Ömür ýoly ädimden başlanýar

Türkmençilikde «Halal zähmet — baky döwlet» diýen ajaýyp pähim bar. Halal zähmet baky bagta — döwlete ýetirýär. Ussat ýazyjy, publisist, žurnalist Gurbannazar Orazgulyýewiň golaýda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan üç müň nusgalykda okyjylara gowşan «Daýhan mertebesi» atly täze kitaby muny aýdyňlygy bilen teswirleýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz pederlerimiziň nusgalyk ömürleriniň nesiller üçin görelde mekdebidigini hemişe nygtaýar. Zähmet bilen ykbalyny röwşenlige öwrenleriň biri hem Türkmenistanyň Gahrymany, daýhançylygyň özboluşly mekdebini döredip giden Sadulla Rozmetowdyr. Ýazyjynyň täze kitaby hem, hut şoňa görä, çyn daýhan S.Rozmetowyň çylşyrymly hem-de ajaýyp ömür, zähmet ýolundan, zähmet arkaly ýeten bagtyndan — döwletinden söz açýar.
Eziz okyjylar! Şol eserden bir parçany siziň dykgatyňyza hödürleýäris.
Eýsem, toprakda galan yzlary bir zynjyra düzüp, takyk ölçäp bolsa, näçe möçbere barardyka? Onda Sadulla aganyň aýakýalaňdan başlanan daban yzlary, meger, ölçeýji guralyň sanlaryna sygmazdy.
On bir ýaşynda kakasy sürgün edilen wagtynda onuň hezil edip ýaýnamaly çagalygy ogurlanypdy. Onuň ornuna «indi sen öýüň erkegi, eklenç aladasy seň başyňda» diýlen göze görünmeýän kement inipdi. Ine, bu atyzlara gatnaw 1930-njy ýyllaryň agyr bulut ýaly depäňden sallanyp, asyl-ha, egniňden basyp duran günlerinde başlanypdy.
...Maşgalada kiçi gyzy Enejan, ogly Sadulla bilen üç adam bolup galanlarynda heniz kyrk hem ýaşamadyk Täjigülüň bir çogdam saçy agardy. Iň ýamany, eklenç endişesi gara gylyç ýaly bolup depeden sallanyp durdy. Täjigül daýza maşynynda tikin tikeýin diýse, bu garaňky tünekde ýagtylyk, yşyk ýokdy. Sygyrdan alynýan her günki süýt-gatyk hem iki çaýym ýagdan bölek girdeji berenok.
Garaýylgyndan alyp gelnen bugdaý bilen jöwen hem barha azalyp, honha, halta ýere ýetip barýar.
Bular hakynda Sadulla hem ejesinden kem oýlananokdy. Şonuň üçin ol gije eleme-deşik ýorgany ýüzüne büräp ýatyrka aýgyt bilen pyşyrdady:
— Ertirden kolhoz işine gatnap ugramaly. Ejesiniň indi kolhozyň agyr zähmetine ýaramajagy ragbatyndan aňdyryp durdy. «Görmedigi görde galdy» diýlen günler, aýdyp-diýerden agyr azaplar ony gününden öň garradypdy. Diýmek, ejizje gerdene ýüki indi öýüň erkegi almalydy.
Şol döwürde kolhoz işine gatnaýanlara pul berilmese-de, un, ýag, gant, çaý ýaly zatlar berilýärdi. Her näme-de bolsa, Sadulla göwnüne geňeşen zady hakda ejesine maslahat saldy. Täjigül gözüne ýaş aýlady:
— Iş diýip okuwdan galma, balam! Seniň bilen deň oglanlar mekdebe gatnaýarlar. Sen hem okasaň gowy bolardy. Sen işlemeseň hem günümiz geçer, aç ölmeris.
— Men işlemesem günümiz nähili geçer? Işlemesem bolanok — diýip, Sadulla öz diýenine tutdy. — Kitaby işden soň öýde-de okabererin.
