Türkmenistan — ÝUNESKO: ynsanperwer gatnaşyklar we medeni diplomatiýa

Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirildi
AŞGABAT, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly “Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty hem-de Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan forum Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Bitaraplygyň ähmiýetini beýan etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) doly ygtyýarly agzasy bolup durýar. BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary aýawly saklamak boýunça halkara işinde möhüm orun eýeleýär, ählumumy gymmatlyklary we her bir halkyň gymmatlygyna hormat-sarpa goýmaga esaslanan açyk gatnaşyklary üçin şertleri döretmegiň üstünde işleýär.
Halkara maslahatyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Şol ýerde Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen ylym we bilim, medeniýet hem-de mirasy aýawly saklamak ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ugurlaryny görkezýän sergi hem guraldy.
Sergide alymlaryň ylmy işleri, arheologik tapyndylar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, şol sanda Adamzadyň medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halylary, şeýle hem bu abraýly sanawa girizmäge hödürlenen desgalar şekillendirilen gymmatlyklar görkezildi.
Serginiň aýratyn bölüminde gadymy gündogar golýazmalarynyň terjimeleri hem-de Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işleri hödürlenildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesine gabatlanylyp çap edilen täze kitaplaryň 25-si bar.
Ylmy maslahatyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda görkezilen wideorolik Türkmenistanyň Bitaraplyk ösüş ýyllarynda ylym hem-de ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlandy.
Halkara forum ÝUNESKO-nyň wekillerini, görnükli alymlary – dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan taryhçylary we arheologlary, iri ylmy merkezleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, dilçileri we terjimeçileri birleşdirdi.
Maslahatyň ähmiýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýratyn nygtaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, biziň Bitaraplyk syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekdir.
“Türkmenistanda bu gurama bilen ýokary derejeli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, hyzmatdaşlygyň häzirki zaman täze ugurlaryny kesgitlemek babatda geçirilýän çäreler halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň kepili bolup durýar” diýip, döwlet Baştutanymyzyň iberen Gutlagynda nygtalýar.
Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guralýan bu halkara ylmy maslahatyň dünýä halklary bilen ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, türkmen medeniýetini hem-de sungatyny dünýäde wagyz etmäge, parahatçylygyň we medeni diplomatiýanyň pugtalandyrylmagyny üpjün etmäge uly itergi berer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Umumy mejlisde ÝUNESKO-nyň sebit wekili, şeýle hem Fransiýanyň, Saud Arabystanynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Ukrainanyň alymlary çykyş etdiler.
Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň, durmuş-ykdysady we ruhy taýdan okgunly ösüşiniň kepiline öwrülip, ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň garaşsyz subýekti hökmünde milli bähbitleri amala aşyrmagyň netijeli ýoluny tapmaga mümkinçilik berdi diýip, çykyş edenler bellediler. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, sebitiň hem-de dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda anyk mysallar arkaly Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklary giňeltmäge hem ýardam edendigi bellenildi.
Ýygnananlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhy bilen tanyşdyryldy. Bilelikdäki iş bilen baglylykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk konsepsiýasyny iş ýüzünde ulanmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýasyna goşulmagynyň bu ugurda anyk ädim bolandygy bellenildi. Biziň ýurdumyz dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesiller üçin saklamak boýunça giň gerimli işleri yzygiderli amala aşyrýar.
Ýokarda agzalan Konwensiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde, Türkmenistanyň çäklerindäki ýadygärlikleriň arasyndan täsin desgalaryň birnäçesi saýlanyp alyndy. Soňra olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna goşuldy.
Şolaryň hatarynda — Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý galasy bar. Öz nobatynda, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Görogly” dessançylyk sungaty we “Küştdepdi” tansy hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty girizildi.
Aýry-aýry çykyşlar gadymy golýazmalaryň, ýadygärlik derejesine eýe bolan şäherleriň umumy medeni ähmiýetine, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän, bürünç asyryna degişli Ulugdepe oturymly ýere, şeýle hem XX asyryň başynda demir ýollaryň ugrunda ýerleşen türkmen şäherlerine bagyşlandy.
Foruma gatnaşyjylar ata-babalarymyzyň baý ruhy mirasyny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde, ýurdumyzda milli medeniýetiň gülläp ösmegine, ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegine ýardam edýän amatly içerki syýasy ýagdaýy berkarar etmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny biragyzdan ykrar etdiler.
Maslahatyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy we onuň taryhy kökleri”, “ÝUNESKO we türkmen halkynyň medeni mirasy”, “Gadymy türkmen şäherleri we olaryň syýasy-ykdysady durmuşy” atly bölümleriniň mejlisleri Ylymlar akademiýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň maslahatlar zallarynda geçirildi.
Halkara ylmy alyşmalar, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl döredilen ÝUNESKO-nyň Işleri boýunça milli toparyň ähmiýeti bellenildi.
Toparyň 2-nji noýabrda bolan birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyna hem-de ýurdumyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek barada öňe sürýän tekliplerine garaldy.
Şolaryň hatarynda ahalteke atçylygy, alabaý tohum itlerini ýetişdirmek hem-de türkmen medeniýetiniň aýdyň nusgasy bolan dutar bilen baglanyşykly täsin milli mekdepleriň üçüsi bar. Şunda bu täsin saz guralyny ýasamagyň sungatyna hem-de ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyna aýratyn üns berilýär.
Bellenilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynda, Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy türkmen şäherleriniň arasynda ýerleşen ýadygärlikleri toplumlaýyn sanawa girizmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleriň göz öňünde tutulandygyny aýtdylar. Şolaryň hatarynda geljek ýylda ÝUNESKO-niň Baş direktory Odri Azulaýyň Türkmenistana resmi saparyny guramak, “Dizaýn” döredijilik ulgamynda Aşgabady hem-de “Senetler we halk döredijiligi” ulgamynda Türkmenabady, geljekde bolsa “Edebiýat” ulgamynda Mary şäherini ÝUNESKO-nyň täsin şäherleriniň ählumumy ulgamyna girizmäge taýýarlyk görmek çäreleri bar.
Taryhy şäherleriň ösüşinde ÝUNESKO-nyň standartlaryny okatmak üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa fakultetinde ýörite okuw sapaklaryny açmagyň meýilleşdirilmegi ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.
Şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bu guramanyň kafedralaryny döretmek, geljekde bolsa ýurdumyzyň orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň halkara ulgamyna goşmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, medeniýet, bilim, ylym, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýene-de köp sanly taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň “Dutar ýasamak ussatlygy we aýdym aýtmak bilen birlikde ýerine ýetirijilik saz sungaty” teklibini ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna 2021-nji ýylyň ahyrynda girizmek meýilleşdirilýär. Şonda Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň mejlisi geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamak, dünýä ýaýmak, döwletimiz bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarymyz halkara jemgyýetçiligiň gyzgyn goldawyna eýe boldy”.
Çykyşlarda ýurdumyzyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny goramaga, açyk hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de ynanyşmak ýagdaýyny berkarar etmäge ygrarlydygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça BMG tarapyndan ýetip gelýän 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysynyň bardygy bellenildi. Bularyň ählisi tutuş dünýäde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmagyň bähbidine biziň medeniýetimiziň hem-de ylmy diplomatiýamyzyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
“Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara onlaýn ylmy maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize şu möhüm forumy üstünlikli geçirmäge beren goldawy, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny goramak, öwrenmek we tutuş dünýäde wagyz etmek meselelerine berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.