«Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasy

(Aşgabat jemleýji resminamasy)
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde guralan «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahata gatnaşyjylar,
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine özleriniň ygrarlydygyny tassyklap,
Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy strategiýalaryny hem-de maksatnamalaryny, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50/80A hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285 Kararnamalarynyň, şonuň ýaly-da, Halkara Bitaraplyk gününi yglan edýän 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71/275 Kararnamasynyň ähmiýetini nygtap,
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejedäki halkara maslahatyň jemleýji resminamasyny (Aşgabat jemleýji resminamasy) göz öňünde tutup1,
1. Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan yglan edilen hem-de durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatynyň dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini we sebit hem-de ählumumy derejede halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini nygtadylar;
2. Parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny goldamaga gönükdirilen bölünmez hem-de giňişleýin howpsuzlyk taglymatyny öňe sürmek arkaly işjeň bitarap syýasatyny durmuşa geçirmäge ýardam etmäge, serhetüsti hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly däp bolan we häzirki zaman howplara garşy durmaga çagyrdylar;
3. Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň ählisine, BMG-niň ulgamynyň edaralaryna hem-de beýleki halkara, sebit we sebitara guramalara bitarap döwletleriň jedelleri parahatçylykly ýol bilen düzgünleşdirmäge, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga hem-de düzgünleşdirmäge gönükdirilen mümkinçiliklerini doly derejede ulanmagy maslahat berdiler;
4. Milli bitaraplyk syýasaty dawalaryň öňüni almakda, araçyllykda, gepleşikleri geçirmekde, hoşniýetli hyzmatlary etmekde, maglumatlary ýüze çykarmak boýunça işlerde, ýörite wekilleri ulanmakda, resmi däl maslahatlarda, parahatçylyk döredijilik hem-de ösüş babatdaky maksada gönükdirilen işlerde Birleşen Milletler Guramasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýan öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmagy höweslendirmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtadylar;
5. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylyň dekabrynda dünýä bileleşiginiň goldamagynda Aşgabatda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Merkezi Aziýa sebitiniň döwletlerine hem-de serhetdeş ýurtlara olaryň arasyndaky has ýakyn hyzmatdaşlygy höweslendirmek arkaly sebit meselelerini çözmekde goldaw bermek işinde möhüm orun eýeländigini bellediler;
6. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny hakynda, sebit merkeziniň mümkinçiliklerini, şol sanda bitaraplyk syýasatynyň artykmaçlyklaryny ulanmak arkaly yzygiderli açmaga gönükdirilen Kararnamasynyň taslamasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň garamagyna bermek barada Türkmenistanyň başlangyjyny goldadylar;
7. Dünýä bileleşigini raýdaşlygy hem-de sazlaşygy berkitmek arkaly durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam edýän gymmatlyklar hökmünde bitaraplyk syýasaty bilen dowamly baglanyşykly döwletleriň arasyndaky parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmäge ýardam bermäge çagyrdylar, şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň parahatçylyk medeniýeti babatda hereket etmegiň jarnamalaryna hem-de maksatnamalaryna eýermegiň zerurdygyny bellediler2;
8. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky 73/338 Kararnamasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde esasy çäre hökmünde 2021-nji ýylda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjyny goldadylar, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri, BMG-niň ulgamynyň edaralaryny, beýleki degişli halkara hem-de sebit guramalaryny we raýat jemgyýetini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde çäreleri geçirmek arkaly bilim we maglumat-düşündiriş işini amala aşyrmaga çagyrdylar;
9. Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy boýunça gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň sebäplerini hem-de täsirlerini ýok etmekde bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini goldadylar, şeýle hem degişli halkara düzümleri ýokarda görkezilen toparyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga goşulmaga çagyrdylar;
10. Türkmenistanyň halkara meseleleri düzgünleşdirmekde bitaraplyk ýörelgesini netijeli ulanmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kadalarynyň ýygyndysyny işläp düzmek boýunça tagallalaryny goldadylar, ol BMG-niň ýolbaşçy guramalarynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň parahatçylygy saklamak hem-de berkitmek meselelerindäki gurallarynyň üstüni ýetirer, şunuň bilen birlikde, degişli halkara guramalary we gyzyklanma bildirýän ýurtlary bu resminamalaryň üstünde işlemäge öz goşantlaryny goşmaga çagyrdylar;
11. Syýasy durnuklylyk şertlerinde döwletleriň arasyndaky durnukly hem-de uzak möhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary goldamak üçin, şeýle hem sebitara, sebit hem-de halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin milli bitaraplygyň ykdysady hem-de geoykdysady ugurlarynyň ähmiýetini nygtadylar;
12. Bitarap ýurtlaryň ynsanperwerlik, bitaraplyk, özbaşdaklyk ýörelgelerinde çylşyrymly adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar wagtynda ynsanperwer kömegini bermekde hem-de ibermekde tutýan orny bilen baglylykda, bitaraplyk syýasatynyň aýratyn ynsanperwer ähmiýetini hem-de oňyn ornuny tassykladylar, Merkezi Aziýada BMG-niň ynsanperwer meseleleri utgaşdyrmak boýunça müdirliginiň (UN OСHA) edarasyny döretmek arkaly adatdan daşary ynsanperwer kömegi ulgamyndaky sebit utgaşdyrmasyny berkitmegi teklip etdiler;
13. Bar bolan serişdeleriň çäklerinde, degişli ugurlarda ýöriteleşen bilermenler we guramalar tarapyndan okuw sapaklaryny hem-de okuw tejribelerini geçirmek arkaly bitaraplyk syýasatyna degişli barlaglary geçirmek we bilimleri ýaýratmak maksady bilen, halkara hukukda hem-de halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasatynyň taglymyny we iş tejribesini öwrenmek boýunça okuw hem-de ylmy-barlag merkezlerini döretmek boýunça Türkmenistan tarapyndan ozal öňe sürlen başlangyçlary goldap, bitaraplyk taglymyny ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar;
14. Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň ählisini, hökümete degişli däl birleşmeleri hem-de ýaşlary hasaba almak bilen, şahsy adamlary her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň hormatyna bitaraplyk syýasatynyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi goldamakdaky we berkitmekdäki orny hem-de ähmiýeti hakynda jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge çagyrdylar;
15. 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasyna esaslanyp, halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasatynyň ornuny pugtalandyrmagyň meselelerine bagyşlanan ýokary derejedäki maslahatlary, iň bolmanda, bäş ýylda bir gezek geçirmegiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtadylar hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam edýändigini bellediler;
16. Türkmenistanyň halkyna hem-de Hökümetine halkara maslahaty gurandyklary we geçirendikleri üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.
Aşgabat, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabry.

1A/70/652-S/2016/20 goşundy.
2BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy 53/243 A we B.