Şondan soň oglunyň diýen raýyndan gaýtmajagyna göz ýetiren Täjigül daýza oňa başga söz diýmedi. Sadulla ertesi ir bilen kolhoz başlygynyň ýanyna bardy. Başlyk Sadullany gören badyna iş sorap gelenini duýdy-da:
— Hä-ä, Sadulla, kolhozda işlejekmi? — diýip, onuň bilen hal-ýagdaý soraşdy.
— Bolýar, saňa iş bereris, kakaň tapylgysyz daýhandy, uçursyz gowy adamdy. Oňa meňzeseň, sen hem zor ýigit bolarsyň, ýaş bolsaňam erjel görünýäň, seni Begjan şagalyň brigadasyna iberýärin. Ol seniň özüňe laýyk iş berer.
Sadulla edaradan çykyp, göni il içinde «Begjan şagal» lakamly brigadiriň ýanyna ýetmäge howlukdy. Begjan aga atyz başynda ders ýazyp ýören birki adam bilen gürrüňleşip duran eken. Sadulla onuň ýanyna baryp, ikelläp salamlaşdy, başlygyň diýenlerini ýetirdi. Garry brigadir Sadullany başdan-aýak synlady-da:
— Rozmet sarynyň ogly Sadulla diýilýäni diýsene, sen kolhozyň işine ýararmykaň bu çepiksije göwräň bilen? — diýdi. Sadullanyň sesi ynamly çykdy:
— Ýararyn!
— Onda saňa bir araba berýän, gumdan malýataga çäge daşarsyň. Görýänsiň, bu adamlar malýatagyň dersini atyza çekýärler. Sen gaty dersi ýerden depip alyp, araba ýüklemegi başarmarsyň, çäge bolsa ýumşajyk, şony oňarýaňmy?
— Oňarýan!
Sadullanyň öň at araba sürüp görmedigini çen eden Begjan aga onuň ynam bilen aýdan gepine şübhelenen ýaly:
— Hany, ýör onda, häzir saňa bir ýuwaşja at bilen araba bereýin — diýdi-de, yzyna tirkäp ugrady. Öýüne golaý ýerde gazyga daňylgy duran at bilen golaýrakda duran arabany görkezip:
— Ynha, at, honha-da, araba. Hany, arabany goş, men bir göreýin — diýdi.
Sadulla biraz aljyrady. Ömründe at araba goşup görmedik oglan «bu işi başarman, brigadiriň öňünde masgara bolmasam ýagşy» diýip oýlandy. Herniçigem bolsa öňler arabany goşanlaryny köp görüpdi. Nähili tilsimleriniň bardygy ýadynda galypdy. Ol özüniň aljyraýanyny bildirmezlik üçin ýuwaşjadan baryp, aty gazykdan boşatdy-da, getirip arşy ýokary galdyrylgy duran arabanyň aşagyna girizdi. At janawar öwrendekli eken, özi baryp arşyň aşagynda dogrulanyp duruberdi. Sadulla gapdaljykda ýatan küçeni alyp, atyň boýnuna saldy, aşagyndan mäkäm daňdy. Ähli iş kadadaky ýalydy, emma arşy çekip düşürende, hamydy küçeniň öň tarapyna däl-de, arka tarapyna daňjak bolanyny gören Begjan aga:
— Ah-aw, näme edýäň? — diýip güldi.
Sadulla ýalňyşandygyny bilip, hamydy küçeniň öň tarapyna geçirip daňdy.
— Ine, indi bolmalysy ýaly etdiň — diýen Begjan aga galanynam öwretdi:
— Indi şu uzyn gaýşy hem atyň garnynyň aşagyndan geçirip, bärki arşa daň!
