“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap rus we gruzin dillerinde çapdan çykdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda çapdan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäniň dürli dillerine terjime edilip daşary döwletlerde-de hem giň meşhurlyga eýe boldy.
Ine, ýakynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň umumydünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy hakynda gürrüň berýän eseri barada hoş habar gelip gowuşdy.
Täze neşir “ARETI” kompaniýasynyň ýardam etmeginde çap edildi hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna neşir edildi.
Milli Liderimiziň täze kitabynda belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistanyň syýasaty adamzadyň asuda durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu baýramçylyk Oguz hanyň döwründen gözbaş alýan halkyň parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly ýörelgeleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýan waka hökmünde taryha girer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şu günden beýläk bu görnükli edebi şahsyýetler bilen russiýaly okyjylar hem tanşyp bilerler. Öwrediş hem-de terbiýe beriş ähmiýetine eýe bolan kitap, aýratyn-da, ýaşlar üçin uly ähmiýete eýe bolup, biziň geljegimize, halklarymyzy ýakynlaşdyrýan hoşniýetli arzuw-isleglerimize, baý medeni mirasymyzyň aýawly saklanylmagyna ýardam eder. Olar umumadamzat gymmatlygyna uly goşant goşdular.
Täze neşiriň çap edilmegi ýylsaýyn berkeýän türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, Türkmenistanyň Baştutanyna bolan uly hormatyň, döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren uly hyzmatlarynyň subutnamasy bolup durýar.
Soňky ýyllarda halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny we özara düşünişmegini berkitmäge ýardam edýän ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklar ösdürilýär, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ýurtlarymyzyň halklarynyň gatnaşyklary giňeldilýär.
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap many-mazmuny boýunça döwlet Baştutanymyzyň ylmy we edebi işleri, maddy däl gymmatlyklary öwrenmek we wagyz etmek boýunça alyp barýan işleriniň aýdyň mysaly bolup durýar.
Mähriban halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan asylly ruhy ýörelgelerini düýpli öwrenip, biziň günlerimize gelip ýeten taryhy maglumatlary seljerip, olary öz täze işinde bir ulgama saldy.
Jemgyýeti ösdürmekde sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhümdigine, zähmetsöýerlik, paýhaslylyk, başy başlanan işi üstünlikli tamamlamak ýaly işleri ösdürmekde ylym we bilim ulgamlarynyň ähmiýetine uly üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli mirasymyz tutuş adamzadyň durmuş tejribesi bilen aýrylmaz baglydyr. Şeýlelikde, mähriban halkymyzyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan umumadamzat gymmatlyklary türkmeniň däplerinde öz beýanyny tapyp, şol häsiýetlere asyllylyk, myhmansöýerlik, dostluk we doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik we jebislik degişlidir.
Ýokary çap ediş usulynda neşir edilen kitap dürli reňkli suratlar bilen bezelip, şol sanda resmi senenamalar bilen beýan edilip, okyjylaryň giň topary üçin niýetlenendir. Bu eser jemgyýetiň baýlygyna öwrülip, rus dilli ilat üçin uly ähmiýete eýe bolar.
Milli Liderimiziň rus dilinde çap edilen eseri — bu mizemez dostluk we özara düşünişmek, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ruhy-medeni gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge bolan islegiň alamatydyr.
                                        * * *
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gruzin dilinde çap edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda guraldy. Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan çärä Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler milli Liderimiziň eseriniň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garaýan türkmeniň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga we dünýä ýaýmaga ýardam etjekdigine ynamlaryny beýan etdiler.
Milli Liderimiziň eseriniň hytaý we ýapon dillerine terjime edilmegi, dünýä halklarynyň türkmeniň taryhyna, däp-dessurlaryna hem-de maddy däl baý mirasyna gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Kitabyň gruzin dilinde çap edilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Okyjylaryň türkmen halkynyň medeniýeti, onuň ruhy dünýäsi, filosofiýasy, özboluşly aýratynlygy, ahlak gymmatlyklary barada düşünjesiniň giňelmegine ajaýyp mümkinçilik bolup durýar. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine we ösdürilmegine hyzmat eder.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatyny kabul edip, onda milli Liderimize mähriban halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak we goramak, raýatlarymyzyň abadançylygy hem-de Watanymyzyň rowaçlygy hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.