Täze ýyly garşylamagyň şatlygy juda üýtgeşik. Her ynsanyň ýüreginde ak arzuwlar, päk niýetler möwç urýar. Golaýda hormatly Prezidentimiziň öz agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde eden gezelenji diňe bir Zemini örten ajaýyp aklyga zyýarat bolman, eýsem, biziň täze ýyl arzuwlarymyzyň hem amala aşjakdygynyň, Täze ýylyň berekede beslenjekdiginiň alamaty bolup, köňüllere aklyk nuruny çaýdy.
Ikinji bir ýüreklerde ýakym döreden pursat, milli Liderimiziň öz agtyjaklary bilen «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna barmagy boldy. Bu ýerde Aýazbaba bilen Garpamyk olary gadyrly garşy aldy. Ýalkymly çyralar, dürli şarlar, garjagazlar bilen bezelen owadan arça ähli älem gowulyklaryny özünde jemlän ýaly bolup, täsin öwşün atýar. Baş arçanyň ýanyna gelen çagalar hormatly Prezidentimize öz hoşallyklaryny dürli dillerdäki goşgulary labyzly okamak bilen beýan etdiler.
29-njy dekabrdan başlap, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary öz çagalary we agtyklary bilen Täze ýyl Baş arçasynyň ýanyna barmaklaryny dowam etdirýärler. Ine, bu hem täze ýyly garşylamagyň ýene bir özboluşly ýoludyr. Düýn hem Baş arçanyň degresi çagalaryň şatlygyna beslendi. Dürli ugurlara degişli ýolbaşçylaryň öz çagalary hem agtyklary bilen Baş arçanyň ýanynda guralan Täze ýyl baýramçylygyna barmaklary şu gün, 31-nji dekabrda hem dowam eder. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň çagalary olaryň iň söýgüli baýramçylyklarynda şatlandyrmak bilen bagly ýene bir başlangyjydyr. Çünki çaga gülküsi, çaga şatlygy baky bagtyýarlygymyzyň baş nyşanydyr. Biziň Watanymyz bolsa bagtly çagalygyň ýurdudyr.
Ýeri gelende bellesek, golaýda Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Döwletliler köşgüniň çagalaryna hem Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň hemmesine hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berildi. Munuň özi milli Liderimiziň ýurdumyzyň geljegi bolan çagalar hakdaky aladasynyň nobatdaky beýanydyr.
Hoşlaşyp barýan 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny belläp geçdik. Bitaraplyk diýmek, parahatçylyk, asudalyk, bagtly çagalyk diýmekdir. 2021-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda hem, nesip bolsa, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçeris. Bularyň ählisi täze ýylyň düşümli, bagtly, rowaç ýyllaryň biri boljakdygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Goý, täze ýylda çaga şatlygy, çaga gülküleri Zeminiň ebedi zynatyna öwrülsin! Müçe hasaby boýunça sygyr ýyly bolan 2021-nji ýylymyz her öýe, her ojaga döwlet, rysgal, bagt getirsin! Bu şeýle hem bolar. Çünki aýdylyşy ýaly, «Arzuwlar hasyl bolmak üçin döreýärler».
Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».