Adamzat kalbynyň beýik lukmany

Bu gün bolsa eziz Arkadagymyzyň Ýeriň ýüzünde gurýan binalary bütin dünýä ýagşylyk nuruny saçyp, seleňläp görünýär. Bu binalar — ykballary özgerdiji binalar. Bu binalar geljegi nazarlaýan, şu günden geljegimize sary uzalan ýagşy niýetlerdir, çünki bu gurulýan binalaryň süňňi ýagşy niýetlere esaslanan hem-de olaryň ylmy esasy bardyr. Ol hem hormatly Prezidentimiziň dana pähime ýugrulan eserleridir.
Günler güne ätleýär, aýlar aýa aýlanýar, ýyllar asyrlara gol berýär. Ine, şu aýlanyp duran eýýamlarda ynsan durmuşynyň ajaýyp günlerde dowamly bolmagyna öz täsirini ýetirip bilen beýik-beýik ogullar bu giň jahanda ýagşylykdan, gowulykdan nyşan döredip, gurup, ynsan kalbyny gülletjek ýollary ýagtyldypdyrlar. Olaryň bitiren işleriniň beýany hem waspy öz döwrüniň ýazarmanlarynyň sünnäläp-saýlan sözlerine siňipdir. Ynha, şular dogrusynda oýlananymda, köňül dünýämizi galkyndyran eşretli zamanamyz, bagtyýar döwrümiz, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamzat jemgyýetini haýrana goýan kämil tutumlary hakyndaky pikirler serime doldy.

Il ykbally ogullar
Taryha ýazylýan bakylyk hem müdimilik zatlary döredýän-de ynsandyr. Ol zatlar hem öz halkynyň adyny dünýäniň taryhyna ýazyp bilýän gerçek ogullarynyň hasabyna döreýändir. Elbetde, dünýäni ýakyp-ýandyryp, at goýanlarda taryhyň sahypalaryndan orun alypdyrlar. Emma parahatçylyk, asudalyk, parasatlylyk bilen öz atlaryny galdyryp bilen gerçekler barmak basyp sanaýmalydyr. Olar dünýäde döreden we bitiren asylly işleri, zeminde guran ajaýyp binalary, ynsanlaryň kalp dünýäsinde guran paýhas binalary bilen bakylygy peşgeş beripdirler. Eýsem, şol binalar dälmi geçmiş bilen geljegiň arasynda köpri bolup duran!
Bir hakykat bar. Il ykbally ogullar ajap eýýamlary döredýärler. Ol eýýamlar bolsa şol il ogullarynyň pähim-paýhasy bilen nurlanýar. Biziň haýsy eýýam hakynda söhbet gozgamak islänimizi aňlan bolsaňyz gerek. Bu diňe bir türkmen halkyna däl-de, bütin adamzat älemine öz paýhas nuruny saçan, Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň guran Bagtyýarlyk eýýamydyr.
Elbetde, dünýäde täsin-täsin gudratlaryň döreýşi, belent-belent daglaryň zeminiň göwsüni ýaryp, göge ümzük atyşy, Ýeriň aýlanyşy, Günüň dogşy, elbetde, kän täsinlikler ýaşaýyş döräli bäri, öz syrlylygy bilen adamzadyň akylyny haýrana goýup gelýär. Asyrlaryň dowamynda adamzat nesliniň orta çykaran beýik ogullarynyň pähim-paýhasy bilen amala aşyrylan, ýagşylyga ýugrulan beýik işler-de şeýle gudratlaryň hataryndadyr.
Bagtyýarlyk eýýamy öz gözbaşyny akyl-paýhasyň çuňlugyndan alyp gaýdýandygyny äleme subut etdi. Näçe çuňluga düşdügiňçe, göwnüňe jaý bolup barýandyr. Munda bagtyýar gelejek bardyr. Mundan her nesil özi üçin öňünden edilen beýik işlere guwanyp, täze açyşlar edip gider otyr.
Pikir edip görseň, aslynda hem bu Zemin, bu Dünýä öz ýüzüne asylly maksatlary, ýagşy niýetleri bilen tämizlik çaýýan ynsanlarynyň bardygy bilen gözeldir. Olaryň pähim-paýhasy, ýagşy niýetleri bilen nurludyr. Ine, onsoň asyrlar owadanlaşar, eýýamlar görklener. Şu babatda türkmen halkymyzyň buýsanmaga haky bar, çünki, oňa öz söwer Oglunyň, eziz Arkadagynyň peşgeş beren paýhaslaryň eýýamy bolan bagtyýarlyk eýýamy bar.

