BMG-de sözlär Ogly Türkmeniň

(Bitaraplyk ýörelgämiziň dünýä üçin oňyn täsirleri hakynda)
«Sen, žurnalist, gezip jümle-jahany,
Gazete nä habar getirdiň hany?».

Bu setirler italýan şahyry Janni Rodariniň «Žurnalist» atly goşgusyndan. Ony söýgüli şahyrymyz Kerim Gurbannepesow türkmen diline terjime edipdir. Goşguda žurnalist kän ýerleri gezendigini, emma birje habary getirenini, onuň hem dünýädäki iň gowy habardygyny aýdýar. Ol gowy habardan habar almankak, bu sowal ýaş žurnalist hökmünde maňa beriläýse, söýgüli gazetimize iň gowy makalany getirdim diýib-ä öwünip bilmen, ýöne iň gowy temadan söz açýan makalalaryň biridigini aýdyp bilerin. Indi bolsa ýaňky goşgynyň jemlemesine ýüzleneýin:
«Şondan gowy habar
Ýokdur dünýäde.
Şony ilki bilen
Berjek gazete.
Düşnükli hem iri bolsun
                                     harplary,

«URUŞ ISLEMEÝÄR
               DÜNÝÄ HALKLARY».
Bu gün biziň söz açýan temamyz türkmen Bitaraplygy bolsa, diňe bir baş harplar bilen däl, altyn harplar bilen, özem bu diňe gazete ýa žurnala däl, taryha ýazylan şanly waka. Şu pursat otagymyň diwaryny tutup duran dünýäniň syýasy kartasyna nazar aýlaýaryn. Ýer ýüzünde ykdysady taýdan kuwwatly, ösen, men-men diýen ençeme döwlet bar. Şeýledigine garamazdan, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna eýe bolan ýeke-täk Bitarap döwlet biziň ýurdumyz. Ýer şarynda milliardlap ynsan ýaşaýar. Emma biz Bitaraplygyň hözirini görüp ýaşaýan millionlardandyrys. Parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk — bular biziň Bitaraplyk syýasatymyzyň esas goýujy düzgünleri. Şonuň üçin Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir halkymyzyň asudalygyna, parahatlygyna däl, eýsem, dünýä ýurtlary üçin hem bizden jinnek ýaly zyýan gelmejegine kepillik bolup durýar. Şonuň üçin diňe bir ýurdumyzyň raýatlary — millionlar däl, sebitiň ýurtlary, dünýä halklary — milliardlar hem biz tarapdan arkaýyn.
Biz üçin syýasy jähetden demirgazyk, gündogar, günbatar, günorta — ählisi bir, ählisi deň... Sebäbi biz dünýe bilen bir, bitewi. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesine biparhlyk düşünjesi ýat.
Türkmenistan döwletimiz dünýäni tolgundyrýan ähli meselelere ilkinjileriň hatarynda seslenýär, olary parahatçylykly ýollar bilen çözmegi ündeýär. Aslynda, Bitaraplyk diýlende, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde çykyş edip duran pursady göz öňümde janlanýar. Sebäbi ýetilen belent sepgitler, adamzat bähbitli başlangyçlar öz gözbaşyny şol belent münberdäki edilen taryhy çykyşlardan gözbaş alyp gaýdýar. Akyldar şahyrymyzyň: «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» diýen setirleri bu gün: «BMG-de sözlär Ogly Türkmeniň» diýen görnüşde zybanyma gelýär. Çünki halkymyzyň beýik Ogly, adyl Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden dünýäniň ýüreginiň dilinde, dünýäniň Ogly bolup sözleýär. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň sözleri ýüreklerde orun alyp, Türkmenistanyň adyndan öňe sürýän teklipleri, başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem gyzgyn goldaw bilen garşylanýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem muňa bir mysaldyr. Bu biziň Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki belent abraýyna şaýatlyk edýär. Abraý diýilýän düşünje bolsa, halkymyzda «çemçeläp gazanylýan» dereje, mertebe. Ony saklamagy başarmasaň, «çanaklap dökülýär». Biziň ýaş Türkmenistan döwletimiz dünýä giňişliginde diňe bir abraýyny saklamagy däl, eýsem, ony aňryýany bilen haklamagy, artdyrmagy başardy. Döwletimiz geçen ýolunda öz saýlap alan ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý edip, oňa ygrarlydygynyň dünýä derejesinde ykraryny gazandy. Şonuň üçin hem taryhda öň görlüp-eşidilmedik waka bolup, Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda 193 döwlet tarapyndan gaýtadan ykrar edildi.
