Goşa ganat — goşa gudrat

Täze ýylyň şygarynda türkmen döwletiniň baş ýörelgeleri beýanyny tapýar
Türkmenistanyň Mejlisi 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdi. Eýsem-de bolsa, ýurdumyzda täze ýyla BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy bilen kybapdaş adyň berilmeginiň ähmiýeti nämede? Geliň, şu ýylyň şygary hakynda bilelikde oýlanalyň!
Owalbaşda bellemeli zat, ol hem bu çözgüdiň döwletimiziň hem-de biziň her birimiziň durmuşynda örän uly syýasy ähmiýetiniň bardygydyr. Adamyň ýaşy, umuman, wagt ýyllar bilen ölçenilýär. Şundan ugur alyp aýtsak, 365 günüň, ýagny bütin bir ýylyň dowamynda “parahatçylyk hem ynanyşmak” diýen düşünjä has köp üns berlip ýaşalsa, adamzadyň oý-pikirini hut şu gymmatlyklara gönükdirmekde diýseň peýdaly boljakdygy görnüp duran zat.
Ýylyň adynda ulanylýan iki düşünjäniň birleşdirilip, bir bitewi gymmatlyga getirilmegi-de diýseň täsirlidir. Bu düşünjeleriň birleşdirilip, halkara syýasatda bir bitewi adalga hökmünde ulanylyp başlanylmagyna hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjynyň sebäp bolandygyny aýratyn bellemelidiris.
Parahatçylyk hem ynanyşmak. Üns beren adama parahatçylyk ideýasynyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy sütünleriniň biridigine göz ýetirmek kyn däldir. Biziň döwletimiziň daşary syýasatynda ähli işi, oý-pikiri dünýäde pugta parahatçylygy ýola goýmak, berkitmek bolup durýar. Muny döwletimiziň durmuşa geçiren we geçirýän, şol sanda öz içinde amal eden işleri-de subut edýär, sebäbi biziň ýurdumyzda hemme iş adamyň, şol sanda ýurdumyza gelýän daşary ýurtlularyň hem bähbidine — olaryň özlerini arkaýyn duýmaklary, hiç bir gaýgy-ünjüsiz, gowy ýaşamaklary, ähli durmuş hyzmatlarynyň hemmeler üçin deň derejede elýeterli bolmagy üçin edilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelge biziň döwletimizde gyşarnyksyz eýerilýän esasy ýörelgedir. Gürrüňi edilýän at biziň döwlet syýasatymyzyň dowamlydygyna, yzygiderlidigine özboluşly bir delildir.
Parahatçylygy saklamak, asuda ýaşamak üçin, elbetde, özara ynanyşmak gerek. Birek-birege ynanyşmagyň ýok ýerinde agzybirlikde ýaşaşmak, hemmeler üçin bagtly durmuşy üpjün etmek hakynda gürrüň etmegiň hem ähmiýeti ýok. Hut şuny göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiz belent münberlerden halkara derejede ynanyşmagy ýola goýmak barasynda aýtdy. Dogrusy, hormatly Prezidentimiziň dünýäniň geljegi babatda ýörelmeli ýoly salgy beren sözleri eşidildi we oňa seslenildi, dünýäniň halklary milli Liderimiziň aýdanlaryny doly goldady. BMG-niň ady agzalan Rezolýusiýasy munuň şeýledigini ýene bir ýola subut edýär.
Şu ýerde, gaýtalaýan ýaly bolsa-da, döwlet syýasatymyz barasynda iki agyz aýdasymyz gelýär. Ýyllar aýlanyp, täzelenip dursa-da, döwlet syýasatymyzyň baş ýörelgesi — bütin dünýäde pugta parahatçylygy üpjün etmek meselesi mizemezligine galýar. Özi-de bu syýasat halkymyzyň milli mentalitetinden gelip çykýar. Şu ýerde-de gürrüň hökman döwletimiziň baky Bitaraplyk halkara hukuk derejesine syrygýar. Döwletimiziň bu hukuk derejesi häzirki zamanyň ajaýyp barlygyna öwrüldi. Türkmenistan soňky ýigrimi bäş ýylyň dowamynda, halkara tejribede ozaldanam bar bolan bu düşünjäni — ýörelgäni ösdürip hem kämilleşdirip, şeýle bir ýokary derejelere ýetirdi welin, dünýäniň halklary pugta parahatçylyk hakynda gürrüň edenlerinde, hökman türkmen Bitaraplygyny agzaýarlar. Munuň özi türkmen halkynyň özüniň milli Lideriniň baştutanlygynda dünýäde sözi diňlenilýän we hormat goýulýan halka öwrülendigini aňladýar. Bu örän uly hormat we diýseň uly jogapkärçilikdir.