Dünýä dahylly bolmak bagty
Bir zady buýsanç bilen aýdyp bileris. Bagtyýarlyk eýýamy türkmen halkyna dünýä derejesinde mertebelenmek bagtyny berdi. Munuň bir subutnamasy golaýda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň dabaraly bellenmegidir. Şeýle-de, şol baýramçylyk güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähli döwletler bilen dostlukly, netijeli we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklamakda, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, beýleki abraýly halkara guramalaryň işine gatnaşmakda, şeýle hem ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň has wajyp meselelerini çözmäge doly derejede gatnaşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döretmekde ähmiýetlidigini bellemek isleýärin» diýip nygtamagy-da aňryýany bilen subut edýär.
Şu ýerde bir hakykata ünsi çekmek isleýäris. Indi tutuş halkymyz bolup, her gün agşam «Watan» habarlar gepleşigini görenimizde ýa-da gazetdir žurnallaryň gatyny açanymyzda, dünýä dahylly türkmen abraýynyň barha belende göterilýändiginden bir nyşan bolan buşluk habaryna ýa-da gowy bir täzelige garaşýandygymyzy ýatlasak, ýüregimize jüňk bolaýar. Bu ýöne ýere däl, çünki bagtyýarlyk eýýamy biziň ykballarymyzy gowulyga tarap özgerdip goýberdi.
Dünýä derejesinde türkmen abraýynyň barha artýandygyna näçe diýseň mysal getirip oturmaly. Eziz Arkadagly döwrümiziň her güni mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan binýat alan bir gowy täzelik bilen beslenip barýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň has ýakyn wagtda öz halkyna peşgeş beren iki sany diwany — “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly pähim-paýhasa ýugrulan eserlerem, halkymyzyň ýeten belent mertebeli derejesiniň ylmy esasda ösdürilýändiginiň mesaňa şaýadydyr. Şeýle-de, eziz Arkadagymyzyň halkymyzyň köňül küýsegini gülleden ajaýyp eserleriniň ençemesiniň dünýä dillerine terjime edilmegi umumadamzat ähmiýetli ol eserleriň üsti bilen halkymyzyň at-abraýynyň, ajaýyp gylyk-häsiýetleriniň, gymmatly däp-dessurlarynyň dünýä ýaýylmagydyr.

Ykbal özgerdiji binalar
Hormatly Prezidentimiz türkmen ykbalyny özgertmek üçin bir wagtyň özünde iki häsiýetli binalaryň gurluşygyny utgaşykly alyp barýar. Olaryň birisi halkymyzyň we şol bir wagtyň özünde-de dünýä ähmiýetli durmuş we ýaşaýyş binalarynyň gurulmagydyr. Biz muňa dünýä ähmiýetli diýenimizde Bitarap döwlet hökmünde dünýä derejesindäki maslahatlary geçirmek üçinem gurulýan binalary hem göz öňünde tutanlygymyzdyr. Ilatymyzyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin gurulýan binalary sanap hasabat bererden juda kändir. Durmuşymyz, obalarymyz, şäherlerimiz gözümiziň alnynda özgerýär. Has dogrusy, Türkmenistan ýagşy niýetlere ýugrulan gurluşyklaryň mekanyna öwrüldi. Bu dünýäde döredýänler, gurýanlar beýikdirler, dowamlydyrlar. Magtymguly atamyz bir goşgusynda:
Keşt edeliň bu jahana,
Jahanda näler görüner —
Isgender, Jemşit saldyran,
Beýik binalar görüner —
diýýär. Şol binalar dälmi geçmiş bilen geljegiň ortasynda köpri bolup duran!
Mähriban hem Gahryman Arkadagymyz özüne baş şygar edinişi ýaly, adam, adamzat älemi, onuň şu güni, ertesi hakyndaky aladalara ýugrulan syýasaty alyp barýar. Munuň şeýledigini milli Liderimiziň eserlerine ser salan her aňy ýokary derejeli adam dessine göz ýetirer. Ol kalba ýakyn eserlerden sada dünýägaraýyşly adamlara-da düşünmäge zat kän. Olar üçin sada adalgalar bilen beýan edilse, şol bir wagtda giň hem çuň düşünjeleri-de orta oklaýar.

