Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda geçen möwsümiň jemi jemlenipdi. Onuň netijesinde «Iň ökde oýunçy, «Iň ökde tälimçi» hem-de Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi ugurlarynda iň ökdeleri mälim edilipdi.
Mundan başga-da, futbol çempionatymyzda iň az jerime toplan topar hem saýlanypdy. Bu abraýa futbol çempionatymyzda az sanly jerime toplan Marynyň «Merwi» «Adalatly oýun görkezen topar» diýlip öňe çykarylypdy. «Merwiň» bu ugurda soňky dört ýylda üçünji ýyl öňdeligi eýeleýändigini ýatladýarys.
Mary şäheriniň toparynyň oýunçylarynyň geçirilen 28 tapgyrda sary duýduryşlaryň 54-sini, gyzyl kartlaryň bolsa 2-sini alandyklaryny bellemek gerek. Bu görkeziji futbol çempionatymyza gatnaşan beýleki toparlaryň iň az görkezijisidir.
Mary şäheriniň toparynyň geçen möwsümde toplan 28 utugy bilen ýaryş tertibini altynjy orunda tamamlandygyny ýatladýarys.
Çeşme: http://tff.com.tm