Şeýdip Sadullanyň kolhozdaky ilkinji iş güni başlandy. Arabany sürüp ugrady. Gum obaň golaýyndady, daş däldi. Ol gumuň beýigräk ýerine arabany ýanap goýdy. At janawar ýuwaşja ekeni. Öňüne bir gysym guran ot taşlanandan gütürdedip ugrady. Çepiksije göwre hem araba çäge atyp başlady. Emma araba beýik, Sadullanyň bolsa boýy pes bolany üçin arabany doldurmak oňa hupbat baryny berdi. Munuňam amatyny tapdy. Arabany gumuň beýik ýerine diräp goýup, özi ýokary çykdy. Indi çäge atmak biraz ýeňil düşýärdi. Ýeňil diýende-de, araba dolýança Sadullanyň maňlaýyndan çykan der ýüzünden damja-damja bolup akdy. Pilini arabany dolabara ediberen çägä sanjyp, arşyň üstüne münüp, «çüw-w hany!» diýip sürüp ugranda, uly işi bitiren ýaly şatlygy içine sygmandy.
Sadullanyň el zähmetini ilkinji görşi däldi. Ol Garaýylgynda ýer ekeninde, işe has bişişipdi. Emma ol ýerdäki ekişde, bejergi edende, ýygymda «hop» berip duran degenek kişiler gapdalyndady. Bu günki iş bolsa onuň özbaşdak eden ilkinji işidi. Şonuň üçin hem onuň kalbyny şatlykly duýgy eýeläpdi. Emma malýataga ýetenden soň ýoldaky şatlykdan nam-nyşan galmady. Garynbagy boşadyp, arşy göterip, arabadaky çägäni dökmäge göwre ejizlik etdi. Emma arşy götermegiň ýolunam derrew tapdy. Ele garanda göwre güýçli dälmi näme? Arşa kellesini diräp, göterip goýberdi weli, arabadaky çäge şowwa döküläýdi. Arabany gaýtadan goşup, ýene guma ugrady. Arabanyň üstünde barýarka halys ajyganyny duýdy. Şeýle-de bolsa ýene bir araba çäge getirip, malýataga dökdi. Şondan soň arabany öýe tarap sürdi. Gapynyň öňünde sygra bermek üçin jöwen gyrkyp oturan Täjigül daýza oglunyň at araba münüp gelýänini görüp, gözlerine ynanmady. Ol ýanyna gelip togtan arabadan böküp düşen ogluny görüp, oňa mähir bilen bakyp:
— Gör-ä, at arabaly bolupsyň-a, Sadulla jan! — diýdi.
— Hawa, eje, işe-hä başlandyryn. Hany, iýer ýaly bir zat berseňiz, halys ajygyp gitdim.
Ene boýurgandy:
— Iýer ýaly zatmy? Sary ýag bilen çörek iýäý, oglum, saňa başga näme bereýin şu wagt.
— Şolam bolýar — diýip, Sadulla ejesi bilen içerik girdi. Ýaşaýan samanhanalarynyň aýnasy-äpişgesi ýoklugy sebäpli, gündizlerine hem çyra ýakyp oturmaly bolýardylar. Sadulla körjümek çyranyň ýagtysynda ejesiniň öňüne goýan bir çaýkam saryýagyny ýarty çörek bilen iýdi. Çaýyň deregine bir käse suw içip, işe gitmek üçin ýerinden galdy. Täjigül daýza dözmedi:
— Oglan başyňa, çymçyk ýaly janyňa bu iş saňa kyndyr-a, oglum?! Işiň aňsadrak ýerine goýsalar bolmaýarmyka? — diýdi.
— Işiň kyny bolmaz, eje jan, menem indi çaga däl ahyryn!
On bäş ýaşa ýaňy gadam basan ýetginjegiň çagalykdan çaltrak saýlanjak bolşuna ýüregi gyýym-gyýym bolan hemem onuň maşgalanyň endişesini ymykly egnine alanyna begenen enäniň dideleri ýene ýaşlandy.
