Pasla görä geýniň!

Ýurdumyzda pasyllaryň hersiniň özüne mahsus aýratynlygynyň bolşy ýaly, gyş pasly hem howanyň sowuklygy, adam bedeniniň kesellere garşy göreşmek ukybynyň birneme gowşamak ähtimallygynyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýip, ýöne ýerden aýtmandyrlar. Diýmek, gyşda howanyň temperaturasynyň durnuksyzdygy göz öňünde tutulyp, hemişe ýyly egin-eşikler geýilmelidir. Sebäbi gyş howasynyň örän çalt ýagdaýda üýtgemek mümkinçiligi bardyr. Ýöne egin-eşikleriň kadaly ýagdaýy üpjün edilmelidir, ýagny bedeniň derläp, soňam üşemegine ýol berilmeli däldir!
Gyşda adam bedeni ýokumly iýmitleri kabul etmäge has köp isleg bildirýär. Çünki howanyň sowuklygy sebäpli, beden ýylamak üçin energiýany has köp sarp edýär. Şonuň üçin hem, ýokumly maddalara baý bolan et we et önümleri, balyk, çörek, mesge, şeýle hem bu önümlerden taýýarlanan dürli milli tagamlarymyz, ýagny gyzyl burçly unaşy, mäşli palawy we beýlekileri iýmek maslahat berilýär.