Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary

BALKANABAT, 4-nji dekabr (TDH). Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň ýaşaýjylary ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde birbada dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň açylyş dabarasy boldy. Dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köp sanly şäher ilaty gatnaşdy.
Birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan, Şweýsariýa, Italiýa, Hytaý, Türkiýe, Belarus, Gazagystan, Özbegistan we beýleki ýurtlarda üstünlikli çykyş eden “Dehistan” folklor-entografiýa toparynyň çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Artistleriň ýerine ýetiren özboluşly çykyşlary şowhunly tanslar bilen utgaşyp, milli äheňleriň baýramçylyga mahsus häzirki zaman derejesini aýan etdi.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, halkymyzyň ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny esasy wezipe edinýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Adam hakyndaky alada möhüm orun berlen özgertmeler, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän giň möçberli işler üçin milli Liderimize hoşallyk sözleri beýan edildi.
Balkanabat giň hem-de nurana köçeleri, ajaýyp seýilgähleri bilen barha gözelleşýän we abadanlaşdyrylan gözel şäherleriň hatarynda ornuny berkidýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň maksatnamasy amala aşyrylýar. Lebap welaýatynyň gurluşykçylarynyň gatnaşmagynda welaýat merkeziniň demirgazyk-günbatarynda emele gelen täze ýaşaýyş toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda noýabr aýynyň aýagynda açylan metjidiň bardygyny bellemeli. Uly Balkan dagynyň eteginde ýerleşen künjekde bolsa kaşaň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Şu gün bolsa bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilen dört gatly 32 jaýyň 6-sy ulanylmaga berildi. Bu ýerde esasy işleri Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň önümçilik bölümleri ýerine ýetirdiler.
Täze toplumyň ýaşaýyş jaýlarynda ýokary derejeli amatlylygy üpjün edýän ähli şertler döredildi. Şolaryň her birinde iki, üç we dört otagly öýleriň 36-sy bar. Öýleriň meýdançasy, degişlilikde, 79, 101 we 119 inedördül metre barabardyr. Giň hem-de ýagty otaglaryň ýerleşdirilişi gowulandyrylyp, aşhanalar we eýwanlar ajaýyp mebeller bilen üpjün edildi.
Geljekde täze ýaşaýyş toplumynda mekdep, çagalar bagy, saglyk hem-de söwda merkezleri, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen meýdançalar we durmuş düzümine degişli beýleki desgalar bina ediler.
Bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.