Parahatçylyk we ynanyşmak — bu türkmen Bitaraplygynyň logiki dowamydyr, onuňam baş ýörelgesi — parahatçylyk, asudalyk, özara ynam. Ynam ýa-da ynanyşmak diýlende, elbetde, diňe bir aýdylan söze, boýun alnan borçnama ygrarlylygy aňlatman, eýsem, biziňçe, bir iş ýola goýulmakçy bolnanda, şoňa dahylly ähli adamlaryň (döwletleriň) şol işi hökman goldajakdyklaryna bolan ynamy hem aňladýar. Şeýle bolanda, halkara ähmiýetli pikir ýa-da teklip, başlangyç has düýpli, has giň, has uzaklary nyşanalaýan, başgaça aýdylanda, global häsiýetde bolýar. Diňe şu ýagdaý ählumumy ösüşi üpjün edýär. Ynanyşmak sebitara ýa-da halkara bähbitli işleri beýleki döwletleriň goldajakdyklaryna bolan ynamdyr. Mälim bolşy ýaly, döwletimiz halkara derejede ençeme başlangyçlary öňe sürdi. Ençeme döwletler hem şol başlangyçlaryň awtordaşlary bolup çykyş etdiler. Türkmenistanyň mysalynda aýdanymyzda, şunuň özi özara ynanyşmagyň iň gowy mysallarydyr. BMG-niň agzasy bolup duran döwletler Türkmenistana ynanýarlar, oňa bil baglaýarlar. Bu aýdanymyzy görnükli syýasatçylaryň, dünýäde has meşhur döwlet Baştutanlarynyň sözleri bilen hem delillendirip bolardy, emma onuň şu ýerde zerurlygy ýok hasap edýäris, çünki şeýle-de ähli zat aýan we açyk.
Ynanyşmak — birek-biregi goldamak, arkaýyn bolmak. Arkaýyn bolmak hem parahatçylyk diýen düşünjä gaty ýakyn düşünje. Dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyza iň howpsuz ýurt hökmünde baha bermeginiň düýp sebäbini, ilki bilen, halkymyzyň parahatçylyk söýüji häsiýeti, soňra bolsa ýurtda kabul edilen tertip-düzgüniň, kada-kanunlaryň berk berjaý edilýändigi bilen düşündirilse dogry bolar diýýärin. Şunda jemgyýet bolup ýaşamagyň medeniýetiniň hem bardygyny, halkymyzyň bolsa şol medeniýeti müňlerçe ýyl bäri saklap gelýändigini aýtmalydyrys. Döwletimiziň ideologiýasy halkymyzyň asuda, parahat durmuşa bolan islegini has ösdürýär, kämilleşdirýär, goldaýar. Häzirki döwürde Türkmenistan parahatçylygy döredýän merkez hökmünde tanalýar. Diýmek, halkymyzyň parahatçylyk ýörelgesi milli gymmatlyk hökmünde dünýäde kabul edilýär. Öz perzentlerine Parahat diýip at dakmak edähediniň şu günlerem dowam edýändigini ýatlatsak, halkymyzyň parahatçylyk söýüji halkdygyny gaýtalap oturmagyň hem hajaty ýokdur diýip pikir edýäris. Jemläp aýdanyňda, dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, ynanyşmak, hormat-sylag, arkalaşyk, hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk we ýene-de ençeme haýyr-yhsanly işler, oý-pikirler babatda döwlet syýasaty halkymyzyň aňyrdan gelýän düşünjeleri bilen, edil, alaçaly bal ýaly, şeýle bir eriş-argaç welin, olary biri-birinden aýyrmak asla mümkin däl, munuň zerurlygy-da ýok. Sebäbi biziň döwletimiz sözüň doly manysyndaky halky döwletdir. Halkymyzyň iň gowy, iň kämil ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Täze ýylyň ady, ýüzugra, şuny hem subut edýär.
Dünýä Türkmenistana ynanýar. Dünýä türkmen Liderine ynanýar. Dünýä her bir işde türkmen tarapynyň sözüniň iki çykmajakdygyna ynanýar. Bu, dogrusy, juda uly mertebedir. Ony gazanmakda iş bar! Türkmenistan bolsa şu mertebä mynasypdygyny özüniň işleri bilen subut etdi.
Hawa, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti hakda näçe aýtsaň, aýdybermeli, sebäbi bu taryhy çözgüdiň many-mazmuny biziň şu gysgaça aýdanlarymyzdan diýseň giňdir we çuňdur. Onuňam iň esasy ähmiýeti ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendiginde bolsa gerek. Ata-baba milli ruh dowamat- dowam.
Adyňa eýe bol, Täze ýyl!
Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.