Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda
Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:
1.2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmeli.
2.Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
                                    Türkmenistanyň Prezidenti 
                                    Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                    Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 30-njy dekabry.