Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatda eden ÇYKYŞY

                                        (Aşgabat, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabry)
                                        Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
                                        Hanymlar we jenaplar!

Öňi bilen sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisinde mübäreklemäge rugsat ediň! Size bu foruma gatnaşýandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de onuň köpugurly gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça öz çemeleşmelerim, tekliplerim we garaýyşlarym boýunça pikir alyşmaga taýýardygymy mälim edýärin.
                                        Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolmagy ýurdumyz üçin, hakykatdan-da, taryhy waka boldy. Ol türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugruny we mazmunyny kesgitledi hem-de içerki ösüşe, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda giň möçberli milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine, demokratik düzümleriň kemala gelmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.
Biziň Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmeginiň aýratynlygy BMG-niň tejribesinde onuň ilkinji gezek ýörite Kararnama hökmünde Baş Assambleýanyň biragyzdan kabul eden çözgüdiniň giň goldawa eýe bolmagyndan we berkidilmeginden ybaratdyr. Dünýäniň iri döwletleri, şol sanda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan ýurtlar bu resminama awtordaş bolup çykyş etdiler. Şeýlelikde, Türkmenistan Bitaraplyk derejesine halkara hukuk ugry hökmünde eýe boldy hem-de dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi.
Men Türkmenistanyň halkynyň adyndan hemişelik Bitaraplyk hakynda bu taryhy Kararnamanyň taýýarlanylmagyna we kabul edilmegine goldaw beren hem-de oňa işjeň gatnaşan ähli döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Men BMG-niň Sekretariatyna hem-de onuň zerur guramaçylyk meseleleriniň we çäreleriniň çözülmegine işjeň gatnaşan işgärlerine hem netijeli iş üçin minnetdarlyk bildirýärin. Elbetde, biziň Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi bir pursatlaýyn waka däldir. Baş Assambleýanyň Kararnamany kabul etmegi dürli görnüşdäki ägirt uly we tutanýerli syýasy-diplomatik işlere, köp sanly gepleşikleriň geçirilmegine badalga berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň bu ugurda oňyn orun eýeleýändigini bellemek isleýärin. Olar 1995-nji ýylyň ýazynda Yslamabatda geçirilen sammitde Türkmenistanyň Bitaraplygyna goldaw bermek hakynda Beýannamany kabul etdiler. Şol ýylyň oktýabr aýynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammiti bu işiň nobatdaky tapgyry boldy. Şonda türkmen Bitaraplygy bu abraýly halkara düzüm tarapyndan biragyzdan goldawa eýe boldy.
Şu wakalar barada aýtmak bilen, meniň pikirimçe, olaryň mundan 25 ýyl ozalky döwrüň örän wajyp hem-de ähmiýetli wakasydygyny aýratyn bellemeli. Şol çylşyrymly, öwrülişik, şeýle hem toparlaýyn garşy durmalaryň tamamlanýan, adaty hereketleriň hem-de görkezijileriň tamamlanýan döwründe Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty hemmetaraplaýyn, şol sanda dürli garaýyşlary we häzirki zaman dünýäsiniň ösüş meselesi boýunça dürli ugurlary öňe sürýän, özara gapma-garşylyklary bar bolan döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy.
Dünýä syýasatynyň durnuklylaşdyryjy şertleriniň biri hökmünde Bitaraplyk derejesini peýdalanmak üçin şol döwürde oňyn şertleriň kemala gelendigine ynanýaryn. Şeýlelikde, birnäçe pursatlarda öz hyzmatdaşlarymyza kartanyň wajyp geosyýasy sebitinde Bitarap, parahatçylyk söýüji döwletiň emele gelmeginiň sebitara we halkara gatnaşyklaryň ösüşiniň möhüm şertini döretjekdigine ynandyrmak başartdy.
Ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikdäki durmuşynyň taryhy tejribesi Bitaraplyk derejesini saýlap almagyň möhüm şertini emele getirendigi gürrüňsizdir. Dürli döwürleriň bolandygyna garamazdan, onuň esasynda parahatçylyk söýüjilik, özara hormat goýmak, hemmelere deň derejede garamak, açyklyk bardyr.
Garaşsyzlygymyzy gazanmak bilen, biz bu düşünjäni daşary syýasatyň anyk ugruna öwürdik hem-de ony iş ýüzünde netijeli peýdalanmak üçin has amatly we bähbitli ugur bolan Bitaraplygy saýlap aldyk.
