Aşgabatda Täze ýyl öwüşginleri

Mähriban Diýarymyzda her bir baýramçylygy ajaýyp toý dabaralaryna beslemek asylly däbe öwrüldi. Golaýda halkymyz özüniň baş baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny giňden belläp geçdi.
Ajap eýýamyň nurana şäheri bolan Aşgabadyň gözel görki ýurdumyzyň aýdyň geljeginiň, döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine ýetmeginiň ajaýyp nyşanydyr.
Indi bolsa ýurdumyzda iň söýgüli baýramlaryň biri hasaplanylýan Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görülýär. Şu mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe boldy. Golaýda ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň Baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakyldy. Asylly däbe görä, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de elde döredilen erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.
Şu günler, öňki ýyllarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş şäheriniň baýramçylyk bezegi görenleri haýran galdyrýar. Häzir Aşgabadyň haýsy künjegine barsaň-da, paýtagtymyzyň baýramçylyk lybasyna beslenendiginiň şaýady bolýarsyň. Şaýollaryň, köçeleriň ugrunda älemgoşaryň ähli reňklerinde öwşün atýan owadan çyralar özboluşly gözellik döredýär. Paýtagtymyzyň seýilgähleri, meýdançalary, seýilbaglary we beýleki ýerleri hem baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Bularyň ählisi ýagşy umyt-arzuwlar bilen garaşylýan Täze, 2021-nji ýylyň barha golaýlaşyp gelýändigini alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan geljek ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Öňümizdäki ýylda ýurdumyz ýene-de bir taryhy senäni — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellär.
Ak mermerli paýtagtymyz gün-günden gözel keşbe girýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar we adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berýär.
Uzakmöhletleýin geljegi nazarda tutup, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan täze şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň häzirki zaman keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, onuň köpugurly mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.
Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny, şäheri hem-de onuň inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümlerini abadanlaşdyrmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylyşyny yzygiderli gözegçilikde saklaýar.
Häzirki wagtda desgalaryň gurluşygy bu ulgamda iň täze gazanylanlaryň esasynda iň döwrebap gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly ýokary depginler bilen amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şäherde täze desgalar gurlanda ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr hem-de häzirki zamanyň täze gurluşyklary biri-biri bilen sazlaşmalydyr. Binalaryň bezelişi şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly kybap gelmelidir hem-de milli bezeg aýratynlyklaryny beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz nygtaýar.
Täze ýyl baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görýän ak mermerli paýtagtymyzyň häzirki baýramçylyk bezeginde hem döwlet Baştutanymyzyň bu talaplary öz beýanyny tapýar. Bu ajaýyp görnüşler paýtagtymyzyň okgunly özgerýän binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşyp, özünde täsin we özboluşly milli öwüşginleri jemleýär.
Mähri BEKÇAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.