Sanly diplomatiýa — hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze badalgasy

XX we XXI asyryň sepgidi dünýäniň adamzat taryhyndaky köptaraplaýyn özgerişi bilen häsiýetlendirilýär. Ol, ilkinji nobatda, ylmy-tehnologik özgerişleriň depgini bilen baglanyşyklydyr. Durmuşyň ähli pudaklaryna täsirini ýetiren öňdebaryjy tehnologiýalar halkara gatnaşyklar ulgamyny hem çetde goýmady. Ol döwletleriň alyp barýan daşary syýasatynyň usullaryna öz täsirini ýetirip, diplomatiýanyň häzirki zaman şertlerine uýgunlaşan täze tärleriniň we usullarynyň kemala gelmegine giň ýol açdy. Munuň özi sanlylaşdyrma eýýamyna gabat gelýän sanly diplomatiýanyň durmuşa berk ornaşmagyna getirdi.
Sanly diplomatiýa — bu ählumumy internet torunyň üsti bilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň, şol sanda täze media, jemgyýetçilik torlarynyň we beýleki media meýdançalaryň daşary syýasat bilen bagly meselelerde giňden ulanylmagyny aňladýar. Diplomatiýanyň bu görnüşi beýlekiler bilen deňeşdirilende, öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin ulanylýan usullar we maksatlaýyn jemgyýetçilik topary bilen tapawutlanýar. Muňa garamazdan, maksatlar döwletiň daşary syýasy gyzyklanmalaryny öňe ilerletmek, milli gymmatlyklary ýaýbaňlandyrmak, ykdysady ösüşi gazanmak, dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek, özara düşünişmegi ýola goýmak ýaly yzygiderliligi saklaýar. Başgaça aýdanymyzda, sanly diplomatiýa — bu daşary syýasat bilen bagly täze we öňden bellenen wezipeler toplumynyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly onlaýn usulda çözülmegidir.
Soňky ýyllarda döwletler sanly diplomatiýa aýratyn ähmiýet berýärler. Degişli ugurda alymlaryň geçiren seljermelerine görä, sanly diplomatiýa, esasan, bäş ugur boýunça amal edilýär. Olaryň ilkinjisi syýasy meýilnamalaşdyryş işidir. Bu döwlet edaralary üçin daşary syýasatyň netijeli utgaşdyrylyşy we meýilnamalaşdyrylyşy üçin giň mümkinçilikleriň ýola goýulmagyny üpjün edýär. Ikinjiden, ol jemgyýetiň dürli gatlaklaryny onlaýn giňişligiň hem-de beýleki döwrebap usullaryň (web-sahypalar, akkauntlar, jemgyýetçilik torlary, SMS maglumat beriş we ş.m.) üsti bilen daşary syýasy işlere çekmekden ybaratdyr. Onuň üçünji ugry maglumat dolanyşygydyr. Bu halkara maglumat akymy zerarly ýüze çykyp biläýjek adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, ony ulgamlaýyn yzarlamak işinde juda derwaýysdyr. Döwletleriň daşary ýurtlardaky we ýurduň içindäki raýatlarynyň hukuklaryny goramak we dürli sebäpler boýunça ýüze çykyp biläýjek meselelerde dessin ýardam bermek maksady bilen, aragatnaşygyň göni ýollaryny üpjün etmek onuň dördünji ugry bolup durýar. Bäşinjiden, ol iň oňat bilimleridir tejribeleri jemlemäge hem-de olary daşary ýurtlarda milli bähbitleri üpjün etmek üçin işjeň we netijeli görnüşde ýaýratmaga goldaw berýär.
Türkmenistanda sanly diplomatiýa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulgamlaýyn ýola goýuldy we häzirki wagtda üstünlikli amal edilýär. Onuň berk hukuk binýada esaslanýandygyny bellemek gerek. Sanly diplomatiýanyň we sanlylaşdyrma ulgamynyň türkmen diplomatiýasynyň işinde maksatnamalaýyn ornaşdyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» esaslanýar. Şeýle hem ol degişli ugurda kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk namalaryndan — «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan ugur alýar. Häzirki wagtda milli diplomatiýanyň aýrylmaz bölegine öwrülen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän onlaýn duşuşyklardyr geňeşmeler we iş maslahatlary sanly diplomatiýada kesgitlenen anyk ugurlaryň biridir. Bu ugruň yzygiderli amal edilmegi wagty tygşytlamaga hem-de işiň netijeliligini birnäçe esse artdyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, sebit, yklym we ählumumy derejede geçirilýän halkara çäreleriň işine türkmen tarapynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän syýasy başlangyçlaryny dürli meýdançalarda öňe ilerletmäge giň mümkinçilik döredýär.
Sanly diplomatiýanyň ugurlarynyň ýene biri bütindünýä internet torunyň üsti bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ol milli Liderimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatyny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek bilen bagly maglumatlar toplumyny halkara media giňişlikde ýerleşdirmek, utgaşdyrmak we yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işleri öz içine alýar. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň görkezmeleri bilen Daşary işler ministrliginiň «Halkara täzelikler» atly elektron gazetiniň işiniň ýola goýlandygyny hem aýtmak gerek. Bu gazet ministrligiň web-saýtynda ýerleşdirilip, hepdede bir gezek neşir edilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan www.neutrality.gov.tm internet saýtynda döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň elektron kitaphanasynyň döredilendigini bellemek zerurdyr. Bu daşary ýurtly okyjylara Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Dünýäniň köp döwletleriniň COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolan häzirki şertlerinde daşary syýasatymyzda sanly diplomatiýanyň orny görnetin artdy. Anyk aýtsak, sanly diplomatiýa daşary syýasatyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Milli diplomatiýanyň sanly ugry tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan wezipeleriň giň toplumyny öz içine alýar. Häzirki wagtda onuň yzygiderli we ulgamlaýyn ýola goýulmagy boýunça degişli işler alnyp barlyp, halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasyna, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna, Söwda we ösüş boýunça konferensiýasyna, Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasyna, Halkara elektroaragatnaşyk birleşigine aýratyn ähmiýet berilýär.
Bir söz bilen aýdylanda, sanly ugur diplomatiýada berk ornaşdy, emma bu daşary syýasaty amala aşyrmakda öňden gelýän ugurlaryň, şol sanda ýüzbe-ýüz (face to face) diplomatiýanyň aradan aýrylmagyna täsirini ýetirer diýip bilmeris. Çünki öňden gelýän ugurlar eýýäm asyrlarboýy tejribede ulanylýan usullar hökmünde has netijeliligi bilen tapawutlanýar. Sanly diplomatiýa bolsa, öz gezeginde, işiň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen goşmaça ugur hökmünde diplomatiýanyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň öňünde kesgitlän wezipelerini döwrüň talabyna laýyklykda, hususan-da, diplomatiýanyň ähli usullaryny utgaşdyryp ýerine ýetirmek bolsa biziň mizemez borjumyzdyr.
Feride MURADOWA.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.