziň baştutanlygynda merdana halkymyz Täze — 2021-nji ýyla batly gadam basdy.
Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».