Söýgä hem mähre ýugrulan syýasat
Hormatly Prezidentimiziň her eseri hakynda aýratyn gürrüň açmaly bolanda, ol ençeme kitaplaryň döremegine we ýazylmagyna gözbaş çeşme bolardy. Ol taglyma ýugrulan eserlerde türkmen durmuşy-da, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlaram, paýhas ýörelgelerem, hünärler bilen adalgalaram, ynsan saglygyna dahylly lukmançylyk nesihatlaram, dünýä dahylly ýagşy niýet bilen eýlenen syýasatlaram bar. Olarda resmiligem, bir wagtyň özünde döredijilik adamlaryna nusga bolarlyk derejedäki çeperçiligem, çuňňur pelsepe bilen sada beýan etmelerem bar. Ol eserlerden diňe türkmen milleti däl, dünýäde ýaşaýan her bir ynsan özüne bähbitli, kalbyna melhem boljak şypany, durmuşyna ýardam boljak maslahatlary, umuman, her kim özüne gerek zady tapyp biler. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz adamzat kalbynyň lukmanydyr. Eýsem, eziz Arkadagymyzyň galamyna degişli bolan ençeme kitaplarynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi-de dünýä dahylly bolmak, umumadamzat ähmiýetli pikirleriň öňe sürülmegi dälmidir?!
Millet, halk öz eziz Arkadagyna, milli Liderine buýsanýar. Dünýä türkmen Liderine ynanýar. Bu buýsanç, bu ynam türkmen mertebesi bolup, arşa galýar.
Hormatly Prezidentimiz bir wagtyň özünde iki ýerde: hem ene Ýeriň goýnunda, hem adamzadyň kalbynda mizemejek binany gurýar. Eziz Arkadagymyz iki ugurda-da ussatdyr. Onuň her öňe sürýän pikirleri tutuş adamzat älemi üçinem nusgalykdyr.
Her güni toý-baýrama beslenýän ýurdumyzda milletiň dünýä nusgalyk bolan milli medeniýeti täzeden janlandy. Dünýä türkmeniň medeni derejesiniň ösendigini gördi. Ondan nusga alarlyk mirasyň bardygyna göz ýetirdi. Şeýdibem “Görogly” şadessany, “Küştdepdi” tansy, türkmen halysy öz nepisligi bilen dünýäde ykrar edildi. Türkmen täsinlikleri Ginnesiň rekordlar kitabynyň birnäçe sahypasynda orun aldy. Bu üstünlikleriň gözbaşynda milletiň milli Lideriniň umumadamzat dünýäsini heýjana salyp bilýän, söýgä hem mähre ýugrulan ynsanperwer syýasaty dur.
Dünýä her kimi orta çykaryp, oňa tagzym edibermeýär. Emma bu gün dünýä eziz Arkadagymyza tagzym edýär, çünki adamzat mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatyndan, pähim-paýhasyň çeşmesi bolan eserlerinden özüne ýetmezçilik edýän parasaty, söýgini, mähri tapýar. Şonuň üçinem eziz Arkadagymyz ynsanyýetiň kalp dünýäsinde onuň mätäçligini doldurýan binany hem gurdy. Onsoň eziz Arkadagymyza biragyzdan adamzat kalbynyň lukmany diýip bolar.

Watanyň keşgini çekjekler üçin...
Türkmen aganyň kalbynda öýüň ýüküni, Watanyň keşgini çekip biljek nesil dowamatyny ýetişdirmek baradaky alada aýratyn orun eýeleýändir. Ata-babalarymyzdan gelýän şol ýörelgäniň bagtyýarlyk eýýamymyzda sözüň doly manysynda rowaçlanýandygynyň her birimiz şaýady bolup ýörüs. Bu ugurda mähriban Arkadagymyzyň atalyk aladalary bilen durmuşa geçen Beýik işleriň “sanasaň sogaby bar” diýlenidir. Sogaply işleriň iň ýagşysy ylymly-bilimli, başarjaň nesil ýetişdirmekdir. Hormatly Prezidentimiziň: “Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwatyny we gülläp ösmegini, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşi, milletiň intellektual derejesi kesgitleýändir” diýip belleýşi ýaly, eziz Watanymyzda ylym-bilim gülläp ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyny özgertmek dogrusyndaky aladalary netijesinde bu günki bagtyýar çagalarymyz ösen ylym-bilimiň gujagynda ýaýnaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen, internet ulgamyna birikdirilen döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň sanynyň barha artýandygy buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Elbetde, ylma, döredijilige, zehine üns berýän ýurt elmydama ösüşdedir, özgerişdedir, ösýän döwletleriň hataryndadyr. Hormatly Prezidentimiziň kämil nesliň ýetişmegi baradaky aladalarynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini bilim ulgamyndaky kabul edilen resminamalar-da, bilim özgertmeleri-de aňryýany bilen subut edýär ahyryn. Gahryman Arkadagymyz ýokary okuw mekdepleriniň ylmy edaralar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işlemelidigini belleýär. Şeýle-de ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglary geçirmegiň zerurdygyny, munuň ýaşlary ylma höweslendirmekde ähmiýetlidigini nygtaýar. Şundan ugur alsak, milli Liderimiziň geljekde Watanymyzyň keşgini çekip biljek nesiliň ýetişmegi, ýurdumyzyň has belent derejelerde gülläp ösmegi baradaky aladalary birjik-de ünsden düşürmeýändiginiň aýdyň beýanyny görmek bolýar.
Täze dogan Gün hem öz ähli şöhlesini bolluk bilen biziň Diýarymyzyň üstüne goýberen ýaly. Ýok, ýaly däl, bu hakykat, çünki, älemiň Günem öz şöhlelerini ýagşylyklaryň rowaç tapýan ýerine gönükdirmekden lezzet alýan bolmaly. Bu bolsa, biziň ülkämize, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana nesip edipdir, çünki bu eziz Watanyň her gününi ajaýyp täzeliklere besläp, adamzadyň kalbynyň lukmanyna öwrülen eziz Arkadagymyz bar.
Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».