Ajaýyp arzuwlara besläp, Täze ýyly garşylaýarys!

Bütin Ýer ýüzüniň halklary bilen bir hatarda biziň mähriban ildeşlerimiz hem Täze ýyl saçagyny giňden ýazyp, üstüni nazu-nygmata besläp, bu baýramçylygy iň oňat arzuw-dilegler bilen garşylamagy adata öwürdi. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň dabaralanmagynda ýurdumyzyň ak bazarlaryndaky azyk önümleriniň gyşyn-ýazyn bol bolmagy toý saçaklarynyň berekedine bereket goşýar. Täze ýyl baýramçylygy golaýlaşdygysaýyn, ak bazarlarymyzyň bezegi-de, azyk önümleriniň görnüşleri-de has-da artýar.
Bulardan başga-da, süýjüli-kökeli sowgatlyk harytlardan hem göwün islän görnüşiňi elýeter bahadan satyn almak bolýar. Dürli görnüşli Täze ýyl arçalarynyň, olaryň bezegleriniň satuwa çykarylmagy bolsa, şüweleňli bazarlaryň şowhunyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Hawa, her bir ojakda ýetip gelen Täze ýyla gyzgalaňly taýýarlyk görülýän döwründe biz hem merjen şäherimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Gülüstan» bazaryna saçagyny nazu-nygmatdan bezemek üçin dürli gök önümleri, çagalaryna, maşgala agzalaryna süýjülik sowgatlaryny satyn almaga gelen ildeşlerimiziň käbirleri bilen söhbetdeş bolduk.
— Salam! Ýetip gelen Täze ýylyňyz gutly bolsun! Özüňiz bilen tanyş edäýseňiz?!
— Salam, siziň hem Täze ýylyňyz düşümli bolsun! Men Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Nesibe Jumanyýazowa.
— Nesibe, sizi «Gülüstan» bazarynda hoş gördük! Ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtdan getirilýän harydyň ornuny tutýan önümlerden, göwün islän harydyň dürli görnüşlerinden doldurylan tekjeleri, bazar bolçulygyny görüp, göreçlere nur çaýylýar. Görşümiz ýaly, siz hem bazarlamaga gelipsiňiz?!
— Sag boluň! Hawa, men hem ildeşlerimiz ýaly, ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyny agzybir maşgalamyzda şatlykly geçirmek, baýramçylyk sowgadyny almak üçin çagalarym bilen bazara geldim.
— Körpeje balajyklaryň atlary näme?!
— Bu gyzym Aýmelek, ol iki ýaşynda. Oglum Mämmet bir ýaşyny dolduryp gelýär.
— Eziz Diýarymyzda bellenilýän her bir baýramçylyga mahsus bolşy ýaly, Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlygyň süýji ýakymyna berilmek hem göwün guşuňy ganatlandyrýar!
— Hakykatdan hem, halkymyz tarapyndan iň gowy görülýän baýramçylyklaryň biri bolan Täze ýyl aýratyn-da, çagalara ýatdan çykmajak täsirleri bagyş edýär. Ynha, bu gün gyzjagazym Aýmelege, oguljygym Mämmede Täze ýyl sowgadyny aldym. Indi bazara birlaý aýlanyp, Täze ýyl arçasyny hem almagy göz öňünde tutýaryn. Bu bazarda yşyklaryň, oýnawaçlaryň, arçalaryň, dürli öwüşginli bezegleriň, sowgatlyk gaplarda gaplanan süýjüdir kökeleriň islendik görnüşi bar. Ynha, şu zatlaryň özi ildeşlerimiziň her biriniň baýramçylyk ruhuny göterýär. Bazardaky gök-bakja, miwe, azyk we dokma önümleriniň bolçulygy, olaryň elýeter bahadan satylmagy bolsa, diýseň guwandyryjy. Göwün islän harydyň bolçulygy eşretli zamanamyza, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda ýanýoldaşym Seýilbaý bilen maşgalamyz bolup, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky Baş arçanyň gözelligini synlamaga gitmekçi bolýarys.
Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, külli türkmen halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Bizi eşret gujagyna ataran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Goý, Täze — 2021-nji ýyl hem ildeşlerimiziň her biri üçin rysgal-döwletli, jan saglykly, bereketli ýyl bolsun! Täze ýylyňyz düşümli bolsun, eziz watandaşlar!


— Salam, ýetip gelen Täze ýylyňyz gutly bolsun! Düşümli, rysgally, döwletli ýyl bolsun! Tüweleme, bazarlap ýörsüňizmi?