Biz ony oňyn Bitaraplyk diýip atlandyrmak bilen, halkara gatnaşyklarymyza ähmiýetli häsiýet we ugur berdik. Ähli döwletler bilen hoşniýetli hem-de deň derejedäki netijeli gatnaşyklara bolan gyzyklanmalarymyz onuň esasyny düzýär. Türkmenistan hemmelere dostlugy, hyzmatdaşlygy, deňhukukly gatnaşyklary teklip etmek bilen, Bitarap ýurt hökmünde olaryň içerki işine gatyşmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we bileleşiklere gatnaşmazlyk ýaly borçnamalary öz üstüne aldy.
Bu syýasata goldaw bermek ýörelgeleri halkara guramalarda kabul edilen we halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylan birnäçe Kararnamalarda hem-de beýleki çözgütlerde öz beýanyny tapdy. 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bizde buýsanç duýgusyny döredýär we dünýä bileleşigine bolan minnetdarlygymyzy şertlendirýär.
BMG-ä agza döwletleriň 34-siniň awtordaşlygynda kabul edilen bu wajyp resminama Bitaraplyk syýasatynyň häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde durýan wajyp meseleleriň çözgüdinde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar.
Şeýle hem 2020-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 47-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmeginiň meniň üçin uly hormatdygyny bellemek isleýärin.
Çärýek asyr bäri Türkmenistan bu ýörelgelere gyşarnyksyz eýerýär, parahatçylyk söýüjilik, deňeçer garaşsyz syýasaty yzygiderli alyp barýar. Öňi bilen, bize goňşy ýurtlar bilen oňyn gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak başartdy.
Köpasyrlyk tejribä, medeni hem-de ruhy ýakynlyga esaslanyp, biz hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmegi, goňşy ýaşaýan halklaryň we döwletleriň taryhy ykballarynyň bitewüligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardyk. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamak hem-de berkitmek, ykdysady, söwda hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik deňeçerligiň möhüm guraly hökmünde sebit howpsuzlygynyň baş şertini emele getirýär. Goňşy döwletler bilen bilelikde, BMG bilen ýygjam gatnaşyklary ösdürmek, jedelli ýagdaýlaryň öňüni almagyň guralyny döretmek, Merkezi Aziýada özara düşünişmek, ynanyşmak ugurlaryny tassyklamak boýunça iş alyp barýarys.
Bitarap Türkmenistanyň çägi sebitleýin gün tertibiniň çylşyrymly meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin kabul ederlikli ýer hökmünde birnäçe gezek saýlandy. Umuman, Bitaraplyk ýörelgeleri, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçilikleri, gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak, olaryň öňüni almak hem-de aradan aýyrmak we ony gepleşikler arkaly çözmek meselesinde özüniň netijeliligini görkezýär hem-de halkara diplomatik gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýär we ýokary derejede ykrar edilýär.
2007-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdi esasynda we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goldaw bermeginde ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Tejribäniň görkezişi ýaly, munuň özi öz wagtynda amala aşyrylan we öňdengörüjilikli ädime öwrüldi. Merkeziň işi dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, onuň işiniň jemlerine baha bermek bilen, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi öňüni alyş diplomatiýasynyň işiniň, Merkezi Aziýada dawalaryň irki döwürde öňüni almak wezipesiniň wajyp ähmiýete eýedigini birnäçe gezek belledi we bu düzümiň işine yzygiderli goldaw berdi.
2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamany kabul etdi. Oňa ähli yklymlara degişli döwletleriň 57-si awtordaş bolup çykyş etdi. Bu gezekki mejlisiň dowamynda türkmen tarapy Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini jemlemek hem-de herekete girizmek boýunça işleri dowam etdirer.
Şeýlelikde, ýurdumyz tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny hakynda Kararnamanyň täze taslamasy taýýarlanyldy. Oňa goşmaça has mazmunly ugurlar, hususan-da, Öňüni alyş akademiýasyny institusional taýdan resmileşdirmek we Merkezi Aziýa bilermenler forumynyň guralyny pugtalandyrmak hakynda goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň Bitaraplyk syýasatynyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda eýeleýän orny hem-de ähmiýeti hakynda Kararnamasynyň taslamasyny hödürledi.
