Jöwher zehiniň, dury paýhasyň miwesi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň halkara syýasatyny dünýä halklary üçin ileri tutulýan ýörelgeleriň dogry kesgitlenmegine hem-de olaryň durmuş ähmiýetliliginiň kemala getirilmegine gönükdirýär.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabyny peşgeş berdi. Şeýlelikde, zamananyň ruhy genji-hazynasy ýene bir beýik eser bilen baýlaşdy. Bu uly waka mynasybetli milli Liderimizi, bütin halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.
Garaşsyz ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň rowaçlanmagy ugrundaky taryhy hyzmatlary, ilkinji nobatda, hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanýar. Bu syýasatyň özeninde halkymyzyň ýaşaýşyň düzgün-kadasy derejesine ýetiren päkize arzuw-umytlary, gowy gylyk-häsiýetleri, her taraplaýyn taplanan dünýägaraýşy durandyr. Türkmen Bitaraplygynyň milli kökleri, häzirki zaman meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagynda, netijeli çözülmeginde döwletimiziň bu halkara hukuk derejesiniň orny Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynda düýpli açylyp görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiz bitaraplyk syýasatyny, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden, şunuň bilen birlikde, dünýä halklarynyň bähbitlerinden ugur alyp saýlandygymyzy düşündirýär. Şundan görnüşi ýaly, bu gün dünýäde “döwletiň bitaraplygy” diýen düşünjäniň ähmiýeti adaty çäklerden, edil şonuň ýaly, milli çäklerden hem çykyp, gürrüňsiz, adamzat üçin durmuş hadysasyna öwrüldi. Bu gün adamzat adalatyň, ösüşiň hem parahatçylygyň hatyrasyna kämil ýörelgäniň zerurlykdygy hakynda düýpli pikirlenmäge mejbur bolýar. Dünýä şeýle ýoly beren halkyň wekili hökmünde türkmenistanlylaryň her biri buýsanmaga haklydyr. Hawa, bu gymmatlygy dünýä biziň döwletimiz berdi! Biziň parasatly milli Liderimiz — Gahryman hem mähriban Arkadagymyz berdi! Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady, öňdengörüjiligi, taýsyz tagallalary bilen, türkmen Bitaraplygy, hakykatdan-da, örän giň mazmuna, belent derejä eýe boldy.
Kitapda nygtalyşy ýaly: “Biziň döwrümiziň nesilleri, ine, şeýle taryha şaýat boldular we oňa dahylly boldular. Has anygy, biziň döwrümiziň nesilleri, ine, şeýle taryhy işi amala aşyryjylar boldular. Olar şu taryhy döwür bilen ýaşadylar we ýaşap ýörler, ýa-da şu taryhy döwür bilen kemala geldiler”. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda ýene şeýle diýýär: “Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!”.
Milli Liderimiziň bu kitabynda, öňde getiren mysallarymyzdaky ýaly, hemişe şygar edinip ýörmeli parasatly jümleler näçe diýseň bar:
“Şu günüňi gazanmak üçin düýnki binýadyň, ýagny berk esasyň gerek. Ertiriňi gazanmak üçin şu günki binýadyň, ýagny berk esasyň gerek. Şeýleräk bir mysal getirsem, ýerine düşer diýip pikir edýärin. Müň ýyllyk çynarlar hiç garraman, görnükli hem kuwwatly sütünleri bilen bakylyk nyşany ýaly bolup, sarsman, saýa salyp otyrlar. Olaryň şahalary asmana ümzük atýar, güýçli kökleri bolsa, daşyndan seretseň, zeminiň çuňluklarynda görünmän galýar. Eýsem-de bolsa, daragty ýaşadýan şol kökler, keramatly kökler ahyryn!”.