Şu pursat taryhdan bir mysala ýüzlenesim gelýär. Orta Aziýa syýahata gelen Wamberi: «Türkmen halky islendik jedelli mesele ýüze çykanda, şol mesele boýunça Magtymgulynyň goşgusyndan delil tapsalar, hemmeler ikirjiňlenmezden ony çözgüt hökmünde kabul edipdir» diýip ýazýar. Bu gün türkmen Bitaraplygynyň hem sebit, hem dünýä derejesinde şeýle abraýy bar. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň biziň ýurdumyzda açylmagyny, Türkmenistanyň ylalaşdyryjy merkez hökmünde meseleleri parahatçylykly ýollar bilen çözmekde, dawalaryň öňüni almakda uly paýynyň bolmagyny türkmen Bitaraplygynyň gazananlary diýip aýtmak bolar. «Daş bilen urany aş bilen urmak», «Ýamanlyga ýagşylygy är kişilik bilmek» halkymyzyň terbiýesinde, görüm-göreldesinde bar. Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimiz, «Açyk gapylar» syýasatymyz hem myhmany «Gelen döwlet» diýip garşylaýan halkymyzyň edähedine, edebine laýyk gelýär. Bu günki gün Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar. 149 döwlet diýmek — bu dünýäniň syýasy kartasynyň agramly bölegi diýmek. Bu bolsa «Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň, ýok gardaş» diýlen paýhasyň many-mazmunyndan gelip çykýar.
«Türkmen Bitaraplygy, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy berkitmek, ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmek, ähli halklaryň arasynda özara düşünişmegi ýola goýmak üçin ygtybarly kepildir. Diýmek, türkmen Bitaraplygy Ýer ýüzündäki ýurtlaryň her bir ýaşaýjysyna parahatçylyk we bagt getirýär» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň bu sözlerini ikelläp goldaýarys. Bitaraplygyň türkmen nusgasynda diline, dinine, milletine garamazdan, dünýäniň ähli adamlary hakda alada bar. Ýadyňyzda bolsa, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde sözlän sözünde dünýäde garyplygy aradan aýyrmak, açlyga garşy göreş alyp barmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň iýmit ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ähli ýurtlaryň bilelikdäki hereketiniň möhümdigini nygtap, ähli döwletleriň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary, Azyk we Oba hojalyk guramasy, Bütindünýä azyk guramasy ýaly edaralar bilen sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hemmetaraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilimi üpjün etmek, gender deňligi, ekologiýa howpsuzlygy ýaly dünýä möçberli meseleler üçin Türkmenistan diňe bir teklipleri däl, eýsem, olaryň çözgütlerini orta atýar, ara maý salman, tizden-tiz durmuşa ornaşdyrmaga girişýär. Türkmen Bitaraplygynda teklip, çözgüt, hereket sazlaşýar. Biziň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», Bitaraplygyň türkmen nusgasy bolsa, adamzat üçin! Mahlasy, türkmen Bitaraplygy hemmetaraplaýyn bähbitli.
Türkmen Bitaraplygy «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygary bilen hemmämizi dünýä atly öýüň üçeginiň astynda, bir maksadyň başynda jebisleşdirýär.
«...Umumy öý bolsa, onuň ýagdaýy, abadançylygy we howpsuzlygy biziň umumy jogapkärçiligimizdir. Uly jaýyň bir ýerinde ýangyn bolsa, adamlar bu ýagdaýyň olara dahyly ýok ýaly özleriniň öýleriniň gapysyny ýapyp oturyp bilmez. Bir ýerde diwar jaýrylsa, «ol meniň işim däl» diýip bilmez. Jaýyň düýbi çökse, onda näme gaçyp gidäýmek galýarmy? Ýöne biziň gaçyp gidere ýerimiz ýok. Umumadamzat derejesinde «hususy» halas boluş pikiri ýol almaýar. ...Şoňa görä-de, her kim ýekelikde halas boljak bolmaly däl-de, ählimiz jem bolup, tutuş jaýymyzy halas etmeli. Ony tertipli saklamaly, berkitmeli we goramaly, bilelikde abatlaşdyrmaly, ol hemmeler üçin amatly we ýagty bolar ýaly etmeli. Munuň üçin biz özümiziň bir uly maşgaladygymyza düşünmeli» diýýär Gahryman Arkadagymyz. Şonuň üçin hem Türkmenistan Ýer ýüzünde durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda BMG-niň işine saldamly goşant goşýar. Mahlasy, biziň Bitaraplyk ýörelgämiz bütin dünýä oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşasyn dost-doganlyk! Ýaşasyn parahatçylyk! Ýaşasyn türkmen Lideri! Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!
Gülnabat BEGENJOWA,
«Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň edebi işgäri.