Arzyly baýramyň joşguny

Gözelligiň we söýginiň şäheri hökmünde Ýer ýüzünde adygan merjen paýtagtymyz Aşgabat tamamlanyp barýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ahyrky günlerinde Täze ýyl baýramynyň joşguny bilen has-da öwşün atýar. Ak şäherimiziň şaýollarydyr köçeleriniň ugrunda, seýilgähleriň çäklerinde, jemgyýetçilik binalarynyň ýanaşyk ýerlerinde guralan baýramçylyk bezegleri, dürli öwüşginli yşyklar halkymyzyň ýürek buýsanjyny, Täze ýyl şatlygyny goşalandyrýar. Şu günler ýurdumyzyň baş şäherinde barha golaýlaýan 2021-nji ýyly mynasyp garşylamaga ýokary derejede taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şol maksat bilen Aşgabat şäheriniň bazarlarynda we söwda merkezlerinde döredilen göçme söwda nokatlarynda hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny baýramçylyk harytlary bilen üpjün etmekde amala aşyrylýan işler mähriban halkymyzyň guwanjyny artdyrýar.
Mälim bolşy ýaly, mähriban paýtagtymyz her bir baýramçylyk, şanly sene mynasybetli toý lybasyna beslenýär. Onuň häzirki jadylaýjy keşbinde hem bosagada duran Täze, 2021-nji ýylyň bagtyýar raýatlarymyz üçin gadyr-gymmatyny, şatlyk-şowhunyny görmek bolýar. Geljek ýyl hem geçen rowaç ýyllar deýin ata Watanymyzyň ähli babatlarda täze ösüşlere beslenjek, oňyn özgerişlere gadam basjak ýyly bolar. Munuň şeýle boljakdygyna hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen dünýä derejesinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem doly şaýatlyk edýär.
Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösmegi ugrunda belent maksatlary amala aşyrýan, mähriban halkymyzyň eşretli zamanada asuda, bolelin durmuşyny üpjün etmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Nurgeldi ARAZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.