— Sag boluň! Hemmämiziň indi sanaýmalyja günlerden garşylajak, Täze 2021-nji ýylymyz gutly bolsun! Täze ýyl ählimiz üçin täze üstünlikleri getirsin! Hawa, maşgalam ýaş çaga seredýändigi sebäpli, özüm Täze ýyl saçagyny bezär ýaly azyklyk önümlerini almaga geldim.
— Özüňiz bilen hem tanyşdyraýsaňyz?!
— Men S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň ýyladyşhanaçylyk hojalygy hünäriniň mugallymy Ýunus Myradow.
— Ýyladyşhanaçylyk hojalygy hünäriniň mugallymy diýdiňiz welin, onda şu bazardaky satylýan, özümizde öndürilen gök-bakja önümleriň ösdürilişini has gowy bilýänsiňiz?! Bu babatda az-kem gürrüň beräýseňiz?!
— Baş üstüne! Indi birnäçe ýyldan bäri döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň ähli sebitinde toplumlaýyn ýyladyşhanalar gurlup, ulanylmaga berildi. Ynha, görşüňiz ýaly, bazaryň tekjelerini dolduryp duran gök-bakja önümleriniň dürli görnüşleri, hatda şu görýän hyýar, pomidor, süýji burçlaryňyz hem indi öz ýurdumyzda öndürilýär. Ylaýta-da, gyşyň sowuk günlerinde bu önümleriň bolçulygyny, elýeterliligini synlamak diýseň buýsançly. Synlap duran şu reňkli kelemleriňiz-de ýyladyşhananyň önümi.
Häzirki döwürde gurlup, ulanylmaga berilýän ýyladyşhanalara ornaşdyrylan, ösen nanotehnologiýanyň kömegi bilen olarda diňe bir gök-bakja önümlerini däl, eýsem, miweleri ösdürip ýetişdirmäge hem mümkinçilikler bar. Muňa mysal hökmünde häzir gyş paslynyň dowam edýändigine garamazdan, ter ýertudanalarynyň bazarlarymyzda satylýandygyny hem aýdyp bileris.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň sentýabrynda ilkinji talyplaryny okuwa kabul eden ýyladyşhanaçylyk hojalygy hünärinden bilim bermek biziň esasy wezipämiz. Biz bu ugurdan kämil hünärmenleri ýetişdirip, ýurdumyzyň oba hojalygyny has-da ösdürmekde irginsiz zähmetimizi gaýgyrmarys.
— Ýeralma, şugundyr, käşir alypsyňyz welin, gelniňiz Täze ýyl işdäaçaryny taýynlamakçy öýdýän?!
— Dogry bellediňiz! Bazara gelen dessime söwdany gök önümlerden başladym. Almaly zatlaryň sanawy entek eslije bar, olaryň içinde Daşoguz tüwüsi-de bar. Nesip bolsa, gelnim Humaý bu önümlerden bal ýaly naharlarydyr işdäaçarlary taýýarlar. Onsoň maşgalamyz bilen saçagy giňden ýazyp, Täze ýyly garşylarys. Oguljygym Aýhana-da süýjülik sowgadyny almakçy. Bu bazaryň haryt bolçulygy her bir alyjynyň gözüni dokundyrýar.
— Täze ýyl arzuwlaryňyzy-da eşidäýsek?!
— Pederlerimiziň «ak bazarda edilen ýagşy arzuwlar hasyl bolýarmyş» diýen pähiminden ugur alsak, onda iň süýji arzuwlarymy Täze ýylyň öňüsyrasynda aýdasym gelýär. Geljek 2021-nji ýyl — ýyl hasaby boýunça sygyr ýyly. Sygyr malyny-da halkymyz ekleýji, rysgally mal hasaplaýar. Şonuň üçin Täze ýyl halkymyz üçin rysgally, döwletli, berkden-berk jan saglykly ýyl bolsun!
Gahryman Arkadagymyzyň Täze ýylda amala aşyrjak döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! Täze ýylda agzybir halkymyz ähli babatda üstünliklerden paýly bolsun!
— Ýagşy arzuw-dilegleriňiz hem-de ýakyndan tanşyp, söhbetdeş bolanyňyz üçin sag boluň! Täze ýylda ýaşlara bilim bermekde we hünär öwretmekde alyp barýan asylly işiňizde üstünlikler ýar bolsun, kesbiňizden kemal tapyň!
— Sag boluň!
Çykyşlary ýazga geçirenler Laçyn SAMMAKOWA, Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».