Ulag geçer — rysgal seçer

Ýurdumyzyň çäginde iri ulag merkezlerini kemala getirmek we häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmek hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň biri bolmak bilen, giň gerimde dowam edýär. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň häzirki zaman tehnikasy we enjamlary yzygiderli satyn alynýar, awtomobil we demir ýollarynyň, beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygy giňden alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama 74 sany döwletiň awtordaşlyk etmegi bilen kabul edildi. Dünýäniň strategiki meseleleri boýunça, şol sanda ulag ulgamynda netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm ugurda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa we dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň soňky ýyllarda kabul eden degişli Rezolýusiýalary munuň aýdyň beýany bolup durýar.
Belli bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda, BMG-niň çäklerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, täze hukuk we guramaçylyk esaslaryny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.
Kabul edilen Kararnama sebitleýin we sebitara ykdysady goşulyşmagy, hyzmatdaşlygy, şol sanda ulag düzüminiň meýilnamalaşdyrylyşynyň kämilleşdirilmegini we onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, ulag gatnaşyklarynyň berkidilmegini hem-de söwdany we maýa goýumlary ösdürmäge ýardam bermegi höweslendirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. Olaryň hatarynda goňşy ýurtlaryň üçüsiniň: Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda, dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoluny görkezmek bolar. «Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar» täze ulag geçelgesiniň taslamasy munuň mysalydyr, oňa goňşy ýurtlaryň birnäçesi taslama gatnaşmak maksady bilen uly gyzyklanma bildirýär. Merkezi Aziýa üçin Modal awtomobil ýoluny döretmek boýunça başlangyç hem şol teklipleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, şol sanda Ýewropa Ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy, şeýle hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Awtomobil ulaglary halkara birleşigi, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi boýunça Hökümetara topary we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belläp geçmek bolar. «Türkmenistany 2011 — 2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna» laýyklykda, biziň ýurdumyz Ýewropanyň, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta — Aziýa ykdysady ulgamlarynyň özara birleşmeginiň yklymüsti ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenendir. Bu uzakmöhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary ykdysadyýetiň we ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan isleglerini doly möçberde üpjün etmäge ukyply bolan ulag-aragatnaşyk toplumyny okgunly ösdürmek bolup durýar. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Awtomobil ulaglary halkara birleşiginiň arasynda Türkmenistanyň çäginiň üstünden geçýän Ýewraziýa awtoulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Häzirki zaman köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek, bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň logistika strategiýasy taryhy taýdan emele gelen ýörelgeden ugur alýar.
Birwagtlar yklymyň halklaryny we ýurtlaryny birleşdiren esasy söwda ýollary Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir. Geljekde biziň ýurdumyzy Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ykdysady hyzmatdaşlygyny üpjün edýän transkontinental köprä öwürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulmak bilen, Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýollary hem-de çatryklary birleşdirýän milli üpjünçilik ulgamyny barha giňeldýär. Biziň ýurdumyz tarapyndan başy başlanan we hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy muny ýene-de bir mertebe tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr ulag geçelgesini döretmek barada taslama hem örän möhüm ähmiýete eýedir. Ol geljekde häzirki zaman yklym ulag ulgamynyň bitewi bölegi bolmak bilen, gatnaşyjy döwletleriň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin täze mümkinçilikleri döreder we şol bir wagtyň özünde Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam eder.
Şeýlelikde, biziň ýurdumyz müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny özara baglanyşdyran we adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ägirt uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine örän işjeň gatnaşyp, sebit we ählumumy derejede abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, dostluk gatnaşyklaryny we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. Tutuş ýurdumyzyň çäklerinden geçýän «Aşgabat — Garagum — Daşoguz», «Türkmenbaşy — Aşgabat — Farap» awtomobil ýollarynyň esasy aýratynlygy olaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýänliginden ybaratdyr. Bu ýollaryň ugrunda onlarça inženerçilik desgalary — häzirki zaman ulag çatryklary, köprüler we estakadalar gurulýar. Mundan daşary hem ýurdumyz raýat awiasiýasyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ol döwletimiziň ulag-logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrýar we halkara giňişligine goşulmaga ýardam berýär.
Halnazar NEPESOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň 
Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň 
Magdanly şäher bölüminiň harby gullukçysy, leýtenant.