Nebitgaz toplumy: milli ykdysadyýetiň möhüm ugry

Halkara serginiň üçünji güni
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara serginiň üçünji gününde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, şeýle-de toplumyň işini kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler sergi diwarlyklarynyň, wideoşekilleriň üsti bilen görkezildi. Bu ýere ýygnananlara hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan taryhy işlerden söz açýan wideofilm görkezildi.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nebitgaz ulgamynda iri möçberli maýa goýum taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşen täze, döwrebap toplumlary gurmak, täze känleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegi güýçlendirmek, şeýle hem bu işlerde ulanylýan sanly tehnologiýalaryň gerimini, hususan-da, 3D-modelirlemek usullaryny ulanmak arkaly giňeltmek ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir.
«Türkmengaz» döwlet konserni TOPH taslamasynyň türkmen böleginiň gurluşygyny ýokary depginde alyp barýar. Owganystanyň, Pakistanyň çäklerinde deslapky taslama işleri hem-de gaz geçirijiniň taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy doly tamamlandy, taslamanyň daşky gurşawa täsirine baha bermek boýunça işler ýerine ýetirildi.
Merkezi Garagumda gaz kondensat känler toparyna hyzmat edýän «Zäkli Derweze» gaz arassalaýjy desgalarda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desganyň gurluşygyna başlandy. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan Singapuryň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan bu taslamany 2022-nji ýylda tamamlamak maksat edinilýär.
Nebitgaz senagatynda kuwwatly kärhanalaryň biri hem ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr. Halkara sergide biz bu toplumyň durmuş-medeni hyzmat bölüminiň inženeri Rejepgeldi Hojageldiýew bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:
— Şu ýyl ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolanyna 25 ýyl dolýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda nebitgaz toplumynda hem bu baýram zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýar.
Milli ykdysadyýetimiziň ösmegine saldamly goşant goşýan zawodlar toplumymyzy döwrebaplaşdyrmakda daşary ýurt kompaniýalaryny çekmäge amatly şertleriň döredilmegi täze, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, toplumyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
 Biz geljekde hem toplumda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmekde yhlasymyzy, ukyp-başarnygymyzy gaýgyrmarys.
Eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! — diýip, gürrüň berdi.
— «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologlary döwlet tarapyndan berilýän goldawyň esasynda, ýurduň ýerasty gurluşyny we onuň baýlyklaryny öwrenmekde, mineral çig mal binýadyny döretmekde we ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň häzirki mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy hereket edýän senagat kärhanalarynyň uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlanmagyny üpjün edýär — diýip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmengeologiýa» gözleg ekspedisiýasynyň tehniki geology Serdar Nursahatow sergide gürrüň berdi.
Halkara serginiň üçünji gününde ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işler, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dogrusynda «tegelek stoluň» başynda geçirilen maslahatyň dowamynda ýurdumyz bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýan dünýä belli kompaniýalaryň hünärmenleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk hem geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň wise-prezidenti Adif Zulkifli öz çykyşynda:
— Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesini 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda aldy. Şondan birnäçe aý soň bolsa, Bitarap döwlet hökmünde özüniň ilkinji halkara şertnamasyny baglaşdy. Şol döwürden bäri, Gyýanlyda we birinji blokda nebitgaz ýatagyny özleşdirmek we gazyp almak işleri boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýär. Kompaniýamyzda ýedi ýüzden gowrak adam zähmet çekýär. Olaryň 92 göterimi ýerli raýatlardyr. Kompaniýamyz tarapyndan amal edilýän okuw maksatnamasy boýunça, 2005-nji ýyldan bäri 162 talyp Petronas tehnologiki uniwersitetine, 205 adam bolsa insdep talyp howandarlygyna mynasyp boldy. Türkmenistan bilen şeýle gatnaşyklarymyza örän uly hormat goýýarys we geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdireris — diýdi.