AŞGABAT, 31-nji dekabr — 1-nji ýanwar (TDH). Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam urýan Täze ýyly hoş niýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar.
2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň taryhynda galdy. 2021-nji ýyl bolsa “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçer. Bu şygary ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tassyklady.
Bu şygar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly tekliplerden ugur alnyp öňe sürüldi. Onuň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama gabat gelýär.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 30-njy dekabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde tamamlanyp barýan ýylyň netijelerini jemläp, “Bu ýyl biziň üçin örän agyr we çylşyrymly boldy” diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistan daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmedi, ýurdumyzda uly möçberli işler ýerine ýetirildi we gaýragoýulmasyz wezipeler çözüldi.
Garaşsyz döwletimiz beýleki ýurtlar, esasy halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny bellenen derejede giňeltdi we berkitdi, sebit we dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli teklipler bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň daşary syýasatymyzyň esasy ugry bolmagynda galýandygyny nygtady.
Hawa, ýyl soňky onýyllykda pandemiýa görnüşde iň çynlakaý wehim bilen ýüzbe-ýüz bolan tutuş adamzat üçin çylşyrymly boldy. Şonuň bilen birlikde, ol umumy meseleleri çözmekde döwletleriň hem-de halklaryň birleşmeginiň we raýdaşlygynyň örän wajypdygyny ýüze çykardy. Parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan hut şeýle ýörelgelere hemişe ygrarlydyr.
Täze ýyl bilen iň oňat arzuw-umytlarymyzy baglanyşdyryp, biz ertirki güne ynamly garap, öz milli Lideriniň baştutanlygynda agzybir we jebis halka islendik wezipäniň kynçylyksyz çözüljekdigini bilýäris.
Sebitde we bütin dünýäde pandemiýa sebäpli howsalaly ýagdaýlar bilen baglylykda, halkymyzyň saglygy baradaky alada bilen, ýurdumyzda görlen birnäçe öňüni alyş we arassaçylyk çäreleri şu ýyl köpçülikleýin baýramçylyk çärelerini guramaga mümkinçilik bermedi. Şeýle-de bolsa, ýurdumyz birneme başgaça görnüşde bolsa-da, Täze ýyly dabaraly garşylamaga düýpli taýýarlandy.
Paýtagtymyzda adamlaryň göwün galkyndyryjy ýagdaýyny döretmek üçin köçelerde, seýilgählerde we meýdançalarda köp dürli öwüşginlere beslenen ajaýyp gözellikler döredildi. Türkmen teleradioýaýlymlary baýramçylyga bagyşlanan gepleşikleri taýýarladylar, çagalaryň baýramçylyk çäreleri onlaýn görnüşde guralýar.
Geçen ýyl halkymyzyň möhüm zähmet üstünlikleri, ýurdumyzyň saldamly gazananlary bilen alamatlandy, munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly hem-de agzybirlik bilen amala aşyrylýan durmuş-ykdysady strategiýasy bilen şertlendirilendir.
Ine-de, öz ykbalymyzda we Watanymyzyň senenamasynda täze tapgyryň başlanýandygyny baýram edip, Täze ýyly garşylamagyň wagty geldi. Geljege özboluşly geçmegi agzybirlikli we şatlykly bellemek hem-de 2021-nji ýyla täze güýç-kuwwat, uly maksatlar we şol maksatlary amala aşyrmaga taýýarlyk bilen gadam urmak üçin Türkmenistanda döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda, 2-nji ýanwaryň dynç güni diýlip yglan edilmegi bilen birlikde, ähli şertler döredildi.
Biz ýurdumyzda “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýen şygar astynda geçen hem-de nobatdaky üstünliklere, milli ösüşleri gazanmakda hem-de Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýä derejesinde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagynda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyna beslenen 2020-nji ýyly hoşallyk bilen ugratdyk.
Biziň öňümizde has giň gerimli wezipeler durýar. Şol wezipeleri ýerine ýetirmäge, geljegi we maksatlarymyzy aýdyň görüp hem-de hyjuw bilen amala aşyrmaga çemeleşýäris. Döwlet Baştutanymyz amala aşyrylmaly işleriň geljegi uly ugurlary barada aýdyp, 2021-nji ýylda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden baýram etjekdigimizi nygtady.
Bu şanly ýyl gazanylan netijeleri jemlemegiň hem-de geçilen ýola ser salmagyň döwri bolar. Halkymyz üçin örän möhüm bolan bu senäni anyk işler we täze taslamalary amala aşyrmak bilen belläp geçeris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan maksatlar barada aýdyp, ýurdumyzyň syýasy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işiniň hem yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýtdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşine geçiriljek saýlawlar ýene-de bir möhüm waka bolar. Bu saýlawlaryň ýokary raýat işjeňliginiň hem-de jemgyýetimiziň syýasy kämilliginiň mysalyna öwrüljekdigine ynanýaryn diýip, milli Liderimiz nygtady.
Ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyl mundan ozal düýbüni tutan demokratiýasynyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawly bolmagydyr, her adamyň öz islegini erkin beýan edip bilmegidir. Ýurdumyzy ösdürmekde bu ugra esasy orun berilýär. Şoňa görä-de, bu kadalaryň ählisi däp-dessurlarymyzda, kanunlarymyzda we tertip-düzgünimizde öz beýanyny tapýar.
Biz ykdysadyýetde, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda yzygiderli çäreleriň giň gerimli toplumyny amala aşyrmagy dowam ederis. Ilatyň ähli gatlaklarynyň zerurlyklaryna we isleglerine düýpli üns bereris. Saglygy goraýşyň mümkinçiliklerini yzygiderli berkidip, zerur bolanda, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin goşmaça serişdeleri goýbereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Biz halkara howpsuzlyk ulgamyny berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrumyzy dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň ornuny pugtalandyrmaga ýardam bereris. Milli bähbitlerimizi berk gorap, häzirki köpugurly dünýäde özüniň netijelidigini görkezen sazlaşykly we oýlanyşykly daşary syýasatymyzy yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.
...Ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi.
Birnäçe gün mundan öň, bu ýere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen geldi, Baş arça ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem öz çagalary bilen baryp gördüler.
Döwlet Baştutanymyz çagalar baradaky aladanyň iň asylly hem-de geljegimize ygtybarly maýa goýumlarydygyny yzygiderli nygtap, durmuş we ýaşlar syýasatynyň, ilkinji nobatda, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny hem-de beýlekileri döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly dürli ugurlarda beýik we öz wagtynda geçirilen özgertmeleriň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär.
Munuň subutnamasy hökmünde 2021-nji ýyly garşylamagyň öň ýanynda ýurdumyzyň birinji synp okuwçylarynyň ählisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan ýurdumyzda öndürilen, ýörite okuw programmalary bilen üpjün edilen döwrebap kompýuterleri sowgat alandyklaryny görkezmek bolar.
Şu Täze ýyl baýramçylygyna mundan birnäçe gün ozal ýagan gar tebigatdan ajaýyp sowgat boldy. Şol gar şu wagta çenli saklanyp, diňe bir Köpetdagyň etegini däl, eýsem, paýtagtymyzdaky ýylyň bütin dowamynda ýaşyl öwüsýän agaçlary hem ak dona büredi.Halkyň arasynda bu şowlulygy hem-de abadançylygy alamatlandyrýan oňat nyşan hasaplanylýar. Tejribeli ekerançylar gyşyň şu döwründe ýagan garyň täze ýylda bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny alamatlandyrýandygyny aýdýarlar. Gar çagalar üçin ajaýyp sowgatdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Asma ýola baran mahalynda gar adamyny ýasady. Bu şekil örän täsin bolup, iň ýagşy arzuw-niýetleri alamatlandyrdy. Türkmenlerde “Ak zat alnyňa ýagşy” diýlişi ýaly, ak reňk päkligi hem-de ruhubelentligi aňladýar.
Ajaýyp, köpöwüşginli yşyklar “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany bezedi. Dürli reňklerde öwşün atýan yşyklar gözüňi gamaşdyrýan gymmat bahaly daşlary ýatladýar.
Bu ýerde jadyly gyş bagy döredildi. Şol ýerde neon bezegleri haýran galdyryjy keşbi emele getirýär. Ýeňiljek gurnamalar özboluşly seýil ýodajyklarynyň wezipesini ýerine ýetirýärler. Ertekileriň gahrymanlary ýurdumyzyň Baş arçasynyň özboluşly baýramçylyk bezegine öwrüldi.
Meýdançada gurnalan sahnada meşhur estrada aýdymçylaryň, ussatlaryň hem-de parlak ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly şüweleň guraldy. Olar Täze ýyla bagyşlanan döredijilik çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlar hem-de tanslar ýerine ýetirildi.
Dabarany alypbaryjylar watandaşlarymyzyň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de milli Liderimize bagt, berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine beýik maksatlara ýetmekde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Soňra alypbaryjylar şu gije türkmen paýtagty bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerini baglanyşdyrýan däp bolan baýramçylyk teleköprüsiniň başlanýandygyny yglan edýärler.
Göni ýaýlym ýurdumyzyň dürli sebitleriniň we Aşgabadyň ýaşaýjylaryny birleşdirdi. Olar hemmeleriň söýgüli baýramynyň şatlygyny birek-birek bilen paýlaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzy hem-de paýtagtymyzy ýurdumyzyň sebitleriniň her biriniň adyndan onuň ýolbaşçysy, hormatly ýaşuly we ýaş nesliň wekili hem-de artistler gutladylar. Ilki bilen, teleköprä Ahal welaýaty goşulýar: gutlaglardan hem-de okalan goşgulardan soň, şeýle ajaýyp waka mynasybetli taýýarlanylan baýramçylyk çykyşy görkezilýär.