Mundan başga-da, biziň başlangyjymyz boýunça halkara gatnaşyklaryň tejribesinde Bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek boýunça ulgamlaýyn iş üçin häzirki döwürde gepleşikler meýdançasy hökmünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredilýär. Oňa eýýäm 20-den gowrak döwlet girdi. Munuň özi häzirki şertlerde Bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýetine we geljegine düşünmek ugurlarynyň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, biziň pikirimizçe, Türkmenistanyň BMG-niň halkara meseleleri kadalaşdyrmakda Bitaraplyk ýörelgelerini netijeli ulanmak boýunça kadalar toplumynyň taýýarlanylmagy ähmiýetli we maksadalaýyk ädim bolup durýar. Şeýlelikde, olaryň ulanylmagynyň ähli halkara ýagdaýlara netijeli täsir etmäge we uly bähbit getirmäge ukyply boljakdygyna ynam bildirýärin.
Umuman, häzirki döwürde dartgynlylygy aradan aýyrmak, dünýäde durnuklylygy saklamak boýunça bilelikdäki tagallalaryň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda alnyp barylmagy döwletleriň, halkara edaralaryň we aň-bilim merkezleriniň, bu ugra jogapkärli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm ugruna öwrülmelidir.
Birek-birek bilen özara gatnaşyklarda ynanyşmagy hem-de hormat goýmagy dikeltmek, oňa gatnaşyjylaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini ykrar etmäge esaslanýan deňhukukly gatnaşyklary tassyk etmek zerur bolup durýar. Her ýurduň bu maksatlara ýetmekde önjeýli we ähmiýetli goşant goşmaga ukyplydygyna ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dünýä bileleşiginiň hoşniýetli erkine ynam bildirmek ýörelgelerine esaslanyp, 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda başlangyjy öňe sürdi.
Bu teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň goldawyna mynasyp boldy we geljek ýylda biz Aşgabatda dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm tapgyra öwrüljek, nukdaýnazarlary we çemeleşmeleri ýakynlaşdyrmagyň ýoluny gözlemekde oňyn netije berjek ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýäris.
                                        Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähli döwletler bilen dostlukly, netijeli we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklamakda, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, beýleki abraýly halkara guramalaryň işine gatnaşmakda, şeýle hem ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň has wajyp meselelerini çözmäge doly derejede gatnaşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döretmekde ähmiýetlidigini bellemek isleýärin.
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary energetika howpsuzlygy, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, ekologiýa, azyk üpjünçiligi, suw serişdelerine elýeterlilik, bosgunlaryň hukuklaryny goramak we ählumumy ösüşiň beýleki möhüm ugurlarynda aýratyn ähmiýetlidir hem-de uly abraýa eýedir.
Biz bu meselelere çemeleşmelerimizi döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli we aýdyň ýörelgeleriniň mümkinçiliklerini birleşdirmek zerurlygyndan ugur alyp döredýäris.
Tebigy gazyň ägirt uly dünýä gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdelerine adalatly hem-de deňhukukly elýeterliligiň üpjün edilmeginiň yzygiderli tarapdary bolup durýar. Ähli taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, ygtybarly we durnukly energiýa geçirijiler ulgamynyň döredilmegi şu maksada ýetmegiň esasy ýollarynyň biridir.
Biziň ýurdumyz BMG-niň çäklerinde energetika meselesi boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyň başyny başlamagy teklip etdi hem-de Baş Assambleýanyň goldawyna mynasyp bolan Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlady. Şol mejlisiň dowamynda biz «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürledik. Türkmenistanyň dünýäniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň ählumumy ykdysady ösüşiniň, adamlaryň abadançylygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň bähbidine gulluk etjekdigine pugta ynanýaryn.
Munuň üçin bolsa, meniň pikirimçe, energiýa serişdeleriniň birtaraplaýyn ülňüsinden el çekmeli, işe päsgel berýän bökdençlikleri aradan aýyrmaly, baha dolanyşygynyň umumy kabul ederlik derejesini üpjün etmeli. Türkmenistan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna bolan gatnaşyklar babatda hem şeýle garaýyşlary öňe sürýär. Ulag meselesi boýunça ählumumy başlangyç bilen BMG-niň derejesine çykmak arkaly biz bu wezipeleriň häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen berk baglanyşyklydygyndan ugur aldyk.
Halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. ХХI asyrda Milletler Bileleşiginiň möhüm wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen döwrebap ulag düzümini döretmek ýörelgeleri tutuş dünýäde millionlarça adamlaryň hyzmatyna, dünýäniň tebigy serişdeleriniň saklanylmagyna we artdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa adamzadyň häzirki döwürde alyp barýan işiniň halkara strategiýasy bolup durýar.
2016-njy ýylda Türkmenistan Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmegi öz üstüne aldy. Geljek ýylda bolsa Aşgabatda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem biz BMG-niň çäklerinde durnukly ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlyga çagyrýan Kararnamalaryň taslamalaryna goldaw bermek babatdaky tagallalarymyzy işjeňleşdirýäris.