Şuny aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz: “Taryhyň dowamynda döredilýän durmuş ulgamy hem şonuň ýalydyr... Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda arzuw edip ýeten mukaddes Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy taryhy gözbaşlara, gadymy hem mizemez köklere daýanýar” diýip nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda türkmen bitaraplygynyň milli köklerine aralaşyp, taryhyň jümmüşlerinden, ata-babalarymyzyň beýik döwletleri guran döwürlerinden anyk mysallary, berk delilleri hem getirýär. Biziň halkymyzyň däp-dessurlaryna ornaşan belent ynsanperwerlik häsiýetleri barada nygtaýar. Şeýlelik bilen, bu günki berkarar döwletimiziň adyndan dünýä ýaýylan oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň halkymyzyň milli häsiýetleriniň, köp müň ýyllyk ýol-ýörelgesiniň dowamydygyny örän aýdyň açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly: “Haýsy asyr, haýsy zaman — parhy ýok, adamlar mydama parahat durmuşy isläpdirler, parahat durmuş halklara rahatlyk hem ösüş, bagt hem eşret beripdir”. Şunda biziň halkymyzyň döreden we ösdüren, dünýä bilen gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan her taraplaýyn öwrenilip, döwre görä kämilleşdirilip, bu günki berkarar döwletimiziň syýasatynyň berk özenine öwrülendigi aýratyn guwançlydyr.
Hormatly Prezidentimiz adamzadyň asyrlarboýy arkaýyn, abadan, parahat ýaşaýşyň ýollaryny gözländigini, eýsem-de bolsa, dostluk-doganlykdan, ynanyşmakdan, hyzmatdaşlykdan, adalatlylykdan ygtybarly hem gowy ýaşaýşyň ýokdugyna akyl ýetirendigini aýdýar. “Emma mesele munuň bilen tamamlanmandyr. Çünki şeýle ygtybarly ýaşaýşy döretmegiň hem öz ugruny — ýoluny-ýörelgesini tapmaly, tapanyňdan soň hem ony bozman, dogry alyp gitmegi başarmaly!» diýip, milli Liderimiz nurana durmuşa ýetirýän ýoluň basgançaklaryny ýekän-ýekän görkezýär: «Biziň oňyn Bitaraplyk syýasatymyzda bularyň ählisi — ygtybarly hem gowy ýaşaýyş baradaky kämil düşünjeler hem, şol düşünjeleri anyk durmuşda ulanmagyň kämil ýoly-ýörelgesi hem, ony bozman, dogry alyp gitmek baradaky tagallalar hem jemlenendir”.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň daýanjy hökmünde sebitde we dünýäde möhüm orun eýeläp gelýär. Muňa anyk mysallary näçe diýseň getirmek mümkin. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň milli kökleri barada aýdanda, adamlaryň arasynda dörän düşünişmezligi aradan aýyrmagyň esasy ýoly hökmünde ata-babalarymyzyň töwellaçylyk etmek däbini hem ýatlaýar. “Töwella etmeklik söze, pähime daýanyp, ylalaşyga gelinmegini aňladýar. Töwella etmek bilen, uly ýalňyşlyklaryň öňi alynýar, her ýagdaý haýyr işe tarap ugrukdyrylýar. Töwellaçylyk işi iki adamyň arasyndaky ýagdaýdan başlap, uly we has uly meselelere, ýurtlaryň arasyndaky meselelere çenli aralaşyp, ol meseleleri çözmegiň möhüm guraly bolup, halkara diplomatiýa derejelerine çenli ösüp, kämilleşip, hyzmat edip gelendir” diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.
Biziň goranmak häsiýetli Harby doktrinamyz bar. Munuň Bitaraplyk syýasatymyz bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy düşnüklidir. Hormatly Prezidentimiz harby meseledäki şeýle ýörelgäniň hem biziň gadymy milli ýörelgämizdigini, onuň taryhymyzyň has irki döwürlerinde peýda bolandygyny açyp görkezmek bilen, şeýle diýýär: “Oguz hanyň parahatçylykly ýörişleri antik döwrüň şöhratly ýazgylaryndaky asly gadymy saklardan bolan meşhur akyldar Anaharsisiň: «...biz ýaraglarymyzy başga biriniň garşysyna ulanmak üçin edinmedik, biz olary gerek bolan ýerinde özümizi goramak üçin edindik» diýen pikirini doly tassyk edýär”.