«Ýetim oglan it bolar, ölmese, ýigit bolar» diýleni. Sadulla Rozmetow Çärjewdäki (häzirki Türkmenabat şäheri) Mugallymçylyk mekdebini tamamlandan soň, başbitin mekdep, edep-terbiýe bilen bolubermekçidi. Il-günüň synçylygyna, saňa kesesinden baha kesibilşine telpek goýaýmaly. «Rozmet sarynyň şu ogly ululykdan kiçeldilen ýaly. Dilem süýji, tüýs mugallym-da. Adamçylygam iki paý berlen ýaly. Guramaçylygyny aýtsana! Agzyndan gaçan gep bilen diňleýänleri yzyna düşürip gidip barýar. Islendik garamatly ýere, jogapkärli işe belleseňem abraý bilen alyp çykjagy görnüp dur». Ine, il-günüň Sadulla hakdaky pikiri şeýle bolupdy. Şeýdibem öňküleriň «Boljak oglan ýigrim bäşde baş bolar, bolmajagy elli ýaşda ýaş bolar» diýleni boldy.
...Wagt geçer. Sadullanyň bir obada önüp-ösen oglanlyk dosty, akademik, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Mätýakup Koşjanow «Gahryman» atly oçerk ýazar. Şonda şeýle setirler peýda bolar:
«2003-nji ýylda Sadulla Rozmetowyň geçmiş ýatlamalary, häzirki günümiz hem geljegimiz hakynda oýlanmalaryndan ybarat «Garaşsyzlyk — ömrümiň röwşenligi» atly kitaby neşir edildi. Onuň bu kitabyny durmuş sapaklary diýip atlandyrsa has dogry bolar. Sebäbi onda ýaşy segsenden agan, durmuşyň çarkandakly ýollarynda taplanan, özüniň bütin manyly ömrüni öz ili, onuň rowaçlanmagy üçin bagyşlan uly şahsyýetiň başdangeçirmeleri teswirlenendir.
Kitaby eliňe alanyňda, onuň ilkinji sahypalaryndan awtoryň çagalyk, ýetginjeklik döwürlerindäki başdangeçirmelerine gözüň düşýär. Şol döwürdäki adalatsyzlyk, haksyzlyk, zuluma esaslanan ideologiýanyň rehimsizlikleri açyk-aýdyň görkezilendir. Ýaşajyk Sadulla entek ýetginjeklik döwründe atadan aýra düşýär. Öz iliniň kethudasy bolan babadaýhan Rozmet ata kulak hökmünde ýurdy terk etmäge mejbur edildi. Bir sebäp bilen Sadulla obada galýar. Emma şol günden başlap, onuň başyna müňde bir horluklar düşüp başlaýar. Öý-jaý, mal-mülk elden giden, atasyz galan ýaş ýetginjek we onuň ejesi üçin hakyky görgülikler döwri başlanyp, olar hem öz obasyny taşlap gitmäge mejbur bolýarlar. Diňe ejesiniň paýhaslylygy, işiň gözüni bilýänligi üçin janlary aman galýar. Aradan ençeme wagt geçip, öz obasyna gaýtmagyň pursady ýetýär. Emma «kulagyň balasy» diýen nysak onuň yzyndan galmaýar. Şol zerarly olar öz ilinde hem ýat kimseler kimin gün geçirdiler. Käte biriniň malýatagy, käte biriniň samanhanasy ejeli-ogluň başpenasy boldy. «Çarhyň men görmedik jebri-jepasy galdymy». Bu ýetginjek Sadullanyň şol döwürlerde köňlünde galan sözler.
