Pasyllaryň duşuşýan ýerinde

Biz Diýarymyzy baky baharyň mesgeni diýip wasp edýäris.
Biz ýurdumyzy jenneti mekan diýip söýgüleýäris.
Munuň diňe bir göwün duýgusy däldigi belli.
Eýsem, gyşyn-ýazyn güle çümüp, ýaşyl öwsüp oturan Diýara başgaça näme diýersiň?!

Pasyl-möwsüm parhy ýok, göwnüň islän nygmatyny şol bada tapyp bolýan mekany başgaça nähili atlandyrarsyň?!
...Ak bugdaý etrabynyň hersi özboluşly kitaba meňzäp oturan gadymy obalaryny aralap, Garagum derýasyndan gaýra geçip, ýol söküberseň, “Parahat” maldarçylyk hojalygyna barýarsyň. Ine, bu ýerde bolsa seni täsin künjek garşylaýar — “Daýhan sarpasy” daýhan hojalygynyň ýyladyşhana toplumy. Soňky üç ýylda tapgyr-tapgyr gurlan, häzirki wagtda 20 gektara ýaýylyp ýatan bu toplum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli.
Daşarda-ha dekabryň aýazy, içerde bolsa pomidormydyr bulgar burçy, ýertudana ýaly gök önümlerdir miweleriň dürli görnüşleri, şibit, guzygulak, petruşka otlary gyzyl-ýaşyl öwsüşip, ülpüldäp otyr. Onsoň bu ýere “Pasyllaryň duşuşýan, dil tapyşýan ýeri” diýesiň gelýär.
Toplumyň çägindäki şitilhana üç aý çemesi ozal açylypdyr. Bizem tanyşlygy şol ýerden başladyk...
Adatça, hiç bir gap göwrüminden agdyk zady özünde saklap bilmeýär. Bu ýeriň bolsa berekedi başgaça. Anyk aýtsak, üç gektarlyk şitilhanada 300 gektary üpjün ederlik şitiller ýetişdirilýär.
...Tebigata baharyň demi ýaýrap, baglaryň pyntyklaýşyny, bägülleriň gunçalaýşyny, maýsalaryň boý alşyny gana-gana synlamagyň tereň täsirinden habarlysyňyz. Ine, şitilleriň her biriniň başynda bereket göterip, gögeripjik çykyşyny-da şol pursatlara dahyl edesiň gelýär öz ýanyňdan.
Dökünlenen-bejerilen toprak bölejikleriniň hersiniň kindiwanja edilip taýýarlanyşy, oňa awtomatik usulda tohum taşlanyşy, aram howada saklanyp, aňyrsy bir hepdäniň içinde-de onuň gämikläp çykyşy, tomsuna bir aýyň, gyşyna 40 — 45 günüň içinde taýyn şitile öwrülişi... täsin filme tomaşa eden ýaly bir zat.
— Toplumyň esasy aýratynlygy — onuň Ýewropanyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan ýüküni tutanlygynda. Görşüňiz ýaly, bu ýerde alnyp barylýan ähli işde sanly ulgamyň sazlaşygy bar. Çyglylyk, ýagtylyk, ýylylyk derejesine awtomatik usulda gözegçilik edilýär. Onsoň, ha gyşyň aňzagy, ha tomsuň epgegi, daşarky howanyň bu ýerdäki şitillere, ekinlere zelel ýetirjek gümany ýok. Şitilhanada pomidoryň dört görnüşiniň şitillerini ýetişdirýäris. Olar daşky görnüşi, tagamy, reňki bilen tapawutlanýar, hersiniňem öz syry, öz idegi bar. Ýetişdirilen şitiller ýyladyşhanalara göçürilýär. Artygy-agdygy gereklän adamlara ýerlenilýär — diýip, agronom Şadurdy Şiriýew gürrüň berýär.
Şitilhana bilen tanşyp ýörşümize, elbet, suwarym müddeti gelendir-dä, birje düwmä basdylar welin, ýokardaky pürküji enjamlar öňe-yza omzaşyp, hakyt, “ýagyş ýagdyryberdi”. Seleňligi, serginligi tutuş giňişlige ýaýrap-ýaýylyp gitdi. Şunda şitilleriň dökünidir gaýry zerurlyklary-da suwa goşulyp berilýän eken.
...Adatça, gülgüne-sargylt pomidorlar gözüňe del görünýär. Ýöne maglumatlara ser salsaň, owalebetinde pomidoryň reňki sary bolupdyr. “Pomidor” sözüniň özi-de italýan dilinde “altyn alma” diýmegi aňladýan eken. Özi-de onuň gök önüm däl-de, miwedigini tekrarlaýarlar. Haýsy bolanda-da, ha goýultmak, ha duzlanan görnüşi, ha nahara goşundy... hökmünde onuň gündelik iýmite öwrülendigi belli. Onsoň mundan ýetişdiribileniň özüňki.
Ýedi gektarlyk ýyladyşhana bölüminde sary-gyzgylt reňkli pomidorlaryň arasynda çala saýgardýan zenan Maýsa Sähedowa eken. Ýyladyşhana toplumynyň änigine-şänigine ýetik, tejribeli hünärmen öz işleri barada giňişleýin gürrüň berdi.