Hormatly Prezidentimiz anyk bir adamyň zehini, duýgy-düşünjesi bilen dörän pikirleriň adamzat durmuşyny bagta tarap alyp gidýän taglymat bolup bilýändigi, olaryň halkyň ýüreginden baky orun alandygy hakynda aýdýar. Bu babatda has gadymy taryhymyzdan başlap, soňra Orhon-Ýeniseý ýazgylarymyzy, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Omar Haýýamyň, Möwlana Jelaletdin Rumynyň, Magtymguly Pyragynyň, ondan soňky söz ussatlarymyzyň eserlerini ýatlaýar. Şu ýagdaýyň müňlerçe ýyllyk taryhymyzy, aňyýetimizi, bütin döredijilik, akyl-parasat dünýämizi bir kökene düzýändigini, ruhy bitewüligimizi ybarat edýändigini aýdýar. Kitapdaky şeýle garaýyşlara dykgat edip, edebiýata çemeleşmekde, onuň meselelerini her taraplaýyn seljermekde Gahryman Arkadagymyzdan öwrenmeli zadyň juda köpdügi hakynda oýlanýarsyň.
Edil şunuň bilen baglanyşykly ýene bir mysala ýüzlenesimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiz Döwletmämmet Azadynyň: “Birigenler döwleti mäkäm bolar” diýen setirine ünsi çekýär. Göräýmäge, bu setirde pikir göni aýdylan we örän aýdyň ýalydyr. Eýsem-de bolsa, hormatly Prezidentimiz has çuňňur, bütin inçeligi bilen yzarlap, bu sözden, ine, şeýle netije çykarýar:
“Meniň pikirimçe, bu söz, bir tarapdan, halkyň agzybirliginiň gymmaty hakyndaky sözdür. Azady halk bir jan-ten bolup birleşse, bir maksada gulluk etse, beýle halkyň döwleti berkdir, mäkämdir, bozulmazdyr diýýär. Ikinjiden, Azady adamzadyň birligi, agzybirligi, bir Zeminiň ýüzünde dost-dogan bolup ýaşaşmagy hakynda aýdýar. Bütin adamzat ýaşaýşyň iň dogry, iň kämil ýolundan — agzybirlik, abadanlyk, dostanalyk ýolundan ýörese, onuň döwleti mäkäm bolar, ýagny durmuşy hemişe gowy bolar, ol rahatlygyň, eşretiň gujagynda ýaşar diýýär”.
Elbetde, hormatly Prezidentimiz Azadynyň eserlerinden milletiň ruhy, onda-da köp müň ýyllyk bitewi ruhy bilen birleşýän pikirleri gözleýär, şony hem tapýar, onuň ýönekeý okyja mälim hem-de mälim däl taraplaryna çenli aralaşýar we anyk netijeleri mälim edýär. Şunda şeýle beýik pikir-garaýyşlaryň bu günki berkarar döwletimiziň syýasatyny düzmäge gatnaşýandygyny, has dogrusy, ol pikir-garaýyşlaryň döwlet syýasatymyzyň esasynda durandygyny düşündirýär. Ine, şeýdip Gahryman Arkadagymyz sözi esasy meseläniň töweregine getirýär we şol ýerde jemleýär. Döwlet Baştutany hem syýasatçy hökmünde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň özeni, elbetde, şundadyr! Şonuň bilen birlikde, edebi-çeper pikirleri seljermäge şeýle düýpli çemeleşmeler, öňde aýdyşymyz ýaly, edebiýaty öwreniş ylymlary üçin nusgalyk derejedir.
Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ata-babalarymyz geljegiň aladasynyň Zemin halklarynyň ählisi üçin hem umumy aladadygyndan ugur alypdyrlar. Şonuň üçin olar il-uluslar bilen dostlukly ýaşamaga aýratyn ähmiýet beripdirler. Halkymyzyň bu ugurdaky garaýyşlary häzirki döwürde hem halkara derejeli derwaýys wezipeleriň netijeli çözülmeginde uly ähmiýete eýedir. Hut şuňa görä, parasatly türkmen şahyry hem alymy Döwletmämmet Azadynyň ölmez-ýitmez eserlerinden jümleleriň 2012-nji ýylda «Kunst-welt e. V Berlin» nemes medeni guramasynyň dürli ýurtlaryň we halklaryň ajaýyp wekilleri bilen tanyşdyrýan «Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy» atly taslamasy üçin seçilip alnandygyna hormatly Prezidentimiz öz kitabynda ünsi çekýär. Azady, ine, şeýle diýipdir:
Her kişi ot ýaksa özi bişer,
Gazsa her kim çah — oňa özi düşer.