Türkmenistan ekologiýa meselesine we howanyň üýtgemegine möhüm üns berýär. Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» sammiti, 7-nji Bütindünýä suw forumy ýaly ählumumy duşuşyklarda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki abraýly guramalaryň belent münberlerinden biziň ýurdumyz ykdysadyýetiň işi bilen daşky gurşawy goramagyň arasynda oýlanyşykly deňeçerligi gözlemäge we ony üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär.
Hususan-da, türkmen tarapy energetika pudagynda anyk ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny Hazaryň biodürlüligini saklamagyň zerurlygy bilen birleşdirmegiň möhümdigi, onuň çeýe ekologiýa derejesiniň bozulmagyna ýol bermezligiň wajypdygy hakynda garaýyşlaryny mälim etdi. Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bir bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly hem-de beýleki birnäçe teklipleri öňe sürdi.
Biziň ýurdumyz “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň taslamasynyň awtory bolup durýar hem-de ol Baş Assambleýanyň goldawyna mynasyp boldy we häzirki döwürde Aral heläkçiligini aradan aýyrmak, ykdysady we durmuş şertlerini, ilatyň ýaşaýyş hem-de saglyk derejesini gowulandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Elbetde, bu başlangyçlar köp babatda Türkmenistanyň ýerleşýän sebitine degişlidir. Şeýle ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň, ilkinji nobatda, geljek nesiller, biziň planetamyzyň ajaýyp keşbini saklamak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek hakyndaky alada bilen baglanyşyklydygyny hem-de dünýäniň beýleki künjekleri üçin hem bähbitlidigi bellärliklidir.
2016-njy ýylda howanyň üýtgemegi hakynda Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistan ählumumy ekologiýa gün tertibiniň çözülmegine mynasyp goşant goşdy we häzirki döwürde ýurdumyz bu ählumumy resminamanyň ýörelgelerine eýermek bilen, özüniň wajyp döwlet wezipelerini kesgitleýär. Munuň özi ony utgaşdyrmak boýunça halkara tagallalara netijeli goldaw bermekden ybaratdyr.
Bitaraplyk derejesi Türkmenistana halkara ynsanperwer işlere gatnaşmak, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek işine gatnaşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Migrasiýa boýunça halkara guramanyň agzasy bolmak bilen, ýurdumyz bu çylşyrymly ählumumy meseläniň çözülmegine mynasyp goşant goşýar.
2012-nji ýylda Aşgabatda “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly ilkinji halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda wajyp ylalaşyklar gazanyldy. Biz olary ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli iş alyp barýarys we indiki ýylda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen bilelikde, bu mowzuk boýunça ikinji halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýäris.
Bu ugurdaky milli tagallalar barada aýdylanda bolsa, diňe 2011-nji ýyldan häzirki döwre çenli 26 müňe golaý adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.
Owganystandaky ýagdaýlara bolan biziň çemeleşmelerimiz hakynda aýdaýyn. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan goňşy döwlete anyk ykdysady we ynsanperwer goldawy berip gelýär. Bu Owganystanyň çäklerinde lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurluşygy, ýeňillikli bahalarda energiýa serişdeleriniň ugradylmagy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan ýaşlaryna bilim berilmegi, dostlukly ýurda yzygiderli ynsanperwer kömegiň ugradylmagy we goldawyň beýleki görnüşleri ýaly ugurlarda öz beýanyny tapýar.
Bu işler Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu işleriň ýurdumyzda Owganystana ynsanperwer kömegi bermek boýunça ýörite taýýarlanylan maksatnama laýyklykda, yzygiderli alnyp baryljakdygyna we zerur goldawyň beriljekdigine owgan dostlarymyzy hem-de dünýä bileleşigini ynandyrýaryn.
Owgan tarapynyň gatnaşmagynda, ilkinji nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly durmuş taýdan möhüm ugurlarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady hem-de durmuş taýdan galkynmagynyň, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny öňe sürmek bilen, biziň ýurdumyz bu ugurda yzygiderli işleri alyp barýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, şeýle hem ýurdumyzy Owganystan bilen baglanyşdyrýan demir ýollary çekmek işleri alnyp barylýar.
Biz Owganystanyň, beýleki goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda has ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünde işlemegi dowam etmegi meýilleşdirýäris we halkara guramalar, öňi bilen bolsa, BMG bilen doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek işinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys.
