Kiýewiň B.Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň professory Nikolaý Waskiw redaksiýamyza indi ikinji makalasyny iberýär. Ol akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmekde uly işleri alyp barýar. N.Waskiw «Magtymgulynyň döredijilik portreti» hem-de «Magtymguly, dogry söze ten bergil» atly kitaplary bilen türkmen okyjylaryny tanyşdyrdy. N.Waskiw hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserini ukrain diline terjime etdi. Biz gazetimiziň täze ýyldaky ilkinji sanynda güneşli ýurdumyzyň dosty, tanymal magtymgulyşynas, ukrain alymy N.Waskiwiň elektron poçta arkaly “Edebiýat we sungat” gazetine iberen makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.
Nikolaý Waskiw.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde şeýle belleýär: «Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr. Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr».
Sözümi Türkmenistanyň Prezidentiniň dürdäne eseriniň nurana jümlelerinden başlamagymyň özüne ýetik sebäbi bar. Maňa türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenýän alym hökmünde güneşli Türkmenistanda birnäçe gezek bolmak miýesser etdi. Şol saparlaryň her biri mende ýatdan çykmajak täsir galdyrdy we gadymy türkmen halkynyň parahat söýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly asylly ýol-ýörelgelerini içgin öwrenmäge uly mümkinçilik döretdi.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby ukrain diline terjime etmäge başlanymda hem özümi bagtyýar türkmen halkynyň arasynda, güneşe baý Türkmenistanda ýaly duýdum. Sebäbi bu kitapda dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşan, ruhubelent, şahandaz, edermen türkmen halkynyň köplere nusgalyk ajaýyp häsiýetleri gyzykly rowaýatlaryň üsti bilen beýan edilýär. Şol sebäpli men pähime baý türkmen halkynyň dünýä nusgalyk durmuş pelsepesi barada gürrüň berýän kitaby ukrain diline terjime etmekde kynçylyk çekmedim.
Bu kitapda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda pikir eleginde eýlän, durmuş pelsepesine öwren watanperwerlik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, myhmansöýerlik ýaly mukaddes ýol-ýörelgeleri baradaky täsirli pikirler meni özüne çekdi. Bu pikirler ajaýyp eseriň many-mazmunyny has-da baýlaşdyryp, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ýol-ýörelgelerini özüňki ýaly kabul etmäge hem-de olaryň üsti bilen dünýä halklarynyň abadançylygyna, rowaçlygyna gönükdirilen beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Bu kitap islendik okyjy üçin gymmatly hazynadyr.
Türkmen we ukrain halklaryny ruhy taýdan biri-birine has-da ýakynlaşdyrýan bu mukaddes ýol-ýörelgeler ukrain okyjylarynyň kitaba bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapdy. Men türkmen Lideriniň jöwher zehininden dörän ajaýyp eserini ukrain diline terjime edendigim üçin özümi bagtly saýýaryn. Geljekde-de türkmen we ukrain halklarynyň arasynda ýola goýlan medeni gatnaşyklarynyň has-da pajarlap ösmegi üçin gujur-gaýratymy gaýgyrman zähmet çekerin. Dostlukly türkmen halkyny, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy täze — 2021-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Iliniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga ylham beren keramatly topraga rysgal-berekedi, milli Lideriniň daşyna jebis bolan agzybir türkmen halkyna baky rowaçlygy arzuw edýärin!