Milli Liderimiziň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň öň ýanynda teatryň artistleriniň joşgunly ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyşlar boldy, olarda dürli milletleriň wekilleriniň keşplerinde türkmen halkyny we onuň Liderini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby mejlise gatnaşyjylara gowşuryldy hem-de öňde durýan baýramçylyga ajaýyp sowgat boldy.
Taryhy maglumatlara esaslanýan düýpli eser döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň toplumynyň üstüni ýetirdi hem-de türkmen halkynyň geljegine garaýyşlaryny beýan etdi.
Kitapda halkara we milli derejede gol çekilen Bitaraplyk hukuk derejesine degişli esasy resminamalar getirilýär. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Garaşsyz döwletimiziň geljekki syýasy ösüşini kesgitledi. “Biz ony hemişelik Bitaraplyk hökmünde kabul etdik” diýip, kitabyň awtory Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylar bu neşiriň sahypalarynda Diýarymyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakalarynyň beýan edilýändigini hem-de onuň Bitaraplyk derejesinde ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýändigini nygtadylar.
Milli Liderimiz ylmy çemeleşme esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti baradaky garaýyşlaryny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, hemişelik bitaraplyk derejesi parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, özbaşdaklyga hormat goýmak, serhetleriň mizemezligi ýaly milli ýörelgeleriň ajaýyp sypatlaryny öz içine alýar. Bu halkara harby bileleşiklere hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk, dini ynançlara hormat goýmak, açyklyk, gepleşikler arkaly tutuş taryhyň dowamynda ýüze çykan has çylşyrymly meseleleri çözmäge taýýarlyk düşünjelerini-de özünde jemleýär.
“Biz bu ýoly, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden ugur alyp saýlap aldyk. Şonuň bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ähli doganlyk halklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutduk. Ähli halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge we belent hem-de ajaýyp işi durmuşa geçirmäge çalyşýandygymyzy beýan etmek isledik” diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň aýratyn uly ähmiýeti bellenildi. Kitabyň awtory anyk mysallarda Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ýola goýmaga kömek edýändigini görkezdi.
Alymlar “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabyň häzirki zaman taryhy ylmynyň, filosofiýanyň we syýasatşynaslyk ylmynyň ösüşine aýratyn uly goşant goşjakdygyny belläp, milli Liderimiziň eseriniň bu ugurlarda täze ylmy barlaglara itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň täze eserinde Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýurdumyzyň durmuş ugurly ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekdäki ähmiýeti beýan edilýär. Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň bagtyýar, parahat, abadan we asuda durmuşyny üpjün etdi.
Türkmenistanyň meşhur sungat ussatlarynyň çuňňur duýgulara beslenen çykyşlary Bitaraplyga hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna sena bolup ýaňlandy.
Çärä gatnaşyjylar “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” kitabynyň diňe bir taryh barada bolman, eýsem, onuň geljegi nazarlaýandygy barada bir pikire geldiler, çünki eseriň awtory döwletimiziň häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde hem-de ähli ýurtlaryň jebisleşmeginde Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini giňişleýin açyp görkezýär. Şeýlelikde, bu eser halklary geljekki abadançylygyň hatyrasyna birleşdirýän ynsanperwer ýörelgeleriň mizemez ähmiýetini okyjylara ýetirmäge gönükdirilendir. Täze kitap ýaş nesiller üçin pähim-parasadyň we bilimleriň möhüm çeşmesi bolup hyzmat eder we her bir türkmenistanlynyň ýankitabyna öwrüler.
Ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eserinden parçalar ýaňlandy. Bu ýere ýygnananlar mähriban Watanymyzyň şöhratly geçmişi, döredijilikli şu güni we nurana geljegi baradaky ajaýyp setirleri aýratyn joşgun bilen kabul etdiler.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Hoşallyk ýüzlenmesini kabul etdiler. Olar milli Liderimiziň adyna Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabyň neşir edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyza gyzyklanma bildirýän ýurtlar we halklar bilen alyp barýan parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli syýasaty üçin tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
                                        * * *
Şeýle hem şu gün Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri eseriň awtoryna Hoşallyk hatyny kabul edip, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda mähriban halkymyza şunuň ýaly ajaýyp sowgady üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.