Soňra wideoaragatnaşyga Balkan welaýaty çykýar. Sebitiň wekilleri deňiz ýakasynyň ýaşaýjylarynyň adyndan ildeşlerimize gutlaglaryny beýan edip, özleriniň Täze ýyl mynasybetli döredijilik çykyşyny görkezdiler.
Soňra aýdym-saz sungatynyň özboluşly, baý däplerine eýe bolan Daşoguz welaýaty gutlaglardan hem-de arzuwlardan soň, baýramçylyk çykyşyny görkezdi.
Teleköprini Lebap welaýaty dowam etdirdi. Sebitiň wekilleri ildeşlerimizi hem-de milli Liderimizi Täze ýyl bilen gutladylar, artistler bolsa aýdym-sazly tans çykyşyny hödürlediler.
Nobat Mary welaýatyna ýetýär. Onlaýn ýagdaýynda ekrandan welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan gutlaglar, iň gowy arzuwlar, goşgular hem-de aýdym-sazlar ýaňlanýar.
Täze ýyl teleköprüsini Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty jemledi: Aşgabadyň, onuň uly we ýaş nesliniň wekilleri hem-de “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança ýygnanan döwletimiziň ýolbaşçylar düzüminiň agzalary ähli şäherlerdäki we obalardaky ildeşlerimize üstünlikleri, abadançylyk we bagt arzuw edýärler. Meşhur artistler hem-de tans toparlary baýramçylyk çykyşlary bilen olara goşulýarlar.
Alypbaryjylar welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk gutlaglaryny jemläp, Türkmenistanyň hemişe gülläp ösmegi, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň ýylsaýyn belende galmagy, halkymyzyň parahatçylykda we agzybirlikde ýaşamagy baradaky arzuwlaryň çuňňur manysyny aýratyn belleýärler.
Türkmenistanlylaryň ählisiniň adyndan Watanymyz, halkymyz barada bimöçber alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy belleniljek hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçjek 2021-nji ýylda Diýarymyzyň şan-şöhratly ýylýazgysyny täze üstünlikler we belent sepgitler bilen dowam etdirjekdigi şübhesizdir.
2021-nji ýylda köp işler garaşýar, çünki gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, her bir üstünligi has uly işler hem-de ýeňişler bilen berkitmek zerurdyr. Bize giň gerimli baýramçylyklar, şanly seneler, ençeme döwletleriň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda iri maslahatlar we möhüm wakalar garaşýar. Ak mermerli Aşgabat myhmanlary ýokary derejede garşylamagy başarýar. Biz olara ýene-de garaşmak bilen, ýetip gelen ýylda dünýäniň pandemiýanyň hötdesinden geljekdigine uly umyt bildirýäris. Bir söz bilen aýdylanda, biz Täze ýyly uly meýilnamalar hem-de göz öňünde tutulan maksatnamalary doly amala aşyrmak ynamy bilen garşylaýarys.
Teleköpriniň barşynda sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär — hemmeleriň ünsi telemonitorlara gönügýär: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenýär.
Paýtagtymyzdaky we sebitlerdäki dabaralara gatnaşyjylar hem-de telegörüjileriň millionlarçasy milli Liderimiziň gutlagyny uly üns bilen diňleýärler. Bagtly geljege tarap ynamly barýan ata Watanymyza bolan ägirt uly buýsanç duýgusy şu dabaraly pursatda türkmenistanlylaryň ählisini birleşdirýär.
Döwlet Baştutanymyz ildeşlerimizi Täze — 2021-nji ýylyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýar. «Täze ýyl Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýylydyr. Sygyr “Malym — janym” diýýän türkmeniň gowy görýän malynyň biridir, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgalydyr. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli ýyl hasaplanylýar» diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň esasy wakalary barada durup geçdi, Diýarymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gysgaça häsiýetlendirdi, içeri we daşary syýasatyň netijelerine giňişleýin baha berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagyny jemläp: “Goý, Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!” diýip belledi.
Sähel salymdan sagadyň dilleri 12-ni görkezýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Birnäçe pursatdan soň, baýramçylyk feýerwerkiniň ajaýyp öwüşginleri asmany bezeýär. Täze ýyl durmuşymyza baýramçylyk nurunyň şüweleňiniň astynda gadam goýýar. Paýtagtymyzyň asmanynda ajaýyp görnüşler peýda bolýar.
Goý, ähli arzuw-islegler hasyl bolsun! Çünki biziň ählimizi hoşniýetlilige we döredijilige bolan ymtylmalar, parahat hem-de asuda durmuşyň şatlygy, täze sepgitleri we mümkinçilikleri açjak ertirki günümize bolan ynamymyz birleşdirýär.
Biz Täze ýyly päk arzuw-niýetlerimiz bilen garşy aldyk hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda nurana ýol bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitmäge, kalbymyzda beslän maksatlarymyza ýetmäge taýýardyrys.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda onuň baş meýdançasynda estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göteren bu konsert teleýaýlymlar arkaly görkezildi.