— Pomidor, aslynda, bereketli ekin. Tüýs “Başyna gören ýaly” diýilýäni. Her düýpden 10 — 15 kilogram hasyl alýarys. Onsoň, bu ýeriň — ýedi gektarlyk bölümiň berekedini özüňiz saldarlaberiň. Onuň ýokarky, dokuzynjy gülleri açylanda, aşakylary eýýäm gyzaryp-ýetişip, hasyla durýar. Ýylyň sekiz aýynda hasyl ýygnama, ýetişdirme hysyrdysy dowam edýär.
Bu bölümden başga-da ýene üç gektarlyk bölüm bolup, onda pomidoryň beýleki görnüşleri ýetişdirilýär. Owunjak pomidorlaryň düzüm-düzüm bolup oturyşy üzüm salkymlaryny ýada salýar.
Ine-de, ýertudanaly bölüm. Iki gektar meýdanyň ak güllere çümüp oturyşy gözüňi dokundyrýar. Şol gülleriň arasyndanam ýaňyja düwen ýertudanalar görünýär. Tebigatyň täsinligini! Hem miwe eçilip, ony-da ak güllerine dolap berşini diýsene! Aslynda, ähli miweleriň başda ak güle basyrynyp, soňra dürli reňkli miwelere öwrülişi-de özbaşyna bir pelsepe.
— Özüňiz bilýäňiz, ýertudana diňe terligine iýilmän, işdäaçar, nahar, mürepbe, süýjülik, içgi, hatda derman, kosmetika önümleri we beýleki birnäçe önüm taýýarlananda hem giňden peýdalanylýar. Miwe diýilýänem bolsa, olar bägüller maşgalasyna degişli otjumak ösümlik hasaplanýar. Ýertudana çygly şertlerde ösdürilip ýetişdirilýär. Şoňa görä, ondan arly ýyl hasyl almak mümkin. Özi-de ynjyk miwe. Idegini kemsiz ýetirmeli — diýip, ýyladyşhananyň hünärmeni Azady Baýryýew gürrüň berdi.
Ýyladyşhananyň çäginde bir gektara golaý ýerde bulgar burçunyň, gyzyl burçuň del-düregeý görnüşleriniň ýetişdirilişi, 25 müň düýp burçuň hersinden 6-7 kilogram hasyl alnyşy bilenem tanyşdyk. Her bölümde hem işleriň gyzygy-gyzgalaňy ýetik.
Ýaşyl ekinleriň arasynda ýaşyl lybasly işçiler birbada saýgardanogam. Asyl, ýyladyşhana toplumynda 130 töweregi adam işleýän eken.
Toplum barada aýdara söz, edere gürrüň kän. Hiç bolmanda, bu önümleriň saglyk sahawaty, meselem, pomidoryň diňe bir ýürek keseliniň döremek howpuny azaltmak bilen çäklenmän, iýmit siňdiriş ulgamyna, bagra kömek edýändigi, adamy gözelleşdirmekde, garrylygy gijikdirmekde hem täsiriniň uludygy barada, ýertudananyň bedeni berkidýändigi, gan basyşyny kadalaşdyrýandygy, ortaça ululykdaky bäş sany ýertudananyň bir adamy gündelik C witamini bilen üpjün edýändigi, witaminiň bu görnüşiniň ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda, bedeniň ýokançlara garşy göreşmeginde peýdalydygy... hakynda lukmanlaryň gürrüňlerini getiribem, sözi näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Ýöne, näme, sadagasy gitdigim, bu toprakda bitýän miwedir gök önümleriň yrýasy, bihaly barmy?! Gadym döwürleriň lukmanlary-da näsagy, öňi bilen, öz topragynda ýetişýän miwelerdir önümler bilen bejermelidigini ýanjapdyrlar.
...Baharyň görküni bir gülde, derýanyň keşbini bir damjada synlap bolýar. Daýhan hojalygynyň işi bilen tanyşlyk bize tutuş ýurtda azyk berekediniň binýadynyň berkden tutulyşyna göz ýetirmäge esas berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hususy telekeçiligi goldamak, oba hojalyk maksatly ýer böleklerini bermek baradaky çözgütleridir goldawlary bilen bu ugurdaky işler giň gerim aldy. Hususy işewürler tarapyndan gurlan şeýle ýyladyşhanalardyr maldarçylyk, guşçulyk toplumlaryny, azyk senagaty kärhanalaryny bu gün dünýä deý giň ýurdumyzyň islendik künjeginde diýen ýaly görmek bolýar. Olaryň hatarlary barha artmak bilen.
“Ýaz aksyzdan, güýz göksüzden maslahat sorama” diýen halkymyz agyny-gögüni özi üpjün edibilýän kişini hemişe döwletli hasaplapdyr. Bu günki gün milli Liderimiziň ýurt derejesinde öz azygymyzy özümizde öndürmek, daşyndan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümçiligi giňeltmek, eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmak babatda öňde goýan wezipeleri üstünlikli amal bolýar.
...Bosagada — Täze ýyl. Täze ýyly ak arzuwlar, uly umytlar bilen garşylaýan ildeşlerimiz häzirden baýramçylyk saçagyny bezemegiň hysyrdysynda. Ballar akýan bazarlarymyza hususy ýyladyşhanalarda, şol sanda «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygynyň ýyladyşhana toplumynda öndürilen dört paslyň miweleridir önümleri hem ýaraşyk berýär.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.