...Daşoguz şäherinden çykyp, Köneürgenje tarap gidip barýarkaňyz, takmynan, 8-9 kilometrlik aralykda, ýoluň sag tarapynda ýerleşen, obadan şähere has meňzeş ýere gözüňiz düşer. Şaglap ýatan uly ýoldan sag tarapa aýrylýan köçäniň başynda bu hojalygyň ady ýazylan derwezäni görersiňiz. Derwezäniň ýokarsynda «Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti» diýlen ýazga gözüňiz düşer. Derwezeden giren ýeriňde kiçeňräk bazar, onuň ýanynda söwda merkezi ýerleşendir. Ýene-de içerräkde haşamly Medeniýet köşgi, «Zähmete şöhrat» muzeýi we täzeçe usulda gurlan iki gatly edaranyň jaýy, onuň arka tarapynda bolsa, gözüňi dokundyrýan uly güjümleriň saýa salyp duran seýil bagy bar. Eger oba aralaşmaly bolsaňyz, onda şäherlerdäki ýaly tertipde sünnälenip gurlan, bişen kerpiçden salnan jaýlary görersiňiz.
Bu obanyň taryhyny gowy bilýärin. Çagalyk hem ýetginjeklik çaglarymda bu ýere kän gelipdim. Ol döwürlerde häzirki uly gara ýol birki araba zordan sygýan egrem-bugram ýoldy. Etrabyň ençeme ýerlerine suw berýän «Ýarmyş» diýlip atlandyrylýan uly ýabyň (kanal) köprüsinden geçeniňden soňra, ýol birneme aşak tarapa egrelip gidýärdi.
Mallaryň tezekleri garyşan topragyň ysy burugsap duran, aýak bassaň tozanlap ýatan bu ýoluň çep tarapynda uly gonamçylyk bolup, ondan aşagy gamyşdyr ýeken ösüp ýatan, ekin meýdanlaryna seredeňde, şorluklary köpräk oý ýerlerdi. Ilatyň köp bölegi ýaşaýan sag tarapy Täzeýarmyş diýlip atlandyrylýardy. Çep tarapyndaky oba bolsa Köneýarmyş diýilýärdi. Obanyň öýleri-de her ýerräkde, her ýerräkde ýerleşip, olardan diňe birki sanyjagy birneme göze ilginjiräk diýäýmeseň, galanlary ýönekeý daýhan külbejikleridi. Gepiň keltesi, bu oba Daşoguz oazisiniň ýönekeý hem birmeňzeş obalaryndan biridi. Obanyň demirgazyk tarapynda Derýalyk diýlip atlandyrylýan ýer bardy. Aýtmaklaryna görä, geçmişde Amyderýanyň bir goly (şahasy) şu ýerden geçen ekeni. Munuň şeýle bolandygyna ynandyrýan alamatlar kän. Derýalygyň bir tarapy uzyn depelige öwrülen gum-tokaý bolup, ol ýer hem-de ondan aşagraklary buýan, ýandak, akbaş hem gamyş-hyşa ýaly ýabany ösümlikleriň mekanydy. Şol sebäpli-de bu ýerlerde sülgündir towşan ýaly jandarlar köp duşýardy. Şonuň üçin hem şol taraplara awa hyýallanan çaglarymda obanyň islendik tarapyndan ýol salyp, gönüden-göni Derýalyk tarapa geçiberýärdim.
Indi bolsa oba 3-4 esse giňelen, hemme ýerden-de geçip bolanok. Ýaplar tertibe salnan. Obanyň dört ýerinden çuň zeýkeşler geçirilen. Oba edil şäher tertibindäki uly dörtburçluk şekilinde rejeleşdirilip, täze jaýlar gurlan. Görkli-görmekli bejerilen köçe hem ýollary görmäge göz gerek.
Mahlasy, çagalygymda ýönekeý bir oba hasaplanylýan bu ýer, göýä diýersiň, ullakan şäheriň bir bölegine meňzeýär. Onuň özboluşly görki göwne ýakýar. Adamlaryň ýaşamagy, durmuşy üçin zerur şertleriň hemmejesi bar. Uly-kiçi, islendik adamdan bu täzelikleriň başynda duranyň kimdigini sorasaň, diňe obanyň uly-kiçisi däl, belki, Daşoguz töwereginiň ähli ilaty-da: «Sadulla Rozmetow» diýip jogap berer.
Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.