Rowaçlyk kalpdan başlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Medeniýet halkyň kalbydyr.

Durmuşy uly ummana meňzedýärler. Şeýle bolsa, ýyllar onuň biri-birini ýygy-ýygydan täzeläp duran joşgunly tolkunlarydyr. Hawa, umman tolkunlar bilen, ömür ýyllar bilen, tebigat pasyllar bilen, jemgyýet nesiller bilen hemişe täzelenişde.
Uly maksatlaryň wysalyny özünde jemlän “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly paýawlap barýar. Bosagada — Täze ýyl. 2021-nji ýyl! Aslynda, “täze” sözüniň özünde ýüregi heýjana salýan täsin duýgy bar. Megerem, bu biziň her ýyl bilen täzelenýän arzuw-umytlarymyz, öňde goýýan maksatlarymyz bilen baglydyr. Arzuwlaryň, maksatlaryň täzelenmegi bolsa döwletlilikden nyşan, çünki diňe hasyl bolan arzuw täze arzuwlary, myrat tapan maksat täze maksatlary döredýär.
Täze ýylda öňde duran täze wezipeler, täze maksatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dek düýn ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda giňden beýanyny tapdy.
Göräýmäge, bu maslahat döwlet durmuşynyň bir ugruna — bir ulgamyň işine bagyşlanan maslahat ýalydyr. Ýöne medeniýet, öňi bilen, halkyň milli gymmatlyklarynyň, asylly ýol-ýörelgeleriniň, aň-düşünjeleriniň ulgamy ahyry! Şonuň üçin-de, milli Liderimiz medeniýeti halkyň kalbyna, milletiň mertebesine deňeýär.
Ýürek — iň gymmatly hazyna.
Ýaşaýyş bilen bagly ähli çözgütler şol ýerden gözbaş alýar. Ösüş-özgeriş, rowaçlyk kalpdan başlanýar.
Medeniýet ulgamynyň öňünde goýlan täze wezipelerde hem döwrüň ýürek urgusy, häzirki zamanyň sazlaşykly tagallalary aýdyň şöhlelenýär.
                                        ***
2021-nji ýyl — döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň baýram ediljek ýyly. Geljek ýyl üçin medeniýet ulgamynda öňde goýlan wezipeler, esasan, baş baýramymyzy mynasyp garşylamak, uly üstünliklere beslemek, ýurdumyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, onuň halkara abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrmak wezipesiniň degresinde jemlendi.
Garaşsyzlyk — özüň bolup ýaşamagyň baş şerti. Öz sözüň, öz ýüzüň bilen dünýä çykmaga mümkinçilik. Munuň özi bir halkyň, bir milletiň ykbalynda bolup biläýjek iň uly bagt, iň belent derejedir. Eýse näme?! Dünýäde müňlerçe dil, müňlerçe halk, halkyýet bar, ýöne BMG-niň agzalygynda duran garaşsyz döwletleriň sany bary-ýogy 200-e ýakynlaýar.
Bägülüň iç-içe açylyşy, türkmen halysynyň ýyl geçdigiçe reňk açyp, görke gelşi ýaly, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň ykbal kesgitlän ähmiýeti her geçen ýyl bilen artyp, aýdyňlaşyp barýar. Biz häzirki günüň belentliginden yza ser salyp, geçen ýyllaryň, geçilen ýollaryň asyrlara barabar sepgitleri barada buýsanyp söhbet edýäris.
Hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda halkymyza serpaý eden “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynda şeýle diýýär: “Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!”.
Diýmek, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý tutumlary şu ýyl uly dabaralara beslenen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň dabaralarynyň mynasyp dowamyna öwrüler. Bu iki senäniň taryhy wakalary biri-biriniň üstüni ýetirip, türkmen döwletliligini dünýä ýaýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda dünýäde sözi diňlenilýän, orny oňlanylýan medetli-mertebeli döwlete öwrüldi. Munuň delili müňlerçe. Geljek, 2021-nji ýylyň milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Gurmasynyň kabul eden Kararnamasy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi-de şol müňlerçe deliliň biri.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň anyk meýilnamalaýyn esasda geçirilmelidigini nygtap, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
                                        ***
Gadymy Gündogarda şeýle pähim bar: “Bir gün bagtly bolmak isleseň, ýürekdeş dostuň bilen hemsöhbet bol. Bir aý bagtly bolmak isleseň, gözel illere seýle çyk. Bir ömür bagtly bolmak isleseň, sungat bilen ýaşa!”.