Munuň syýasy tarapy barada aýdylanda, men Türkmenistanyň Bitarap döwlet hem-de gönüden-göni goňşy ýurt hökmünde Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly kadalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge hem-de zerur bolan ähli guramaçylyk şertlerini döretmäge taýýardygyny tassyklamak isleýärin. Bu meselede gepleşikleri geçirmegiň ýeke-täk serişdedigine ynanýaryn.
Şeýle hem häzirki wagtda tutuş dünýäniň sezewar bolan täze çynlakaý wehimi barada aýtman bilmerin. Koronawirus pandemiýasy onlarça million adamyň saglygyna zeper ýetirmeginden hem-de gynansak-da, köp sanly adamlaryň ömür tanapyny kesmeginden başga-da, halkara gatnaşyklardaky ulgamlaýyn meseleleri ýüze çykardy.
Ilkinji nobatda, bu howpa garşy göreşde diňe bir tehniki taýdan däl-de, tagallalary birleşdirmäge hem taýýarlygyň ýokdugy aýan boldy. Şunda ynamyň we syýasy erkiň ýeterlik derejede däldigini ýene-de bellemek gerek. Bu ýokanç kesel ýaýrap başlan badyna Türkmenistan öz anyk we üýtgewsiz garaýşyny beýan etdi: ähli döwletleriň jebisligini, raýdaşlygyny hem-de bu wehime garşy göreşde özara goldawy jemlemek zerurdyr.
Anyk çäreler barada aýdylanda bolsa ýurdumyz halkara ylmy diplomatiýanyň mümkinçiliklerini doly derejede herekete girizmek ugrunda çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki mejlisinde dürli ýurtlaryň lukmançylyk bileleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegine, bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň hem-de hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin maksatnamalarynyň höweslendirilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň birnäçesini teklip etdi. Türkmenistan 2021-nji ýylda Aşgabatda täze görnüşli ýokanç kesellere garşy göreş meseleleri boýunça Alym-lukmanlaryň halkara forumyny geçirmegi teklip edýär.
                                        Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Çykyşymy jemläp, häzirki wagtda Bitaraplyk ýörelgelerini Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly peýdalanmagyň mümkindigini, bu syýasatyň hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ýola goýmak işlerinde uly mümkinçiliklere eýedigini, Birleşen Milletler Guramasynyň binýat goýujy maksatlaryny hem-de strategiýalaryny durmuşa geçirmekde ähmiýetli orun eýeleýändigini bellemek isleýärin.
Biziň Bitaraplygymyzyň döredijilikli iş bolup, onuň täze taglymlar hem-de iş ýüzündäki tejribeler bilen baýlaşdyrylýandygy, üýtgäp durýan ýagdaýlara, ýüze çykýan wehimlere uýgunlaşýandygy onuň möhüm aýratynlygydyr. Emma onuň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ynsanperwerlik häsiýeti üýtgewsizligine galýar. Türkmenistan geljek ýyl özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellär. Biziň bu döwürde uly sepgitlere ýetendigimizi, kuwwatly ykdysadyýeti we durmuş ulgamy bolan, dünýä bileleşiginiň mynasyp hem-de abraýly agzasy hökmünde okgunly ösýän döwlete öwrülendigini bellemeli. Köp babatda bu üstünlikler yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatynyň netijesi boldy.
Hut şonuň üçin hem men Garaşsyzlyk we Bitaraplyk düşünjeleriniň türkmen halky üçin bitewi garaýyşlar bolup durýandygyny hemişe belleýärin. Olar biziň döwletliligimiziň iki daýanç sütünidir, Türkmenistan bu sütünlerde ynamly orun alyp, özüniň Ýer ýüzündäki köp sanly dostlary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.
                                        Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Çykyşymyň ahyrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan eden ýylynda ýene bir taryhy senäniň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljekdigini aýtmak isleýärin.
30 ýyl mundan ozal ýurduň ösüşiniň saýlanyp alnan, kesgitlenen syýasy, durmuş-ykdysady we daşary syýasat ugry parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar hem-de özüniň netijeliligini görkezdi.
Biziň kuwwatly, täzeçil ykdysadyýeti, ýokary durmuş derejeli halky we belent halkara abraýy bolan Garaşsyz, özygtyýarly Türkmenistany döretmegimiz esasy eýelän sepgidimizdir.
Biziň kuwwatly döwletimiz dünýäde tutuş adamzadyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine parahatçylyk söýüjilikli we dostana gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary eder.
Pursatdan peýdalanyp, siziň hemmäňizi ýetip gelýän 2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu ýyl bize rowaçlyk we bagt getirsin!