Baýramçylyk sergisi — ösüşlerimiziň beýany

1-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergi açyldy
Hormatly Prezidentimiz: «Hemişelik Bitaraplygyň şöhratly 25 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetildi» diýip, örän jaýdar belleýär. Dogrudanam, Bitaraplyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hut şoňa görä-de, 12 gün dowam etjek, dürli işewürlik çärelerini öz içine aljak wideomaslahat görnüşinde geçirilýän baýramçylyk sergisi möhüm ähmiýete eýedir.
Aýratyn bellemeli zat, ýurdumyzyň gazananlaryny hem-de halk hojalyk toplumyny ösdürmekde döwrebap meýilleri öz içine alan foruma ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 37-si, teleýaýlymlaryň 6-sy, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.
Dabarada milli Liderimiziň Gutlagy oňa gatnaşyjylar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi. Köp pudaklaýyn sergi türkmenistanlylaryň öz Garaşsyz, Bitarap Watanyna bolan watançylyk duýgularynyň tutuş çuňlugynyň beýanyna öwrüldi. Forumyň açylyşynyň öň ýanynda guralan paýtagtymyzyň aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary onuň döredijilik beýanyna öwrüldi.
Bu serginiň tapawutly aýratynlygy sanly tehnologiýalaryň doly ulanylýandygydyr. Sergi merkeziniň meýdançasynda döwlet we hususy düzümleriň, şol sanda her pudagyň gazananlaryny, mümkinçiliklerini wideogörnüşde tanyşdyrýan ministrlikleriň, dolandyryş edaralarynyň, iri kärhanalaryň diwarlyklary ýerleşdirildi. Her bir diwarlygyň özboluşly bezelendigini bellemek gerek. Görkezilýän wideofilmler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasatyň üstünlikleri hakynda gürrüň berýär.
Forumyň ilkinji güni üns merkezinde — söwda toplumy we telekeçilik bolup, bu ulgamlara döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň esasy hereketlendirijileriniň biri hökmünde aýratyn üns berýär. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, onuň garamagyndaky kärhanalaryň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň diwarlyklarynda görkezilýän wideorolikler önümleriň hem-de hödürlenilýän hyzmatlaryň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýar.
Serginiň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň uly zalynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ygtybarly binýady» atly maslahat geçirildi. Edilen çykyşlarda dürli meseleler gozgaldy. Soňra sergi zalynyň ýörite meýdançasynda «ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýän türkmen halysy milli guwanjymyzdyr» atly tanyşdyrylyş çäresi boldy. Çäre «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan guraldy. Tanyşdyrylyş çäresiniň maksady baý taryhy bolan, däbe öwrülen türkmen halyçylyk sungatyna ýene-de bir gezek üns bermekden ybarat boldy. Dokma senagaty ministrligi hem-de TSTB, şeýle hem «Asman» we «Mähirli zenan» modalar öýleri bilelikde täze tikin önümleriniň görkezilişini guradylar.
Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler zalynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly «tegelek stol» görnüşinde maslahat geçirildi. Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, syýahatçylyk ulgamyna işewürleriň işjeň çekilmegi syýahatçylyk hyzmatlarynyň eksportynyň artmagyna ýardam edip, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge kuwwatly itergi berer.
Forumyň birinji gününiň çäreler tapgyry TSTB-niň agzalarynyň önümleriniň we täze taslamalarynyň mahabat-tanyşdyryş çäresi bilen tamamlandy. Birnäçe ylalaşyklara gol çekilmegi bu çäräniň jemlenmesine öwrüldi.