Ine, heňňamlaryň hakykaty: ömürboýy bagtlylyk diňe sungat bilen mümkindir!
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri bilen sungatyň aýrylmaz baglanyşygy şu ýerde aýan-oraşan ýüze çykýar. Biziň her birimiziň bagtymyz hem şundadyr — biz sungatyň dünýäsinde ýaşaýarys, sungat bilen meşgullanýarys. Çünki biziň döwrümiziň, durmuşymyzyň özi — sungat!
Döwletiň döredilmegi, berkarar edilmegi, binýatlarynyň berkidilmegi üznüksiz taryhy-döredijilik işi bolup, ähli nesilleriň mümkinçilikleri, milli tejribeleridir iň asylly häsiýetleri şu mukaddes maksada gönükdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” kitabyna salgylanyp aýtsak: “...Biziň döwrümiziň nesilleri, ine, şeýle taryha şaýat boldular we oňa dahylly boldular. Has anygy, biziň döwrümiziň nesilleri, ine, şeýle taryhy işi amala aşyryjylar boldular. Olar şu taryhy döwür bilen ýaşadylar we ýaşap ýörler ýa-da şu taryhy döwür bilen kemala geldiler”.
Düýnki iş maslahatynda medeniýet ulgamynyň öňünde goýlan wezipeler hem aňyýetiň, sungatyň, çeper döredijiligiň dürli ugurlary barada ýaly bolsa-da, ol Gahryman Arkadagymyzyň beýik taryhy, röwşen geljegi döretmek babatdaky tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Asyl-ha, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, ahyrky netijede, şu asylly maksada hyzmat edýär. Ine, şonuň üçinem biz hormatly Prezidentimize uly buýsanç bilen “Dörediji Lider” diýýäris.
                                        ***
Mukamlar köşgünde wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna gatnaşyp oturyşyma, oý-pikirler meni 2008-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna alyp gitdi. Şol gün hut şu ýerde milli Liderimiziň ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen taryhy duşuşygy bolupdy. Täze döwrüň medeniýeti, aňyýeti babatda binýat goýujy wezipeleri kesgitlän şol duşuşygy, soňraky duşuşyklarydyr iş maslahatlaryny aňyňda aýlap, ýandepderçedäki, gazet sahypalaryndaky ýazgylara ser salyp, bir hakykata — döredijilik intelligensiýasyna bildirilýän talabyň hem-ä üýtgewsizdigi, hemem döwür bilen deň ösüp-beýgelip barýandygyna göz ýetirýärsiň.
Üýtgewsiz talap — çynlakaý eserler, döredijilikli işler bilen halkymyzy ýeneki ösüşli menzillere ruhlandyrmak, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, döwletimiziň halkara abraýyna goşant goşmak.
Döwrüň öňe çykarýan täze talaplary bolsa sanly ulgamyň mümkinçiliklerini, döwrebap tehnologiýalary ulgamyň işine giňden ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek bilen bagly.
Bu gün hemişelik Bitaraplygy dünýä bileleşiginde iki gezek ykrar edilen, dünýäniň möhüm-müşgil meselelerine anyk çözgüt salgy berip bilýän, halkara derejede iri ulag, energetika taslamalaryny amala aşyryp, sebitiň, yklymyň, ahyrky netijede dünýäniň ösüşine öz täsirini ýetirip bilýän, ymgyr oba-şäherçeleriň, beýleki iri gurluşyklaryň ençemesini birbada amala aşyryp bilýän, barha senagatlaşýan... döwletimiziň ösüşlerini mynasyp beýan etmek wezipesi öňümizde durýar. Tutumlaryň belentligi döredijilik işgärleriniň, ilkinji nobatda, žurnalistleriň yhlasynyň hem şol belentlige göterilmegini talap edýär.
Döwrüň şeýle tiz ösüş-özgerişi bilen baglylykda, žurnalistiň işi her gün gaýtadan başlanýar.
Döwrüň taryhy, öňi bilen, metbugatda ýazylýar.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinde oňat baş çykarýan ýokary derejeli žurnalistleri taýýarlamagy, bu ugurda halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmegi möhüm wezipeleriň hatarynda belledi.
                                        ***
Bosagada — Täze ýyl. Maksatlar aýdyň bolanda, işler ugruna bolýar. Toý bolup, baýram bolup gelýän ýylda Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyny ödäp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amal bolmagyna goşant goşmagyň belent jogapkärçiligi we buýsanjy her birimize döredijilikli zähmetiň täze gözýetimlerini açýar.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.