Milli Liderimiziň adamzadyň ösüşi, parahatçylygy bilen baglanyşykly beýik başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldaw tapýandygy, bular boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalar çykarýandygy hem türkmen akyl-parasadynyň gymmatynyň milli çäklerden çykyp, adamzat gymmatlygyna, zerurlygyna öwrülýändigini aýdyň görkezip durandyr. 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni”, 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýaly taryhy wakalar bilen baglanyşykly hem şeýle diýip bolar.
Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur ylmy, filosofiki garaýyşlara, anyk durmuş tejribelerine ýugrulan täze eserinden ýene käbir nurana jümleleri getirmegi makul bilýäris:
“Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýar”.
“Adamzadyň bagty şundadyr — abadan hem rahat durmuşyndadyr”.
“Dünýäde iň adalatly syýasat adamlaryň bähbitleriniň üpjün edilmegine esaslanýan syýasatdyr. Adamkärçilik diýilýän beýik güýç hem adalata esaslanýar. Adalatyň üpjün edilmegi adamkärçiligiň pugta ýola goýulmagydyr”.
“Bagt adam üçin arzuwlardan püre-pür salgym atýan menzil. Ol ilki hyýaldaky hakykat, soň bolsa çyna öwrülýär. Dost bolmak bagtly bolmakda birek-birege goldaw etmäge taýýarlygy aňladýar”.
“Ýurdumyz hernäçe baý hem bolsa, biziň iň uly baýlygymyz halkymyzyň akyl-parasatyndadyr we halkymyzyň köp müň ýyllyk beýik tejribesiniň döwre görä ösdürilip, döwlet syýasatynda jemlenmesindedir”.
Gahryman Arkadagymyzyň sözleri biziň her birimiziň mydama ýatda saklap, aňymyzda aýlap ýörmeli sözlerimizdir. Bu sözler durmuşa, döwletlilige düşünmegiň, öz bagtyňy goramagyň hem beýgeltmegiň ýörelgesidir.
Hormatly Prezidentimiziň adamzada ýagşylyk isleýän pikirleri, parasatly başlangyçlary ýurdumyza rowaçlyk hem üstünlik, abraý hem şan-şöhrat getirýär. Bu gün Türkmenistan halkara syýasatda öz sözüni diňletmegi hem ykrar etdirmegi başarýan ýurduň belent mertebesine eýedir. Türkmen durmuşynyň özeni bolan, ýaşaýyş tejribesinde müdimi orun alan dostanalyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk, myhmansöýerlik ýörelgeleri barha rowaçlanýar, halkymyzyň abraýyna abraý goşýar, döwletimiziň geljege gönügen garaýyşlarynyň esasyny kesgitleýär. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly: “Dünýä halklary bilen doganlaşyp, biz özümize dünýäni gala edinýäris. Eger-de dünýäniň ähli ýerinde şu paýhasa uýlup durmuş ýöredilse, onda ýurtlaryň biri-birine ysnyşygy, ynanyşmagy has artardy, biri-biri bilen hyzmatdaşlygy has giňelerdi, adamzat üçin dünýä rahatlyk, abadançylyk, eşret hem bagtyýarlyk galasy bolardy”.
Milli Liderimiziň jöwher zehininden we dury paýhasyndan dörän täze eserini — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitaby çuňňur ylmy-publisistik mazmuna, taýsyz pähim-parasada ýugrulmak bilen, hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşlaryny, möhüm taryhy pursatlary görkezýän suratlary, taryhy resminamalary hem öz içine alyp, we döwrebap usulda neşir edilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby biziň her birimiz üçin, bütin halkymyz üçin, abadan hem rahat durmuşy, dostana gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy hem ösüşi, ynsanperwerligiň ähli ajaýyp ýörelgelerini ileri tutýan bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr.
Höwri köp bolsun, hormatly Prezidentimiz! Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, ata Watanymyzyň abraýyny belende göterýän işleriňiz mundan beýläk hem rowaçlyklara ulaşsyn, Gahryman Arkadagymyz!
Akmyrat HOJANYÝAZ.
“Türkmenistan”.